Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň innowasion ugurlarynda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamynda işlenilip düzülen döwrebap taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi guwandyryjydyr. Şu ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň, ýagny Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunda Aşgabat — Kaka, Aşgabat — Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen aralygynyň uzynlygy 203 kilometre barabardyr. Onuň uzaboýuna toprak, geotekstil düşeklerini, çagyl-çäge garyndysyny düşemek we asfalt ýazmak işleri ýerine ýetirildi. Şu aralykda dürli görnüşli köprüleriň, ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedlerdir (uly ýola münelge-düşelgeler), monolit köprüleriň gurluşyklary hem amala aşyryldy. Dürli ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy. Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin halkara standartlara laýyk gelýän çyzyklar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary we ýangyç guýujy beketler üpjün edildi. Şeýle-de ýoluň ugrunda uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyrylandyr. Ýoluň gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamlary döwrebap enjamlaşdyryldy.
Görnüşi ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyp, ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalaryň nyşanydyr. Bu gün ýüreklerde ata Watanymyzyň geljeginiň şu gününden hem has ajaýyp boljakdygyna belent ynam bar. Hut şonuň üçinem bagtly durmuşymyzyň sakasynda duran hormatly Prezidentimize uzak ömür, berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.
Şirin NURGYLYJOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.