Guşçulygy ösdürmekde hususy pudagyň wekilleri gowy netijeleri gazanýarlar. Olaryň hatarynda Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynyň işgärleri içerki bazarlary ýumurtga we guş eti bilen üpjün etmekde tutanýerlilik görkezýärler.
Guşçulyk toplumynyň ýyllyk kuwwaty sekiz million ýumurtga we müň tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir. Toplumda ýumurtga berýän, et üçin niýetlenen towuklar saklanýan hem-de inkubator bölümleri bolup, olaryň ählisi Türkiýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilendir. Guşlary iýmitlendirmek, olaryň ketekleriniň ýylylyk derejesini kadaly ýagdaýda saklamak, inkubatorlarda broýler jüýjelerini çykarmak işleri şu enjamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär we olar kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar.
Hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda ýumurtga berýän towuklaryň 50 müňe golaýy idedilýär. Guşlara berilýän bugdaý ýarmasy, mekgejöwen we soýa ýaly iýmleriň düzümine witaminli goşundylaryň goşulmagy towuklaryň önüm berijiligini has-da artdyrýar. Bu bölümde her aýda ýumurtganyň ortaça 700 müň sanysy öndürilýär. Ýokumly azyk önümi bolan ýumurtgalar, baglaşylan şertnama laýyklykda, döwlet lomaý bölek söwda kärhanasyna iberilýär.
«Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň inkubator bölüminde hem işler talabalaýyk ýola goýlupdyr. Bu ýerde broýler jüýjelerini köpeltmekde zerur bolan ýumurtgalar Türkiýeden satyn alynýar we jüýjeler tapgyrlaýyn çykarylýar. Broýler görnüşli jüýjeler aýry-aýry keteklerde saklanyp, olara göwnejaý ideg edilýär. Guşlara weterinar gözegçiligi hem talabalaýyk ýola goýlupdyr.
Guşçulyk toplumynda taýýar önümler göze gelüwli gaplara gaplanyp, döwlet et-süýt söwda kärhanasyna, belli bir bölegi bolsa «Täze Aý» hojalyk jemgyýetiniň önümçiligine ugradylýar. Bu önümler içerki bazarlarymyzda islegli önümleriň hatarynda orun aldy.
Özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp zähmet çekýän telekeçiler guşlar üçin zerur bolan dänelik ekinleri ekmek ugrunda hem asylly işleri alyp barýarlar. Hojalyk jemgyýetiniň işgärleri guşçulyk toplumynyň ot-iým binýadyny geljekde has-da berkitmegi we giňeltmegi maksat edinip, bölünip berlen ýer böleklerinde mekgejöwen, beýleki däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmäge uly ähmiýet berýärler. Içerki bazarlary ýumurtga we guş eti bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýan işewür telekeçiler ykdysady ösüşde hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmakda alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
Welmuhammet GALANDAROW.