Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary giň gerimde ösdürilýär. Şol sanda oba hojalyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan tutumly işler barha rowaçlanýar. Şu ýyl ýurdumyzda bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragy ýygnaldy.
Hormatly Prezidentimiziň ýörite Kararlary esasynda şalynyň, gök we bakja ekinleriň önümleri, miweler hem-de ir-iýmişler bilen ilaty ýylyň dowamynda üpjün etmek meselesi hem oňyn çözülýär. Ilatyň saçaklarynda azyklyk önümleriň bolçulygynyň emele gelmegine mähriban Arkadagymyzyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hakyndaky» Karary has-da güýçli täsirini ýetirdi. Oba hojalygynda ýerleriň 99 ýyl möhlet bilen hakyky ýer eýelerine berlip ugramagy, pes netijeli daýhan birleşikleriniň ornunda netijeli işleýän daýhan hojalyklarynyň döredilmegi, şeýle hem hasylyň möçberini we hilini ýokarlandyrýan usullary düzümine alýan özgertmeleriň uly toplumynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatymyzyň saçaklarynda önüm bolçulygynyň döredilendigini ynam bilen aýdyp bilýäris. Çörek önümleri, gök önümler, bakja önümleri, öz topragymyzdan önýän önümleriň dürli görnüşleri bollugy bilen bazarlarda alyjylara yzygiderli hödürlenilip dur.
Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylda Türkmenabat şäherinde bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda: «Biz geljekde diňe pagta we galla ekmek bilen çäklenmeli däldiris. Gök we bakja önümlerini, dürli miweleri, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň möçberlerini artdyrmagy hem öz öňümizde möhüm wezipe edip goýmalydyrys» diýip aýdanlarynyň bu gün hasyl bolandygyny öz durmuşymyzda görýäris. Diňe bir biziň welaýatymyzyň çäginde ýyladyşhanalaryň ýüzlerçesi guruldy. Olaryň önümleri diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýar. Öndürilen azyklyk önümlerini gaýtadan işläp, ikilenji önümleri taýýarlaýan kärhanalarymyzyň sany hem yzygiderli artýar. Olarda dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyryldy. Welaýatymyzda önümleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň onlarçasy işleýär. Şol gaýtadan işleýän kärhanalaryň esasy wezipeleriniň biri ilatymyzy dürli görnüşli, ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmekdir.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem şowlulyklara beslenýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda oba-şäherlerimizde ilatyň ýaşaýşyny gowulandyrmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, ilatyň saçagynda azyklyk önümleriň bolçulygyny döretmek ugrunda bitirilýän il-ýurt bähbitli işler üçin halkymyz hoşal bolýar. Bu gün hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek ugrunda edýän aladalary ýerine düşýär. Ýurdumyzy bagtyýar mekana öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan nusgalyk işleri mydama rowaç alsyn!
Aýjemal KLYÇEWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.