Azyk bolçulygynyň berk binýady

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek bilen baglanyşykly soňky ýyllaryň dowamynda iri möçberli özgertmeleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär. Şu özgertmeleriň esasy maksady azyk bolçulygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Üstümizdäki ýylda hem oba hojalyk önümleriniň ýeterlik mukdarda öndürilmegi üçin netijeli çäreler görülýär. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda» Kararlara, şeýle hem «Welaýatlar hem-de etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakynda» Buýruga gol çekdi.

Şu ýylyň 17-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda hem obasenagat toplumyny mundan beýläk-de özgertmäge, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen şol möhüm resminamalardan gelip çykýan wezipeler kesgitlenildi.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem şol Kararlara laýyklykda gowaçanyň, ýazlyk we güýzlük ýeralmanyň, soganyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny hem-de ekişde ulanyljak tehnikalardyr gurallary möwsüme taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar, ilatyň ýokumly önümlere bolan islegini kanagatlandyrmak üçin gök we bakja önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen giň möçberli işler amala aşyrylýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda welaýatymyz boýunça 263 müň 133 gektar ýerde oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriler. Şol ýeriň 130 müň gektaryna gowaça ekiler. Şonça meýdandan 320 müň tonna ýokary hilli hasyl almak meýilleşdirildi. Şeýle hem 10,2 müň gektara şaly, 2,3 müň gektara ýeralma, 3 müň 950 gektara gök ekin, 2,1 müň gektara bakja ekinleri, 3 müň 320 gektara kösükli däneli ekinler we künji, 2,3 müň gektara mekgejöwen we bir ýyllyk otlar ekiler. Şu günler welaýatymyzyň bugdaý ekilen 130 müň gektar meýdanynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Esasy azyklyk ekinleriň biri bolan ýeralmanyň ekilýän meýdany hem geçen ýyllardakysyndan köp bolar. Tutuş ýurdumyz boýunça şu ýyl ýeralma we gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpelýär. Ýeralma we gök-bakja ekinlerini ekmek üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany ýurdumyz boýunça 106 müň gektara barabardyr, şol sanda 65 müň gektara bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektara güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Welaýatymyzda ýazlyk we güýzlük ýeralmany hem-de gök-bakja ekinlerini ekmek üçin 11 müň 670 gektar ekerançylyk meýdany bölünip berildi. Şu ýyl ýeralmanyň ekilen her gektaryndan 140 sentner hasyl almak göz öňünde tutulýar. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 5625 gektar, güýzlük ýeralma we gök-bakja ekinleri üçin 6045 gektar meýdan bölünip berildi. Şu ýyl welaýatymyzda her gektar ekilen ýerden pomidoryň 250, hyýaryň 200, soganyň 250, kelemiň 250, käşiriň 180, bakja hasylynyň 200 sentnerini ýygnamak maksat edinilýär. Eýýäm ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işlerine hem girişildi. Bugdaýdan boşan ýerlere ekiljek mäş, noýba ýaly aralyk ekinleriň her gektaryndan 15 sentner hasyl ýygnalar.

Milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumy, hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, uly mümkinçilige eýedir. Toplumdaky işleriň baý milli tejribä we ugurdaş ylymlaryň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanylyp, döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly sazlaşykly ýöredilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek wezipelerini üstünlikli çözmäge hem-de ilatyň dürli, ýokary hilli önümlere, şol sanda ýeralma, gök-bakja we miwe önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga ýardam berer.

Ilmyrat DÖWLETOW.