Awaza duşuşygy — bitewüligiň belent nusgasy

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilip, ol «Awaza duşuşygy» ady bilen taryha girdi. Elbetde, bu duşuşyk dostlukly ýurtlaryň Liderleriniň şeýle gurşawdaky ilkinji duşuşygy däl. Ýöne onuň türkmen topragynda düýpgöter täze belentlige göterilendigini, giň gerim, baý öwüşgin berlip, sungat derejesine ýetirilendigini turuwbaşdan bellemeli. Biz muny diňe özümiziň däl, eýsem, çäreleriň dowamynda görşen, gürleşen myhmanlarymyzyň, kärdeşlerimiziň pikirlerini esas edinip aýdýarys.

Konsultatiw duşuşygyň ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriň halkara sergisi, milli tagamlaryň halkara festiwaly, sungat ussatlarynyň konserti ýaly, köpugurly çäreler bilen utgaşdyrylyp, baýramçylyk ruhunda geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň halklaryň dostlukly gatnaşygy bilen bagly her bir işe diňe däp bolan resmi kadalar esasynda däl-de, yssy mähir, ýürek ýylysy bilen çemeleşýändiginiň güwäsidir. Awaza wakalary biri-biriniň üstüni ýetirip, ýakyn halklary has-da ýakynlaşdyrdy. Merkezi Aziýanyň geçmişine, şu gününe, geljegine bitewülikde ser salmaga, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriň örän giňdigine birlikde göz ýetirmäge esas berdi. Aýdylyşy ýaly, ýeke ýöräp tiz gidip bolýar, emma bilelikde ýöräp, uzak menzil aşyp bolýar. Şeýlelikde, sebit ýurtlarynyň garaşsyz ösüşiň 30 ýyllygyny baýram edýän ýubileý ýylyna şan beren taryhy duşuşyk hoşniýetli goňşuçylygyň, oňyn hyzmatdaşlygyň, geljege tarap birlikde, bitewülikde gadam urmagyň belent nusgasy boldy. Şu günlerde «Türkmenistan», «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy», «Türkmen Lideriniň başlangyçlary» ýaly jümleler dünýäniň habarlar giňişliginde ýygy gaýtalanýan sözlere öwrüldi.

Merkezi Aziýa! Taryhyň dürli döwürlerinde Oks (Oguz) derýasynyň sebiti, Mawerannahr, Turan, Türküstan diýlip atlandyrylan giňişlik. Siwilizasiýalaryň sallançagy. Aziýa bilen Ýewropanyň “altyn halkasy”. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen bu sebit diňe geografik, ykdysady taýdan däl, eýsem, ruhy nukdaýnazardan hem Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdiriji köprüdir. Ol, geçmişde bolşy ýaly, bu günki günde hem dünýäniň möhüm ykdysady, syýasy, medeni merkezi.

Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň taryhynyň bitewi bolşy ýaly, geljeginiň hem köp babatda bitewüdigini halkymyzyň “Barmak bäş bolsa-da, bilegi birdir” diýen pähimi bilen aňladyp bolar. Bu sebitde hemişelik Bitarap döwletiň keşigini öz üstüne alan ýurt hökmünde Türkmenistanyň işjeň orny barha artýar.

Her bir sebitiň, her bir ýurduň we halkyň öz aýratynlyklary, öz gymmatlyklar ölçegi bar. Munuň özi häzirki döwürde ýüze çykýan meseleler barada oýlanyşykly syýasy çemeleşmäni talap edýär. Döwrüň talaplaryna rast gelýän daşary syýasaty üstünlikli alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda öňe süren başlangyçlarynyň, başyny başlan bilelikdäki taslamalarynyň sebitiň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, hojalyk gatnaşyklaryny giňeltmäge täze itergi berip, Merkezi Aziýa döwletleriniň tagallalaryny möhüm ugurlarda birleşdirmekde esas bolandygy şeksiz hakykatdyr. Şunda, ylaýta-da, häzirki zamanyň güberçekläp öňe çykýan üç esasy ugry — ulag, energetika, ekologiýa babatda amala aşyrylan we aşyrylýan işleri, iri üstaşyr geçelgeleri, gaz geçirijileri... göz öňünde tutýarys.

Hawa, Türkmenistanyň sebit strategiýasy anyk esaslara daýanýar. Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda maksatnamalaýyn söz sözlemek bilen, möhüm başlangyçlaryň ýene-de birnäçesini öňe sürdi. Orta möhletli döwre niýetlenen ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamak; Merkezi Aziýa — Hazar — Gara deňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmek; Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek; Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmek ýaly başlangyçlar döwrüň öňe çykarýan talaplaryndan ugur alyp, tutuş sebitiň bähbitlerini nazarlaýandygy bilen gymmatlydyr.

Ählumumy derejede pikirlenmek, öz ýaşaýan ýeriň zerurlyklaryna görä hereket etmek rowaçlygyň baş çelgisi hasaplanýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannama hem şeýle çelgiden ugur alýan başlangyçlaryň ençemesini özünde jemleýär. Gürrüň, esasan-da, ulag-kommunikasiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň sebit merkezi, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog, «Merkezi Aziýa: bir geçmiş we bir geljek» diýen at bilen medeni dialog ýaly düzümleriňdir duşuşyk meýdançalarynyň işini ýola goýmak, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda we ylmy alyşmalar boýunça sebit maksatnamasyny işläp taýýarlamak, önümler we ilkinji nobatda zerur harytlar bilen üpjün etmegiň ulgamyny goldamak, «ýaşyl» geçelgeler usullaryny giňden ornaşdyrmak, serhetýaka çäklerde söwda-önümçilik merkezlerini, şeýle hem lomaý-paýlaýyş merkezleriniň ulgamyny ösdürmek, Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany taýýarlamak... hakynda barýar.

Ganatlar uçan çagty ýaýylýar.

Ýol ýolagçynyň ädimleriniň astynda önýär.

Bir maksada ýyglyp, ýürekdeşlikde pikir alşylanda, geljege bilelikde nazar aýlananda, gör, nähili giň gözýetimler açylýar, täze mümkinçilikler ýüze çykýar! Sebitiň ösüşli geljegine dahylly şeýle köpugurly başlangyçlaryň öňe sürülmegi we olary bilelikde amal etmegiň ylalaşylmagy Merkezi Aziýada täze döwrüň, hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze tapgyrynyň başlanýandygyny görkezýär.

Türkmende agzybir maşgalalardan söz açylanda, “düwlen ýumruk ýaly” diýilmesi bar. Şeýle jebislik sebit derejesinde döwrüň meselelerine hötde gelmekde has-da möhümdir. Sebitleýin hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilmeginiň bir jäheti-de hormatly Prezidentimiziň bitewi howpsuzlyk taglymaty bilen aýrylmaz baglydyr. Sebitde, yklymda, dünýäde howpsuzlygy üpjün etmezden, ony aýratynlykda bir ýurt babatda göz öňüne getirip bolmaýandygyny, ykdysady, energetiki, ekologiýa, azyk howpsuzlygy üpjün etmezden, beýleki wehimlere garşy bilelikde göreşmezden, doly derejeli howpsuzlygy gazanmagyň mümkin däldigini milli Liderimiz BMG-niň münberinden ençeme ýyl ozal dünýä jemgyýetçiligine ýetiripdi.

Sebit ýurtlarynyň barha artýan, birleşýän köpugurly tagallalary, öňi bilen, özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şonuň ýaly-da, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna bitewülikde garylyp-gatylmaga gönükdirilendir. Merkezi Aziýada bolsa häzirki zaman dünýäsiniň işine deňli-derejeli goşulyşmak üçin mümkinçilikleriň ählisi jem. Biziň sebitimizde ägirt uly, köp serişde, ilat, düýpli önümçilik binýady bar. Bu sebiti çuňňur taryhy kökler, medeni ýakynlyklar, baý tejribeler birleşdirýär. Sebitiň iň uly gymmatlygy, iň uly baýlygy bolsa, elbetde, onuň birek-birege gadyrly, başy jem, köňli jem, agzybir, jepakeş halklarydyr. Bahasyna ýetip bolmajak bu mümkinçilikleri umumy rowaçlygyň, ösüşiň, abadançylygyň bähbidine ulanmak, netijede, Merkezi Aziýany dünýädäki mynasyp ornuna çykarmak maksady Türkmenistanyň beýemçiliginde geçirilen Awaza sammitiniň, onuň dowamyndaky ähli duşuşyklaryňdyr gepleşikleriň, gazanylan ylalaşyklaryň özenini düzýär.

Bir mysal, ilkinji gezek geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11-sine gol çekilmegi, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşmagy Awaza çäreleriniň netijeliliginiň bir delilidir. Munuň özi türkmen Lideriniň “Syýasat ykdysadyýete hyzmat etmelidir” diýen ýörelgesi bilen utgaşýar.

Türkmenler “Arkalaşan dag aşar”, “Goldaşan el ýük göterer” diýýär.

Gazaklar “Dirilik birlikdedir” diýýär.

Gyrgyzlar “Myhman gider, goňşy galar” diýýär.

Täjikler “Ýagşy söz. Ýagşy niýet. Ýagşy amal” diýýär.

Özbekler “Baş başa deňlenmese, daş ýerinden gozganmaz” diýýär.

Ine, şeýle! Halklarymyzyň agzybirlik, bilelikde hereket etmek babatdaky garaýşy geçmişden şu güne hem umumy, hem üýtgewsiz. Şol bitewi garaýyş bolsa, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrülen Awaza duşuşygyndan görnüşi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň syýasy erki, bilelikdäki tagallalary bilen, Gahryman Arkadagymyzyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň belent ruhunda geljege ýol salýar.

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36874