2021-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa sebitleri boýunça Departamentiniň ýolbaşçysynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň çäklerinde taýýarlanylýan CAREC 2030 saglyk baş ýörelge, CAREC 2030 sanly baş ýörelge, CAREC institutyna goldaw bermek üçin sebitleýin tehniki kömek, COVID-19 pandemiýanyň täsirini azaltmak we ykdysady dikelişi goldamak üçin CAREC sebitindäki başlangyç ekosistemany goldamak üçin sebitleýin tehniki kömek, CAREC maksatnamasyna agza ýurtlarda ýol howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin sebitleýin tehniki kömek (2-nji tapgyr) boýunça we Türkmenistany gyzyklandyrýan ugurlarda Maksatnamanyň Sekretariatynyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen bilelikde alnyp baryljak işler baradaky meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şeýle hem Aziýanyň Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa sebitleri boýunça Departamentiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowy Aziýanyň Ösüş Bankynyň Dolandyryjylar geňeşiniň 54-nji her ýylky duşuşygynyň çäklerinde 2021-nji ýylyň 4-nji maýynda geçirilmegi göz öňünde tutulan «CAREC maksatnamasynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda: ykdysadyýet pudaklary sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin hyzmatdaşlygynyň manysyny täzeden aňmak» atly CAREC maksatnamasynyň ýokary derejedäki ýörite mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.
Öz gezeginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow çakylyk üçin minnetdarlygyny bildirip, agzalan çärä gatnaşmaklygyň öz üçin wajypgyny belledi.
Duşuşygyň ahyrynda Mähriban watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekde bimöçber işleri amala aşyryp, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi