Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary

Balkan welaýaty, 13-nji iýun (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň günbatar sebitine iş saparyny amala aşyryp, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de galla oragynyň depgini bilen tanyşdy. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň Balkan welaýatynda hem oba hojalygy pudagynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şol özgertmeler bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunda oba zähmetkeşleriniň netijeli işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilýär. Daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

 Ir bilen hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyna tarap ugur aldy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. 

                                                                   

Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Gyzylarbat etrabyndaky “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň bugdaý meýdanynyň ýanyna gondy. 

                                                                   

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow we Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew mähirli garşyladylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen, gözüňi dokundyrýan bugdaý başlarynyň tolkun atýan meýdanlaryny, şeýle hem galla oragyna girişmek üçin bu ýerde hatara düzülen kombaýnlary synlady. 

                                                                   

Ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar, olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär. 

                                                                   

Bulardan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere dünýäde meşhur kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarydyr gurallaryny, önümçilik kärhanalary üçin döwrebap enjamlary satyn almaklary hem-de önümçilige öňdebaryjy tejribeleri we tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Oba hojalygynda iş alyp barýan hususy önüm öndürijiler üçin amatly şertleri döretmäge we olary maliýe taýdan goldamaga hem uly ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Obasenagat toplumyndaky özgertmeler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalary edýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de halkymyzyň we her bir maşgalanyň abadançylygy ýokarlandyrylýar. 

 Şu ýyl Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna ak bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine berýän goldawy netijesinde, galla oragy möwsüminde “John Deere” we “Сlaas” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy kombaýnlary netijeli ulanylýar. Bu tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär. 

                                                                   

Soňra bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanynyň daýhany G.Amanmyradow bilen söhbetdeş boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz daýhanyň iş şertleri, maşgala ýagdaýy we kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşi hem-de galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Zähmetsöýer gallaçy topraga yhlas edip öndürijilikli zähmet çekmek, ýerden bol hasyl almak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur goldawlaryň berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol 23 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, şu ýyl 25 gektar meýdandan 112,5 tonna bugdaý hasylyny almagy meýilleşdirýändigini aýtdy.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kärendeçileri zerur dökün, ýokary hilli tohum bilen üpjün edýändigini, olaryň netijeli zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertleri döredýändigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, bu asylly işe jogapkärli çemeleşmegiň türkmenleriň öňden gelýän ekerançylyk däbidigi bellenildi. Munuň özi ösüp gelýän nesli terbiýelemekde möhüm orun eýeleýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşant goşýan daýhanlaryň iş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy, pudaga täzeçil tehnologiýalaryň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, iň esasysy bolsa, daýhan zähmetiniň höweslendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň elmydama gözegçilikde saklanjakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz daýhana alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna minnetdarlygyň nyşany hökmünde oňa sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Öz nobatynda, ekerançy G.Amanmyradow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ekerançylyk meýdanlaryny netijeli peýdalanmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmak, öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän şertleriň daýhanlary zähmet ýeňişlerine, täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen belledi. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça “Bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen birkemsiz hasyl toplan bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi hem-de bol hasyl öndürmegi arzuw etdi. 

                                                                   

Şu pursatda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda netijeli işledilýän kuwwatly “John Deere” hem-de “CLAAS” kysymly tehnikalary ussatlyk bilen dolandyrýan mehanizatorlar bereketli hasylyň oragyna girişmäge taýýar bolup durýar. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Balkan welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory S.Ödäýew bilen gürrüňdeş bolup, onuň iş şertleri we tejribesi, maşgala ýagdaýy, bugdaý meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy. 

                                                                   

Mehanizator döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, döwrebap tehnikalar, oba hojalyk gurallary bilen üpjün etmek ugrundaky tagallalary, netijeli işlemek hem-de ýetişdirilen bol bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak üçin döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň obasenagat toplumynda belent sepgitlere ýetilýändigini nygtady. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda görülýän çäreler yzygiderli häsiýete eýe bolar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz çekýän asylly zähmetine minnetdarlygyň nyşany hökmünde mehanizatora öz sowgatlaryny gowşurdy. 

                                                                   

Mehanizator öndürijilikli zähmet çekmek ugrunda döredilýän şertleriň täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny we mundan beýläk-de halal zähmetini gaýgyrmajakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Obasenagat toplumyna gelip gowuşýan galla kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň, olaryň öndürijilik kuwwatynyň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Bu kombaýnlar ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilmegi, ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda we ýokary hilli ýygnalyp alynmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň netijesidir. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna girişen kombaýnlaryň sazlaşykly hereketini synlady. Galla meýdanlarynyň aňyrsyna göz ýetmeýän giňişligi daýhanlarymyzyň şu ýylky yhlasynyň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär. Altynsow başlaryny şemala ygşyldadyp oturan galla meýdanlary halkymyzyň saçagynyň egsilmez berekediniň nyşany bolup görünýär. 

                                                                   

Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça çäreleriň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir, şeýle hem öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda öňde duran möhüm wezipe galla oragy möwsümini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekden ybaratdyr. Munuň özi sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen işleriň netijeli bolmagyny üpjün eder. 

                                                                   

Garaşsyz döwletimiziň her bir raýatyna, şol sanda türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz oba ýerlerinde durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döwletimiziň geljekde-de alada etjekdigini aýtdy hem-de mehanizatora üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda netijeli iş alyp barýan “Batly-Gadam” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy A.Amanmämmedow bilen söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde obasenagat toplumyna hususyýetçiligiň işjeň çekilmegi netijesinde öndürilýän önümleriň mukdarynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi we telekeçileriň iş netijeliligini ýokarlandyrmak üçin olara döwletimiz tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini nygtady. 

                                                                   

Telekeçi oba hojalygynda işleýän hususy ulgamyň wekilleriniň adyndan bu ulgamy ösdürmäge berýän ünsi hem-de türkmen işewürlerine uly goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda has-da möhümdir. 

                                                                   

 Şeýle hem bu ýerde gök, bakja we miwe önümleriniň, dänelik ekinleriň tohumlarynyň, çörek we çörek önümleriniň sergisi guraldy. 

                                                                   

Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi türkmen topragynyň bereketliliginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ata Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar. 

                                                                   

Ekerançylaryň ösdürip ýetişdirýän önümleri, esasan-da, galla önümleri ýokary hilli, ýokumlylygy, ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi çogly güneşiň astynda türkmen topragynda ýetişýän önümleriň ähli görkezijiler babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigini aňladýar. 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.