Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamy hem döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk binýady pugtalandyrylýar, hereket edýän ätiýaçlandyryş hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar.
Ätiýaçlandyrylýanlary şahsy, emläk we raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmegi has-da güýçlendirmek babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze, has kämil nusgasyny kemala getirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň girizilmegi bu ulgamy ösdürmek, onuň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Bu möhüm resminamalar ýerli düzüm bilen bir hatarda, ýurduň çäginde iş alyp barýan daşary ýurt kompaniýalary, fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmak hukugy bilen üpjün edýär. Häzir Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt maýasyny özleşdirýän köp sanly iri kompaniýalar iş alyp barýarlar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýöredýän hoşniýetli Bitaraplyk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesi bolup durýar. Bulardan başga-da, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, «Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň, ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda» Düzgünnamanyň tassyklanylmagy bu ugruň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini alamatlandyrýar.
Ulgamyň sanlylaşdyrylmagy babatda alnyp barylýan işleriň çäklerinde häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylýar, ätiýaçlandyryş işini awtomatlaşdyrmak boýunça ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde ýerleşýän guramalaryň ählisi bilen optiki süýümli aragatnaşyk arkaly özara maglumat dolanyşygy amala aşyrylýar, onlaýn maslahatlar we okuwlar guralýar. Bu ugurda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, elektron resminamalar bilen bagly möhüm çäreler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimizde adam hakynda edilýän aladalara şaýatlyk edýän bu mümkinçilikler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mähri BAÝRAMDURDYÝEWA,
Gurbansoltan eje adyndaky etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/49085