Ulag ulgamynda özara baglanyşygyň berkidilmegi ugrunda

Gahryman Arkadagymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjyny durmuşa geçirmekde sebit we ählumumy ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Şunda ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça geçirilýän halkara derejeli çärelere uly orun degişli. Golaýda paýtagtymyzda guralan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara forum hem Ýewraziýada üstaşyr ulag hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlandy. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň we maksatlaryň esasynda ýurdumyzda yklymara ulag-logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmäge işjeň gatnaşmakda, Demirgazyk — Günorta, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän üstaşyr ulag geçelgelerini gurmak babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bu forumyň netijeleriniň aýratyn ähmiýetli boljakdygyny aýdyp bileris. 

                                                                   

Türkmenistan halkara gün tertibindäki meseleleriň sazlaşykly we netijeli çözülmegi ugrunda ulag-logistika hyzmatlaryna döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ileri tutulýan ugur hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan XXI asyryň ulag gurluşynyň integrasiýa ösüşiniň giňişlikleriň, sebitleriň, senagat, serişde, adam mümkinçilikleriniň baglanyşyklydygyna ynanýar. Geljek iň uly halkara deňiz, derýa, awtomobil, demir ýollaryna hem-de howa merkezlerine çykmak, olaryň amatly utgaşmasyndan we hersiniň artykmaçlygyndan peýdalanmak bilen birleşdirilen ulag aragatnaşyk ulgamyna degişlidir. Biziň ýurdumyz geçmişde söwdada, medeniýetde, ylymda we durmuşyň beýleki ulgamlarynda adamzadyň gazananlaryny Zeminiň çar künjüne ýaýratmakda uly orny eýelän Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregine öwrülipdi. Milli Liderimiziň tagallalary esasynda bu günki günde Türkmenistan ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, ulag diplomatiýasyny ilerletmek bilen bagly anyk başlangyçlary öňe sürüp, olary iş ýüzünde durmuşa geçirýän döwlet hökmünde ykrar edilýär.  

                                                                   

Türkmen paýtagtynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda «Halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan orny» atly halkara maslahatyň, 2016-njy ýylda Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilmegi, 2017-nji ýylda guralan RECCA VII maslahatynyň çäklerinde Owganystanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi, 2022-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň geçirilmegi ýurdumyzyň bu ugurda iri çäreleriň birnäçesini üstünlikli gurandygyny görkezýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynyň kabul edilmegi bolsa ulag diplomatiýasyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny has-da berkitdi. Bu Kararnamalar ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, üstaşyr ulag geçelgeleriň durnukly ulgamyny kemala getirmäge, sebit, yklymara we ählumumy möçberde ulag aragatnaşygynyň iri düzümleýin merkezlerini döretmäge gönükdirildi. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda, şol sanda ulag we kommunikasiýalar ulgamynda Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman üstaşyr ulag, logistik düzümlerini, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar ulgamyny kemala getirmegiň çäklerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly, Amyderýanyň üstünden geçýän döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleri, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly, Balkanabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda ulanmaga berlen döwrebap ýolagçy terminallary milli we sebit möçberindäki ähmiýetli desgalar bolup durýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna birleşmegi goňşy Özbegistan Respublikasynyň ýük awtoulaglaryna Hazardaky deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder» diýip belledi. Geljekde bolsa Türkmenistany, Eýrany, Yragy we Türkiýäni birleşdirjek Gündogar — Günbatar ulag geçelgesi işe giriziler. Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara ulag geçelgesi boýunça alnyp barylýan işler has-da güýçlendiriler. Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda gol çekilen bäştaraplaýyn Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi hem sebitiň ulag ulgamyny täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Ulag we logistika ulgamyny ösdürmek üçin bilim-tejribe alyşmak, täzeçil çemeleşmeleri, çözgütleri öňe sürmek iki günlük halkara maslahatyň esasy wezipesi boldy. Onuň dowamynda ulag düzümine tehniki hyzmatyň hilini gowulandyrmak, ulag ulgamyna halkara goldawyň gerimini giňeltmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, teklipler we bar bolan mümkinçilikler, durnuklylygy üpjün etmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäginde «Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda ýük daşamalary ýönekeýleşdirmek», «Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary — Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa» halkara multimodal ulag geçelgesiniň binýadynda durmuşa geçirilýän «CASCA+ multimodal ulag ugry» taslamalaryny işjeňleşdirmek meselesi boýunça onlaýn görnüşdäki duşuşyklaryň geçirilmegi hem ulag diplomatiýasyny has-da ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ulag ulgamyny ösdürmegi Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu günki gün ulag ulgamy Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşup, dünýä döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. 

                                                                                                           

Muhammetrahym ÖWEZOW,

                       

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.