Ätiýaçlandyryş hyzmatlary kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Öňdebaryjy dünýä tejribelerinden peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizde uly öňegidişlikler gazanylýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde döwletimiz we hususy telekeçiler ysnyşykly iş alyp barýarlar. Ykdysady ýagdaýlaryň üýtgäp durýan şertlerinde telekeçilige we işewürlige ygtybarly gorag gerek. Bu babatda ätiýaçlandyryş möhüm ugur bolup durýar. Ýurduň maliýe syýasatyndaky täze ülňüler bazar ykdysadyýetine gatnaşykda bolup, ätiýaçlandyryş hyzmatlary bazaryň ähmiýetine täzeçe düşünilmegine güýçli itergi berýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň welaýat, şäher we etrap guramalarynyň hemmesinde täze enjamlara daýanýan programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Şeýle programma üpjünçiliginiň esasy aýratynlygy olarda maglumatlaryň goraglylygynyň üpjün edilýändigindedir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirýär, netijede, wagtyň tygşytlanmagyna we gerekli maglumatlaryň öz wagtynda ulanylmagyna itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda programma üpjünçiliginiň girizilmegi bilen welaýat, şäher we etrap guramalarynyň arasynda resminama dolanyşygy çalt amala aşyrylýar.

Bulardan başga-da, guramada müşderilere «Altyn asyr» plastik kartlarynyň ähli görnüşinde ätiýaçlandyryş töleglerini nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiligi döredilen we islendik ýerde ätiýaçlandyryşyň www.insurance.gov.tm resmi web-saýtyna girip, özüňizi gyzyklandyrýan sowallara jogap alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek, döwletiň maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak, döwletiň hem-de hususyýetçiligiň, ýuridik we fiziki şahslaryň bähbitleriniň ätiýaçlandyryş goragyny kepillendirmek maksadynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy töwekgelçiligiň dürli görnüşinden ätiýaçlandyryşa kabul edýän kämil gurama öwrülmek bilen, hyzmatlaryň görnüşlerini barha giňeldýär we ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar. Biziň guramamyz geljekde döwletiň ykdysady we syýasy bähbitlerini durmuşa geçirmekde öz öňünde durýan ähli wezipeleri ýerine ýetirip, döwletimizde ätiýaçlandyryş bazarynyň mundan beýläk hem pajarlap ösmegine goldaw berer.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryşyň işini kämilleşdirmek boýunça döwrüň talaplaryna laýyk gelýän birnäçe täze meýletin görnüşler işlenilip taýýarlanyldy. Ýagny «Karz alyjylaryň karzlaryň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy», «Karzlaryň üzülmedik töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş», «Ýer titremesinden meýletin ätiýaçlandyryş», «Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş», «Sergileri meýletin ätiýaçlandyryş», «Haýwanlaryň eýeleriniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş» hakyndaky kadalaryň tassyklanmagy ýerli ätiýaçlandyryş guramalarynyň alyp barýan işleriniň has-da öňe gitmegine uly ýardam berýär.

Guramamyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýokary netijeleri gazanmak maksady bilen, ätiýaçlandyryş hyzmatlary boýunça welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda, oba ýerlerinde ilatyň arasynda ätiýaçlandyryşyň meýletin görnüşleri boýunça wagyz-nesihat çärelerini geçirip, ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça ähli zerur işleri alyp barýar.

Gözel ORAZMEDOWA,

welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmeni.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/37323