ýa-da Hasyl toýuna telekeçi bagbanlaryň mynasyp goşandy
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň «jüýje sanaşylýan» döwri ýetip geldi. Daýhan zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja ekinleridir dürli miweli baglar bol hasyl getirip, ak bazarlarymyza, mukaddes saçaklarymyza bereket bolup doldy. Ýurdumyzyň hususy pudagynda hereket edýän daýhan hojalyklary, hojalyk jemgyýetleri hem oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, olardan bol hasyl almak bilen, içerki önümçiligi ýokarlandyrmaga, eksportyň mümkinçiligini artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Olar ajaýyp güýz paslynyň soňky aýynyň ikinji ýekşenbesinde güneşli ülkämizde giňden bellenilýän Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Bagçylyk pudagyny ösdürip, halkymyzy ter miweler bilen üpjün etmekde türkmen telekeçileriniň aýratyn zähmetiniň bardygyny bellemek ýakymly.
Terligine bak, terligine!
Bazarlaryň, marketleriň tekjelerini bezeýän, ýakymly ysy, owadan harytlyk görnüşi bilen göreniň gözüni egleýän «Ter» haryt nyşanly miweler Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Saýwan obasynyň çäginde, gojaman Köpetdagyň eteginde ösdürilip ýetişdirilýär. Dag etegindäki 136 gektar meýdana uzap gidýän 92 müň 300 düýpden gowrak miweli baglar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ter» hojalyk jemgyýetine degişli. Bu baglardan indi alty ýyldan gowrak wagt bäri bol hasyl alynýar.
— Daşary ýurtlardan pes boýly, ýokary hasylly nahallary getirip, ilki bilen, toprak-howa şertlerimizde synag-tejribe görnüşde ösdürip ýetişdirmegi ýola goýduk. Hersiniň arasy bir metrden az bolmadyk nahallara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirildi. Olar damjalaýyn usulda suwarylyp, ösdürilip ýetişdirildi. Idegi ýetirilen baglar basym boý alyp, bir ýyl diýende hasyla durdular. Her möwsümde 60 gektardan gowrak almadan 400 tonna, 12 gektardan gowrak şetdalydan 120 tonna, 20 gektardan gowrak armytdan 100 tonna, 32 gektardan gowrak çereşnýadan 10 tonna, 5 gektardan gowrak garalydan 20 tonna hasyl alýarys.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 70 tonna alma, 120 tonna şetdaly, 100 tonna armyt, 10 tonna çereşnýa, 20 tonna garaly ýygnap, Hasyl toýuna zähmet sowgatly barýarys. Şeýle-de ylmy gollanmalardan peýdalanyp, armyt bilen beýini çaknyşdyrmak arkaly, armydyň täze görnüşini ösdürip ýetişdirip, şu ýyl ilkinji hasylyny ýygnadyk. «Doweçi» diýlip atlandyrylan armydyň bu görnüşi ýumşak bolup, onuň özboluşly süýji tagamy bar. Şu möwsümde şetdalynyň 15 tonna golaýynyň Russiýa Federasiýasyna eksport edilendigini hem buýsanç bilen aýdasym gelýär. Hususy eýeçilikde pederlerimiziň bagbançylyk kesbi-kärini ýöredip, ene ýerden bol hasyl almagymyza döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys — diýip, «Ter» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hojamyrat Çolyýew gürrüň berýär.
Tejribeli telekeçiniň ýolbaşçylygyndaky hojalyk jemgyýetiniň işjanly bagbanlarynyň ösdürip ýetişdirýän miweli baglarynyň hasyly el zähmeti bilen ýygnalýar. Ýygnalan hasyl, ilki bilen, kuwwatlylygy 600 tonna barabar bolan sowadyjy ammarda kadaly temperatura gelýänçä saklanyp, soňra ýörite ulaglarda bazarlara iberilýär. Bu hojalyk jemgyýetinde baglara ideg etmekde, olaryň hasylyny ýygnamakda, gaplara ýerleşdirmekde we daşamakda hünärmenleriň 40-a golaýy zähmet çekýär.
Lezzetini diýsene!
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň ösdürip ýetişdirýän baglarynyň miwelerinden dadyp göreniňde, bu lezzeti duýýarsyň. Telekeçiler Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 200 gektar meýdana ekilen miweli baglardan şetdalynyň bu ýyl has-da bol hasyl getirendigini, şu günki güne çenli ondan 207 tonnadan geçirip hasyl alandyklaryny buýsanç bilen aýdýarlar.
— Onuň 30 tonnadan gowragyny golaýda Russiýa Federasiýasyna eksport etdik. Munuň özi datly miwelerimiziň daşarky bazarlarda hem uly islege eýedigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda miweli baglaryň toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyrylan, gurakçylyga çydamly, suwy az talap edýän, köp hasyl berýän görnüşlerini döretmek boýunça synag-tejribe işleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkiýe Respublikasyndan miweli baglaryň türkmen topragyna, howa şertlerimize gabat gelýän görnüşlerini seçip almak bilen, onuň 250 müňden gowrak düýbüni ösdürip ýetişdirdik. Olaryň hatarynda badamyň «ferraduel» we «ferragnes» görnüşleriniň toprak-howa şertlerimize gowy uýgunlaşandygyny, şu ýyl badam baglarynyň hasylynyň, öňki ýyllara garanyňda, has bol bolandygyny bellemek ýakymly. Bu günki güne çenli almadan 130, badamdan 4 tonnadan gowrak, ýeralmadan 112, arpadan hem 538 tonna hasyl alyp, daýhanlarymyzyň şanly toýuna sowgatly geldik — diýip, «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň direktory Sapargeldi Dolyýew aýdýar.
Türkmen telekeçileri meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilen miweli baglaryň hasylyny ýygnap almak işlerini gyzgalaňly dowam etdirýärler. Diýmek, ak bazarlarymyz, bereketli saçaklarymyz ýylyň tutuş dowamynda bal tagamly miwelerden doly bolar.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».