Baş maksat — milli ykdysadyýetimizi ösdürmek

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň uludan toýlanan şanly 30 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda şanly waka öwrülen umumyhalk maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, onda milli ykdysadyýetimizi geljekde hem ösdürmegiň ugurlary we öňde duran wezipeler anyk kesgitlenildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileýi uludan bellendi. Iň täze taryhymyz bolan geçen 30 ýyllyk döwürde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn özgertmeler amala aşyryldy. Bu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysady özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy bolan, esasy zat bolsa, adam maýasy bilen ýokary derejede üpjün edilen milli ykdysadyýetiň döredilendigini häzir biz ynamly aýdyp bileris» diýip, aýratyn nygtady. Degişli ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetine 200 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak möçberde iri maýa goýumlar goýuldy. Olaryň 60 göterimden hem köpüsi bolsa senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. Häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda iň kämil tehnologiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna düýpli ornaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. Munuň özi önümçilik hem-de eksport kuwwatlyklarymyzyň has-da artmagyna, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyna itergi berýär. Muňa ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň hem-de «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan «B+durnukly» derejäniň berilmegi doly güwä geçýär.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen bagly işler häzirki döwürde hem netijeli dowam edýär. Bu ugurda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda milli Liderimiz halk hojalygyny ösdürmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmekligiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda baş maksat hökmünde kesgitlenendigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Bagtygül ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/42135