Aşgabat, 18-nji mart (TDH). Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzy gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça giň möçberli ählihalk bag ekişliginiň ýazky möwsümine badalga berildi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli bag nahallarynyň ýüz müňlerçesi ekildi.
Umuman, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikleri tarapyndan paýtagtymyzda we welaýatlaryň töwereklerinde 3 million düýp bag nahalyny ekmek meýilleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresiniň ekologik abadançylygy üpjün etmek nukdaýnazaryndan bolşy ýaly, halkymyzyň amatly ýaşaýşy üçin zerur şertleriň döredilmegi babatda hem ähmiýetlidigini belleýär. Zähmet ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm orny eýeleýär. Köpçülik bolup agzybirlikde bag nahallarynyň ekilmegi Diýarymyzyň ähli künjeginiň gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwrülmegini şertlendirýär.
Asylly däbe görä, Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň ýaşaýjylary agzybirlikde gatnaşýarlar. Bilelikde çekilýän zähmet türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşýar.
Döredijilik ruhubelentligi ajaýyp görnüşleri emele getirýär. Baharyň halkara baýramçylygy milli däpleriň, baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini artdyrýar. Bu bolsa paýhasly pederlerimiziň döreden däp-dessurlarynyň, mähriban Watanymyzyň abraýynyň has-da belende göterilmegini şertlendirýär. Diýarymyzyň belent daglary, giň sähralary, sahawatly topragy dürli şekilleri özünde jemleýän ajaýyp haly ýaly gözelligi döredýär.
Gadymy döwürlerden bäri ýaşaýşyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy dünýäde giňden bellenilýär. Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan Nowruzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de oňa raýdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň güni hökmünde halkara baýram derejesiniň berilmegi bu senäniň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Ekologik abadançylygy we daşky gurşawyň goralmagyny üpjün edýän bu giň möçberli çäre türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda netijeli dowam etdirilýär we ol döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmakda, ajaýyp tebigatymyzy, deňiz gurşawyny goramakda, Hazar deňziniň biologik dürlüligini saklamakda we beýleki möhüm işlerde ähmiýetlidir. Bag nahallary derýalaryňdyr suw akabalarynyň ýakalaryna, şol sanda Garagum sährasynda emele gelen “Altyn asyr” Türkmen kölüniň kenarlaryna ekilýär. Köpetdagyň ak mermerli paýtagtymyza ýanaşyk etekleri bagy-bossanlyga bürenýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak işi batly depginde dowam edýär. Şunda ylmyň öňdebaryjy gazananlary, täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaýbaňlandyrylan şanly wakalar ajaýyp tebigatymyzyň köpdürlüligini, gözelligini saklamaga we artdyrmaga, onuň baýlyklarynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar bilen utgaşykly dowam etdirilýär.
Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmek, gök zolaklary döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli gözegçiliginde saklanýar. Tebigaty goramak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan sebitleýin we ählumumy derejede ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine, häzirki zamanyň howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşandyny goşýar. Ýurdumyz bu ugurda netijeli başlangyçlary öňe sürýär. Olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolmagy ýurdumyzyň öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny görkezýär.
Ekologiýa diplomatiýasyny daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Bitarap Türkmenistan bu ugurda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýär. Aşgabat şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň “Şäherlerdäki baglar” başlangyjyna bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly goldawy we goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi ýurdumyzyň ýeten derejesiniň ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Bu köpugurly we toplumlaýyn iş şäherleriň, oba ýerleriniň bagy-bossanlyga bürelmegini esasy ugur edinýär. Milli tokaý maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistan ýurt möçberinde bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirilýär.
Şu ýylyň fewralynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň “Medeni miras: geçmişden-geljege”, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bolsa “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” atly kafedralary açmak baradaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy. Munuň özi adaty kafedralar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, giň möçberli halkara ylmy-barlag merkezleridir. Olar ýaşlary umumadamzat we milli gymmatlyklar esasynda terbiýelemäge, olaryň ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça bilimlerini artdyrmaga, ekologik bilimi we medeniýeti ösdürmäge mümkinçilik berer.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulagy şu günki dabara gatnaşyjylaryň ýygnanan ýerine geldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag ekmek üçin niýetlenen ýere geçdi.
Ýaz ýagşynyň ýagmagy ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Ygal topraga düşüp, onuň berekedini we sahawatyny artdyrýar. Ýurdumyzyň meşhur artistleriniň, estrada aýdymçylarynyň, milli saz sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy we dabara gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi.
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary emele geldi. Aýratyn-da, paýtagtymyzyň töwereginde dag eteklerindäki gök zolaklaryň çägi barha giňeýär. Ozallar boş ýatan baýyrlar häzirki döwürde bagy-bossanlyga bürendi. Bu ýerde ekilen baglaryň sany onlarça milliona barabardyr. Sähra ýerlerinde bolsa Garagumuň şertlerine laýyk gelýän sazak, gandym, çerkez ýaly ösümlikler ekilýär. Bag nahallaryny ekmek boýunça her ýyl geçirilýän ählihalk çäresi tokaý zolaklarynyň gerimini giňeldýär. Bu bolsa halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýanyna ýaş nesliň wekili gelip, döwlet Baştutanymyza goşgy setirleriniň üsti bilen berk jan saglyk, köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi we bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz ilkinji bag nahalyny ekip, bu ýerde guralýan asylly işe badalga berdi. Döwlet Baştutanymyz oglanjyga sowgat gowşuryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Bu günki asylly çärä gatnaşýanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekdiler. Adamlaryň agzybirligi halkymyzyň milli ýörelgelere ygrarlydygyny görkezýär. Şeýlelikde, asylly işler jebislikde amala aşyrylýar.
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak ýaly milli ýörelgeler täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Her ýylda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasy ýurdumyzyň bagy-bossanlyga bürelmegini şertlendirip, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşlaryň mähriban topraga bolan söýgüsini artdyrýar.
Dünýä medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, hasylly topragy we amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik dünýäsini baýlaşdyryp, ekerançylygyň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy döwürde ýurdumyzyň ýaýlalarynyň gülläp ösendigini, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk, miweçilik bilen meşgullanandygyny görkezdi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan özüniň giň tokaý zolaklary, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri bilen gelýän köp sanly myhmanlary haýran galdyrýar. Gök zolaklar suw çüwdürimleri bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Adamlaryň tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagy daşky gurşawyň sagdynlaşmagyny we ýurdumyzyň gülläp ösmegini şertlendirýär. Giň möçberli bag ekmek dabarasy — halkymyzyň topraga bolan söýgüsiniň özboluşly baýramçylygy ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Olaryň çäklerinde bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna ideg etmek işlerine hem möhüm ähmiýet berildi.
Ählihalk bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde, ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi netijesinde, Watanymyz gür baglygyň, ýaşyl meýdanlaryň, gül öwüsýän sähralaryň, seýilgähleriň we ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki sazlaşykly ösüşiniň, täzelenişiniň aýdyň beýanyny emele getirýän tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär.