Aýdyň maksatlaryň çelgisi

Ýaşlar barada söz açylanda, ilki bilen, gyzyklanmalary, maksatlary, pikirleri biri-biriniňkä gabat gelýän bu nesliň dünýä ilatynyň tas ýarysyna golaýyny düzýändigi baradaky hakykat seriňe dolýar. Bu bolsa ýurdy ösdürmekde, ählitaraplaýyn üstünlikli netijelere ýetmekde, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik pikiriniň döremegine uly täsirini ýetirýän ýaş nesle uly ornuň degişlidigini tassyklaýar. Biz muny döwletimizde oýlanyşykly durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatynyň döwrebap özgertmelerinde, öňde goýulýan wezipelerde görýäris. Bu hakykata hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne pikirlerden püre-pür kitabyny okap, has-da aýdyň göz ýetirýäris.

Adam ömrüniň her müçesiniň özüne ýetesi aladalary, hysyrdylary, olarda ynsanyň özüni açmaga bolan dürlüçe ymtylyşlary bar. Ynsan haýsy ýaşda bolsa-da, çensiz-çäksiz diýilýän kämilligiň menzilleri bilen ýoluny dowam edip gidip barýar. Aýratyn-da, bu ýolda ýaşlygyň hyjuwa, joşguna beslenen duýgulary bilen özüňi tapmak, maksadyňy aýdyňlaşdyrmak islegi ýaşaýşyň uly sowaly bolup öňe çykýar. Ine, şu esasy sowala jaýdar jogaplary özünde çugdamlan gymmatly pikir-netijelerdir maslahatlar — aýdyň maksatlar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilkinji kitabynyň bütin mazmunyny düzýär.

Bu eseri okan ýaşlaryň her biriniň magnawy gymmatlyklardan ylhamly ýörelgelerdir pikirleriň onlarçasyny ýandepderçelerine, hakydalaryna bellik edendikleri aýdyň hakykatdyr. Türkmen ýaşlaryny üstünligiň täze basgançaklaryna höweslendirýän eser baradaky söhbetleriň pikirdeşlik bilen jemlenýändigi hem muny äşgär edýär. Kitapda şu günüň gözi bilen geçmişe, geçmişiň pähim-parasady bilen hem geljege nazar aýlanýar.

Bu kitap — türkmen ýaşlarynyň pikirlerini saldarlamagyna, olaryň öz ornuny, ýoluny tapmagyna itergi berýän eser.

Eseriň giriş-sözbaşysyndaky: «Ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň muşdagy. Ösüş elmydama täzeçil pikirlenmelere, çynlakaý çemeleşmelere intizar» diýen jümleler ýaş nesle öňde duran esasy wezipeleri salgy berýär. Sebäbi dünýäni öwrenmäge giň mümkinçiligi bolan şu günki ýaşlar täzeçil pikir-garaýyşlar, usullardyr tehnologiýalar bilen häli-şindi gabatlaşýarlar. Internet torunyň dünýäniň maglumatyny ýetirip duran döwründe ykdysadyýetiň, senagatyň işi, ösüşi hem şoňa laýyklykda dowam edýär. Şunda esasy tendensiýa bolan sanly ulgamy durmuşa geçirmäge hem bu ugurdan bilim-düşünjeli, hyjuwly adamlar gatnaşýarlar. Olaryň esasy bölegini ýaşlar düzýär. Ýeri gelende bellesek, kitapda ilatyň ýaş düzüminde işe ukyply ýaşdaky adamlaryň 57 göterimi, 14 — 34 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň hem 34,3 göterimi düzýändigine aýratyn üns çekilmegi durmuş-ykdysady maksatnamalaryň kabul edilmeginde ýaş nesliň mümkinçiliklerine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Ýaşlar sanly taslamalar bilen täze başlangyçlary öňe sürüp, ýeňillikli durmuş şertlerini üpjün etmäge goşant goşýarlar. Bu başlangyçlar eserden alnan jümlede göz öňünde tutulýan başlangyçlaryň diňe bir tarapy. Täzeçillikleriň, täze taslamalaryň beýleki ugurlary bilen türkmen ýaşlarynyň ýene bir topary meşgullanýar. Esasanam, bu hünärmenler ýaşlaryň ählisine görelde bolýarlar. Şeýlelikde, olaryň sany barha artmak bilen. Kitapda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda netijeli işläp, zähmet üstünliklerini gazanan, okuwda, ylmy hem çeper döredijilikde tapawutlanan ýaşlaryň atlarynyň sanawynyň getirilmegi olara belent buýsançdan nyşandyr. Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandy bolan ýaş nesliň her bir wekiline döwlet Baştutanymyz çäksiz buýsanýar. Muny hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda yzygiderli nygtaýar.

Bu kitap — täzeçil pikirleriň, beýik başlangyçlaryň döremegi üçin gönezlik.

Biziň her birimizi geljegiň täzelikleri gyzyklandyrýar. Ýaşlar onuň jogabyny diňe şu günden gözläp, geljegiň mazmunyny açmaga synanyşýarlar. Ýöne durmuş — ädim-ädim geçilýän ýol. Gadymy danalaryň biri: «Geçmişem, geljegem ýaşululardan öwren, onsoň şu günüňi nähili ýaşamalydygyňy bilersiň!» diýipdir. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda bu ideýanyň üsti çuňňur düşünjeler bilen ýetirilýär: «Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler». Munuň özi türkmen halkynyň heňňam döräli dowam edip gelýän durmuş ýörelgesi, ýaşaýyş gymmatlygy. Çünki ýaş nesle terbiýe bermekde, olary durmuşa taýýarlamakda türkmen halkynyň köpgyraňly hem baý milli mekdebi bar. Bu bolsa kitapdaky bölümlerde köptaraplaýyn açylýar.

Bu kitap — geçmiş bilen geljegiň, şu günüň manysyna göz ýetirmek üçin çelgi.

Watan ýaşlara daýanýar, olar bolsa özlerine döwlet, bütin halk derejesinde bildirilýän beýik ynama daýanýarlar. Hem özlerini, hem Watany beýik menzillere ýetirjek ynamy baýdak edinýärler. Türkmen ýaşlarynyň duýgy-düşünjeleri watanperwerlige ýugrulan. Durmuşyň ähli taraplaryny özboluşly durmuş pelsepesine sygdyran türkmeniň hiç bir halkyňka meňzemeýän aýratynlyklary bar. Ol hatda dünýä ýüzünde XXI asyrda barha täsiri ýokarlanan ählumumylaşmanyň hem diňe özüne mahsus, kybapdaş taraplaryny saýlap alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu babatdaky pikirini kitabynda şeýle teswirleýär: «Türkmenler öz durmuş-medeni nusgasyny, parahatçylygy, agzybirligi üpjün edip gelen milli ýörelgelerini döreden halk hökmünde tanalýar. Ata‑babalarymyzyň döreden bu ýörelgelerini biz häzirki döwrüň örän ýokary derejede ösýän ylmy-tehniki pikirleri, tehnologiýa babatda ýokary ösüşler we mümkinçilikler, dünýäde giňden ykrar edilýän halkara başlangyçlar bilen sazlaşykly utgaşdyrýarys». Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň millilik bilen döwrebaplygy utgaşdyrmakdaky parasatly pikirleriniň hem her birimiz üçin görelde mekdebine öwrülendigini bellemelidiris. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmagyň beýik nusgasyny görkezýän Milli Liderimiziň çuňňur filosofik düşünjelere baý eserlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ruhy kuwwat tapýan nesiller olaryň many-mazmunyny hakyda düwünçeginde mäkäm düwüp, şol pähimli düşünjeleriň esasynda maksat tutýarlar, geljege gadam urýarlar. Ýaşlaryň arasynda milli lybaslaryň, halk aýdym-sazlarynyň, nusgawy edebi eserleriň sarpasynyň barha artýandygy-da hut milli düşünjeleriň pugtalanmagy bilen baglydyr.

Bu kitap — millilik bilen döwrebaplygy durmuş ýörelgäňde sazlaşykly utgaşdyrmagyň mekdebi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz eserinde Watan düşünjesini sadadan düşnükli dilde, ýaşlaryň dilinde düşündirýär. Onda ene topraga söýginiň beýany bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» diýen parasatly pendiniň dowamy bar. Munuň özi her bir okyjyny milli bitewüligiň, umumy jebisligiň hikmetine has-da aýdyň düşünmäge, ony geljekki nesillere hem düşündirmäge çagyrýar. Kitabyň maňyz-manysy-da şunda jemlenen. Sebäbi Watan söýgüsi, Watan goragy diýen mukaddeslik baradaky inçeden nepis oýlar eseriň tutuş mazmunyna çaýylan.

«Ene toprak, halk, jemgyýet, döwlet, ýaşlar» diýen düşünjeleriň özara baglanyşygyny emele getirýän bu kitap täzeçil pikirler, taslamalar, başlangyçlar üçin ylham çeşmesine öwrülýär. Sebäbi bu kitap röwşen geljegi gurujy ýaşlar üçin ýörite ýazylan.

Bu kitap Watanyň gymmatyna, durmuşyň manysyna has içgin göz ýetirmegiň uzak gözleglerini ýakynlaşdyrýar.

Annaguly IŞANGULYÝEW.

«Türkmenistan».