Awaza ýagtylyk hem güýç paýlady

Hawa, žurnalistleriň «Awaza çäreleri» diýip atlandyran wakalary tamamlandy. Üstünden 3-4 gün geçen şol wakalar hakynda nämeler aýdyp bolar?!

Owalbaşda aýtmaly zat, olam biziň sebitimizde döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ugur alnandygydyr. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň indi üçünji gezek yzygiderli geçirilýändigi, her gezegem sebit we onuň daş-töweregindäki ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleriň töwerekleýin ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olary çözmek üçin güýçleri birleşdirmek, mümkinçilikleri jemlemek babatda ädimleriň ädilýändigi, bu gezek bolsa duşuşyk bilen utgaşyklylykda, bäş sany ähmiýetli çäräniň geçirilendigi, olaryňam bu döwletli işe sebitiň halklarynyň ünsüni çekmäge we doly goldawlaryny gazanmaga gönükdirilendigini kanagatlanmak bilen aýdyp bolar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny sebitiň halklarynyň gurultaýy hökmünde kabul edýärsiň. Bu gurultaýyň baş ideýasy, öňe sürýän esasy taglymaty bolsa halklarymyzyň dostlugyny we agzybirligini pugtalandyrmakdyr.

Merkezi Aziýa döwletleri ýurt Garaşsyzlyklaryna eýe bolanlaryndan soň, şu wagta çenli, esasan, milli döwletliligi berkitmek, ykdysady ösüş ýollaryny kesgitlemek, özleriniň Dünýä Bilelşiginiň doly hukukly subýektleridiklerini ykrar etdirmek bilen içgin gyzyklanyp geldiler. Indi olar sebitara gatnaşyklary ösdürmäge, kämilleşdirmäge, pugtalandyrmaga tarap ugur aldylar. Munuň özi sebitiň halklary üçin örän ähmiýetli bolup, şanyna toý tutubermeli ýagdaýdyr.

Meniň özüme-hä “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen şol çäreler türkmeniň uludan tutýan toýuny ýatlatdy. Ynha, parasatly gojalar üýşüp, çaý başynda paýhasly gürrüň edýärler. Olaryň çaý-suwuna seredip, hem-ä hyzmat edesiň gelýär, hem-de ýekeje sözüni sypdyrman, söhbetlerini diňläsiň gelýär, çünki edilýän gürrüňler ýöne-möne gürrüň däl. Olar her bir maşgalanyň ykbalyna täsir edýän gürrüňler. Men döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda edilen gürrüňleri nebereleriniň geljegi üçin ähli jogapkärçiligiň öz üstlerine ýüklenendigine doly düşünýän paýhasly ýaşulularyň döwletli maslahatyna meňzetdim.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy hem-de onuň bilen utgaşyklylykda geçirilen Awaza çäreleri Ýer şarynyň şu sebitinde ýaşaýan halklaryň dünýä nusgalyk häsiýetlerini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezdi. Biziň halklarymyza owaldan mahsus bolan ýürekdeşligiň şular ýaly ýokary derejeli duşuşyklarda tebigy ýagdaýda ýüze çykmasy döwletara gatnaşyklaryny bezeýär. Muny duşuşygyň geçişini teleýaýlymda synlan her bir adam görendir. Awaza çärelerini synlan teletomaşaçylar ýene bir zada göz ýetirendirler. Biziň halklarymyzda il-gün, döwlet ähmiýetli meseleleriň çözgüdine erkekler bilen bir hatarda aýallar hem gatnaşýarlar. Bu durmuş hakykatydyr, ýöne bu hakykat biziň halklarymyzyň milli mentalitetine laýyklykda, özboluşly ýagdaýda ýüze çykýar. Mysal üçin, türkmen maşgalasynda aýalyň öz orny, erkegiň öz orny, ýagny etmeli işleri, hak-hukuklary we borçlary bar. Bu ýüzýyllyklaryň dowamynda kesgitlenen, sünnälenen sazlaşyk. Bu sazlaşyk sebitimiziň beýleki doganlyk halklarynda-da şeýle.

Toýuň ýaraşygy — gelin-gyzlar. Bu şu toýda-da şeýle boldy. Awaza çärelerine aýratyn öwüşgin beren zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň aýal-gyzlarynyň, ene-mamalarynyň hemmesiniň edep-terbiýesiniň, asyllylygynyň, öý-içerisine, Watanyna wepadarlygynyň, zähmetsöýerliginiň we ýene-de kän-kän gowy häsiýetleriniň bir gözbaşdan — sebitimiziň doganlyk halklarynyň asyl terbiýesinden gaýdýandygyny görkezdi. Biz döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirmek bilen sebitde döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarýandyklaryny aýdypdyk. Sebitiň zenanlarynyň dialogy hem şol täze gatnaşyklaryň özboluşly ýüze çykmasynyň bir mysalydyr. Ony sebitara hyzmatdaşlykda ulanmak arkaly, döwlet Baştutanlary maşgala gymmatlyklarynyň goraýjysy hökmünde zenan mertebesiniň geçmişde-de, şu günlerde-de juda belent tutulandygyny we tutulýandygyny ýene bir ýola aýan edýärler. Sebitimiziň zenanlary-da munuň şeýledigini bilýärler we muňa buýsanýandyklaryny Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenmelerinde beýan etdiler.

Elbetde, toý hödür-keremsiz bolmaýar. Awazada tutulan toýda-da, gadymy dessanlarymyzda beýan edilişi ýaly, kyrk gulakly gazanlar ataryldy. Her döwletden gelen ökde aşpezler ussatlyklaryny görkezdiler. Görüp otursak, biziň sebitimiziň tagamlary dünýäniň islendik künjeginiň tagamlaryndan artyk bolmasa, kem däl. Eli süýji aşpezleriň taýýarlan tagamlary sebitimiziň halklarynyň iýmite örän eserdeňlik bilen garap gelendikleri hakynda oýlandyrdy. Türkmeniň: “Görk agyzdan...” diýýän sözüniň juda ýerliklidigi, çuňňur manylydygy hakynda, ynsanyň saglygy babatda edilýän häzirki zaman aladalaryndan-gürrüňlerinden çen tutanyňda, ýene bir gezek çyndan oýlanýarsyň. Milli tagamlar her bir halkyň milli medeniýetini açyp görkezmek bilen, onuň ekologiýa abadançylygyna nägadar üns berýändigini hem görkezýär. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzda tebigatyň, daşky gurşawyň abadançylygyna-arassalygyna ýokary derejede üns berilýär. Soňky ýyllarda döwletlerimiziň özara hyzmatdaşlygynda “ýaşyl ykdysadyýet” diýen adalganyň ýygy-ýygydan ulanylýandygy aýdanlarymyzy subut edýär.

“Toýuň görki bagşydyr”. Bu — hak aýdylan söz. Awazadaky toýda ýaňlanan aýdym-sazlar hemmelere ruhubelentlik paýlady, toýy bezedi. Diňläp-görüp otursak, sebitimiziň aýdym-sazlarynyň nusgalyk dereje kemi ýok. Gulaklarymyzyň-gözlerimiziň öwrenişenindenmi-nämemi, ozal känbir ünsem bermändiris, ýöne şu gezek aýdym-sazlarymyzyň başga-başga sebitleriň halklarynyňkydan birjik-de pes däldigi hakynda haýran galmak bilen oýlandyk. Elbetde, şu ýerde «Özüňki gözüňe yssy görünýändir» diýilmegi mümkin, ýöne özüňkini söýmän, iliňkini söýüp bolmaýar. Meniň şuny nygtasym gelýär: biziň halklarymyzyň aýdym-sazlarynyň hem-ä sözi düşnükli, hem-de owazy ýakymly.

Baýramçylyk konserti sungatymyzyň köküniň ýaýrawlydygy, çuňdugy, many-mazmunlydygy hakynda oýlandyrdy, ol gowy işleri etmäge höwes döredýär. Merkezi Aziýanyň halklarynyň sungatynyň güýji, ine, şunda, ol göwün argynlygyny aýyrmak bilen birlikde, ýaşamaga hem-ä höwes döredýär, hem-de güýç-kuwwat berýär.

Elbetde, toý-märeke etsem-goýsamsyz bolmaýar. Adamlar üýşüp, gowy zady görýärler, çen alýarlar ... hem-de özleriniň ýeten derejelerini görkezýärler. Awaza çärelerinde-de şeýle boldy. Ykdysady forum hem-de sebitiň halklarynyň milli önümleriniň sergisi ykdysadyetde ýetilen sepgitleri, edilmeli hem-de edilip bilnäýjek işleri görkezdi. Biziň sebitimiziň öňünde ägirt uly mümkinçilikler açylýar, Awaza çäreleri, ine, şol mümkinçilikleri ýagtyldyp görkezdi. Döwlet Baştutanlary bolsa şol mümkinçilikleri has degerli ulanmagyň ýollaryny-usullaryny orta atdylar:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşykda eden çykyşynda şeýle diýdi: “...Ylym diplomatiýasynyň ugry boýunça ýurtlarymyzyň lukmançylyk jemgyýetçilikleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de koronawiruslaryň gelip çykyşlarynyň tebigatyny, şolar sebäpli döreýan keselleriň ýüze çykyşynyň görnüşlerini giňişleýin öwrenmäge, ýokanç keselleri bejermegiň hem-de olaryň öňüni almagyň täze usullaryny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýärin”.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek ulgamynda, döwrüň ýüze çykýan wehimlerine garşy göreşmekde tagallalary mundan beýläk-de birleşdirmegiň wajypdygy hakynda aýdyp, geljek ýylda “Merkezi Aziýa — BMG” sammitini geçirmegi teklip etdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow sebiti dünýä söwdasynyň örän möhüm merkezleriniň birine öwürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, Ministrler Kabinetiniň Başlyklarynyň degişli meselelere gözegçilik edýän orunbasarlarynyň derejesinde bäştaraplaýyn hökümetara topary döretmegi teklip etdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sebitiň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ýer-suw serişdelerini oýlanyşykly ulanmak arkaly, obasenagat toplumyny hil taýdan ösdürmek we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri hakynda aýdyp, sebitleýin düzüm hökmünde Oba hojalyk boýunça ministrler geňeşini döretmegi teklip etdi.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew milli ykdysadyýetleriň ösmegi we ilatyň artmagy göz öňünde tutulyp, sebitiň energetika howpsuzlygy baradaky meseleleriň has-da möhüm häsiýete eýe bolýandygyna ünsi çekip, döredilmegi göz öňünde tutulýan Oba hojalyk boýunça ministrler geňeşiniň birinji mejlisiniň gün tertibine azyk howpsuzlygyna gözegçilik etmegiň sebitleýin ulgamyny ornaşdyrmak baradaky meseläni girizmegi teklip etdi.

Elbetde, şu teklipler konsultatiw duşuşykda gozgalan meseleleriň az mukdaryny şöhlelendirýär. Ýöne başlangyç ýola goýuldy, şu iň esasy zat. Şu tomus bütin dünýäde howanyň aşa gyzandygyny aýdýarlar. Awaza çäreleri biziň sebitimize jana ýaramly aram howanyň aralaşandygyny buşlady.

Uzagyndan bolsun!

Sözsoňy ýerine

Her gün işden soň, agşamara öýe gelýärsiň. Agşam salkynynda daşarda oýnap ýören agtyklaryň seni görüp, ylgap gelip gujagyňa dolýarlar. Şonda gündizki argynlygyňy unudýarsyň hem-de özüňi iň bagtly ynsanlaryň biri saýýarsyň. Şeýle pursadyň her gün gaýtalanyp durmagyny isleýärsiň. Awaza çäreleri şeýle günleriň köp bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigi bilen kalplara ornaşdy.

Seýitguly GELDIÝEW,

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36961