Awazada aşhana sungatynyň mümkinçilikleri görkezildi

Düýn «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurlan «Rowaç» kottejler toplumynyň açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan agzalary tarapyndan guralan dürli görnüşli tagamlaryň görkezilişini synlady. Bu özboluşly sergide hödürlenen datly tagamlar türkmen desterhanynyň berekedi, milli we dünýä aşpezliginiň tagam taýýarlanyş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Täze kottejler toplumynyň çäginde ýokary derejede guralan bu gözden geçiriliş Hazaryň jana şypaly howasy bilen tapawutlanýan türkmen kenarynda dynç alýan raýatlarymyza hemmetaraplaýyn oňaýly şertleri döretmek, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek boýunça ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezmekde, bu ugurda iş alyp barýan telekeçileri has-da höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy. Munuň özi geljekde ýurdumyzyň raýatlarynyň we daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa iýmit önümlerine bolan barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda täze mümkinçilikleriň açyljakdygyna şaýatlyk edýär. Ýeri gelende bellesek, milli we daşary ýurt tagamlarynyň görkezilişinde «Gül Zaman», «Altyn toý mekany», «Hezzet», «Toý mekany-hyzmat», «Ýigit», «Erteki Älemi» hojalyk jemgyýetleri, «Soltan», «Köpetdag», «Altyn Çag» restoranlary, «MADO» kafesi, «Zemin» kafe-restorany, «Miweli ülke» hususy kärhanasy, şeýle-de arassalanan agyz suwuny, alkogolsyz içgileri, miwe şirelerini öndürýän kärhanalar dürli görnüşli önümlerini hödürlediler. Türkmen aşpezleri tarapyndan sergä çykarylan tagamlaryň hatarynda çorbanyňdyr palawyň dürli görnüşleri, dograma, ýarma, etden we balykdan taýýarlanan naharlar, işlekli, dürli huruşly gutaplar, çekdirme, tamdyrlama, kakmaç, işdäaçarlardyr süýjülikler we beýlekiler bar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen çapdan çykan «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilen usullar boýunça taýýarlanan tagamlara uly orun berlendigini aýratyn nygtamak gerek. Bu barada:

  Açylyş dabarasynyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň köpugurly iýmit sergisine aýlanyp görmegi we onuň guramaçylyk derejesine ýokary baha bermegi bizi mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Gözden geçirilişe işjeň gatnaşandygymyz üçin Hormat haty bilen sylaglandyk. Bu bolsa müşderileriň alkyşyna mynasyp bolýan hyzmatlarymyzyň hilini has-da ýokarlandyrmakda biziň jogapkärçiligimizi artdyrýar — diýip, toý mekanynyň baş aşpezi Gylyç Gylyjow gürrüň berýär. 

                                                                   

Tagamlaryň özboluşly sergisine gatnaşan türkmen telekeçileridir ussat aşpezler jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barmak bilen, ilata dünýä ülňülerine laýyk gelýän hyzmatlary hödürlemek üçin döwlet tarapyndan berilýän goldawlara tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Aýgül RAHYMOWA.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

— Täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasynda jemgyýetçilik iýmiti ugrunda iş alyp barýan hususy düzümleriň birnäçesi bilen birlikde «Altyn toý mekany» hojalyk jemgyýetimiz hem öz önümlerini görkezdi. Tejribeli aşpezlerimiziň taýýarlan hamyra gaplanan çebiş, bitinligine bişirilen hindi towugy, işlekli, gowrulan bedene, gutap ýaly milli tagamlarymyz, dünýä aşhana sungatynyň meşhur naharlary, gök-bakja önümlerinden sünnälenip taýýarlanan sebetler, çörek we çörek önümleriniň toplumy sergä gelenlere görkezildi. Kottejler toplumynda dynç alýan raýatlarymyzdyr myhmanlar tagamlarymyzdan dadyp görmäge, olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.