Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitaby çapdan çykdy

Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy. 

                                                                   

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri Ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar. 

                                                                   

“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylda neşir edilen bu eser Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleri, döwletimiziň taryhyndaky ähmiýetli wakalar hem-de ömrüni ata Watanymyza we mähriban halkymyza gulluk etmäge bagyşlan milli Liderimiziň durmuş ýolunyň esasy tapgyrlary baradaky maglumatlary özünde jemleýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän bu kitapda esasy ahlak kadalary we ýörelgeler beýan edilýär. Olara häzirki döwürde-de möhüm ähmiýet berilmegi pederlerimiziň däpleriniň, ahlak kadalarynyň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Kitabyň girişinde awtor — Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar. 

                                                                   

Milli Liderimiz täze filosofik eserinde toplan bilimini we baý tejribesini seljerip, olary umumylaşdyrmak bilen, ruhy kämillik, ýaradylyşyň kanuny, her bir adamy belende göterýän oňat gylyk-häsiýetler we ýagşy niýet meselelerine aýratyn üns berýär. 

                                                                   

Kitap “Ýaşaýyş medeniýeti”, “Ynanç hakynda söz”, “Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge”, “Gadymyýete nazar”, “Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat”, “Milletiň ruhy-ahlak mekdebi” atly bölümlerden ybaratdyr. Eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy hem-de edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň halklary bilen dostluk köprüsini gurup gelýän türkmen halkynyň baý ruhy dünýäsine düşünmäge gollanma bolup hyzmat etjek bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar. 

                                                                   

“Ömrümiň manysy” kitaby tutuş dünýäniň giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Eserde okyjylar türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanşyp bilerler. Eserde Abu Seýit Abylhaýyr (Mäne baba), Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly sufizmiň görnükli wekilleriniň, ulamalaryň hem-de syýasatşynaslaryň durmuşyna göz aýlap bolýar. Kitabyň “Gadymyýete nazar” atly iň uly bölümi şu mowzuga bagyşlanypdyr. 

                                                                   

Türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň binýadyny goýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe nygtaýşy ýaly, geljegi diňe geçmişe daýanyp gurmalydyr. Many-mazmuny boýunça örän gymmatly bu eserde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan şöhratly pederlerimiziň peşgeş goýan mirasyny öwrenmek, wagyz etmek we toplamak boýunça alnyp barylýan ylmy-edebi işler öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Biziň halkymyzyň buýsanmaga zady köpdür. Şuny nygtamak bilen, milli Liderimiz jemleýji sözünde okyjylar bilen paýlaşmak islän köp sanly parasatly öwüt-ündewlerini we taglymlaryny “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabynda beýan etjekdigini belleýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwet galamyndan çykan hem-de Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çaphana usulynda çap edilen nobatdaky taryhy-filosofik eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin belent maksatlara ýetmegiň ýolunda ruhy daýanç we şamçyrag bolup hyzmat eder. 

                                                                                                           

(TDH)