Durmuşa geçirilýän giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde gurulýan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyryp, ýolagçylaryň gatnadylyşyny we ýükleriň daşalyşyny kämilleşdirmäge, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Umumy uzynlygy 600 kilometre barabar bolan bu ýoluň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji tapgyry 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary we Türkmenabat şäherlerini birikdirýän üçünji tapgyrynyň gurluşygyna bolsa şu ýylyň ýanwarynda badalga berildi. Baş potratçy bolup çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça ýoluň gurluşygy we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Ata Melhem» hususy kärhanasy, «Edermen» we «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri tarapyndan amala aşyrylýar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde gurlan çatrykdan başlanýar. Bu ýerde töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň nokady, dynç almak üçin niýetlenen meýdançalar ýerleşýär. Awtobanyň Aşgabat — Tejen aralygyndaky böleginiň uzynlygy 203 kilometre barabar.
Awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metre, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabardyr. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw hem-de haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen ýörite germewler gurnalan.
Ýokary tizlikli ýolda hereketiň bökdençsiz amala aşyrylmagyny üpjün etmek üçin köp sanly köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler gurlup, daşky gorag gözenekleri çekilendir.
Awtobanyň 100-nji kilometrinde gurlan iki gatly «Kerwensaraý» söwda merkezinde sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur bolan ähli şertler döredilendir.
Mahlasy, döwrebap awtoban ähli görkezijiler we talaplar babatda iň ýokary dünýä standartlaryna kybap gelýär. Bu hakykat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyrynyň degişli kompaniýalaryň we halkara düzümleriň güwänamalarynyň birnäçesine mynasyp görülmeginde hem beýanyny tapýar. Has takygy, döwrebap taslamanyň birinji tapgyry Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasy tarapyndan awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlara, hususan-da, «Ýol gurluşygyny taslamak» we «Gurluşyk işleri» standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänamalara mynasyp görüldi. Şeýle hem Germaniýa ulag ylymlary instituty tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluna ýokary howpsuzlyk güwänamasyny bermek hakyndaky çözgüt kabul edildi. Awstriýanyň Dornbirn şäheriniň Ulag kommunikasiýalary we düzümleri departamenti tarapyndan bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda innowasion ýokary tizlikli tehnologiýalaryň ulanylandygy baradaky güwänama gowşuryldy.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini artdyryp, Diýarymyzy halkara gatnawlaryň möhüm halkasyna öwrer. Türkmenistanyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagy we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlarynda möhüm ulag geçelgelerini döredip, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek babatda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, asylly maksatlary myradyna gowuşsyn!
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.