Mähriban halkymyz milli Liderimiziň başda durmagynda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny joşgunly zähmet üstünliklerine besleýär. Ýene-de sanlyja günlerden şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uly dabaralara beslenip bellenilip geçiler.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz ata Watanymyza belent buýsanjymyz, geljege berk ynamymyz, aýdyň maksatlarymyz bilen has uly sepgitlere ýeteris» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, halkymyzyň hal-ýagdaýy ýyldan-ýyla gowulandyrylýar, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Her ýylda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandyrylýar. 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti işlenilip taýýarlanylanda, onuň çykdajylar böleginiň 70 göterimden gowragy durmuş ulgamyna gönükdirilýär. Bu hakykat ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny aýdyň edýär.
Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriň derejesi durnukly saklanylýar. Pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär. Önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Bank ulgamyna döwrebap we innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýolunda durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän täze-täze binalardyr desgalary buýsanç bilen agzap geçmek bolar. Ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan häzirki zaman ýaşaýyş binalary bilen bir hatarda, ilatyň gündelik zerurlygyny üpjün etmek maksady bilen gurulýan suw süýjediji desgalary, elektrik beketlerini, ýollary, köprüleri, geçelgeleri synlanyňda, ýurdumyzyň ösüşlerine guwanýarsyň. Bu ýetilen eşretli durmuşyň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen binýat bolýandygyna buýsanjyň artýar.
Goý, Garaşsyz ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Abdylla ANNAGYLYJOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.