Şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň aýdan bu sözleri Watanymyzyň ösüş we abadançylyk ýoly bilen okgunly öňe ilerlemeginiň eýýamy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň wakalarynda aýdyň şöhlelenýär.
4-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işlerine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi, baýram günlerinde bazarlaryň, dükanlaryň azyk harytlary bilen bolelin üpjün edilmegi babatda degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak babatda anyk görkezmeler berildi.
5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nobatdaky Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip paýtagtymyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda nebitgaz pudagynda, elektrik energetikasy, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag, obasenagat, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.
Şol gün iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen onunjy Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy we esasy ugurlarda bilelikdäki işiň meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin çemeleşmeler kesgitlenildi. Energetika pudagy, ulag-aragatnaşyk, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Mundan başga-da, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli peýdalanmak boýunça özara hereketler üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylarynyň ABŞ-ly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary geçirildi, “Case New Holland Industrial» kompaniýasynyň we türkmen telekeçileriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
6-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, olaryň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi. Söhbetdeşler özara bähbitlilik ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berip, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şol gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň onunjy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi, iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçirildi. Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň görnüşleri — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezildi. Degişli önüm öndürijilerdir kärhanalar bilen birlikde, Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik bankynyň hem gatnaşmagy dostlukly döwletiň eksport harytlarynyň sergisiniň aýratynlygy boldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki dostlukly ýurt üçin hem ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. Taraplar Türkmenistandan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek taslamasynyň ähmiýetini belläp, ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Geljek üçin meýilnamalar bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi boldy. Şeýle hem türkmen we türk işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim ätmek üçin oňyn mümkinçilikleri döredýän resminamalara gol çekildi.
8-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,6 göterim artdy. Bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim köpeldi. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi bolsa, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 96 göterim boldy.
2023-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,8 göterim, çykdajy bölegi 98 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Geçen on bir aýda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 52-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 34-siniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 491,1 müň inedördül metriniň, inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyň görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we watandaşlarymyza ýüzlenip, ýakynda ýurdumyza ýene-de bir hoş habaryň gelip gowşandygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Mundan başga-da, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde ýurdumyz bu guramanyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz geljekde-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar, asuda durmuşyny üpjün etmek ugrunda ähli zerur işleriň amala aşyryljakdygyny belläp, watandaşlarymyzy bu wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady we hemmelere iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
9-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary barada hasabat berdiler. Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hiline, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna hem-de ekologik talaplaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berilmelidigini belledi.
Geçen hepdäniň beýleki möhüm wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisinde Benin Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilmegini bellemek bolar. Söhbetdeşlikleriň dowamynda diplomatlar ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk bu syýasatyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda-da galýar.
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze “Boeing 777-300ER” kysymly ýolagçy uçary bilen ýetirildi. Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary oňa Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisi boldy.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Merkezi Geňeşi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) çäklerinde Aziýa ösüş banky tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Gruziýanyň paýtagty Tbiliside guralan zenanlaryň işewürlik maslahatynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini hem-de jemgyýetde deňhukuklylygy ilerletmek boýunça ýokary netijeleri üçin medal we degişli güwänama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Paýtagtymyzda “Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda ýüze çykýan howplara taýýarlyk we olara garşy göreşmek meseleleri boýunça Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy” atly lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň ýörite maslahaty geçirildi. Bu maslahat şu ýylyň mart aýynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça guraldy. Utgaşykly görnüşde geçirilen forumyň gün tertibine umumy gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy we ondan soňky döwürde gazanylan tejribelere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäni ugur edinýän hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.
(TDH)