Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň, öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna garamazdan, milli ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň 6,2 göterim derejede ösmeginiň üpjün edilmegi, daşary ykdysady söwda dolanyşygynyň yzygiderli artmagy, ykdysadyýetiň pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlaryň durnukly artdyrylyp, netijeli özleşdirilmegi munuň aýdyň şaýadydyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-njy oktýabrynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn belläp geçdi. Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan şeýle ýokary depginde durnukly hem ygtybarly ösüşleriň gazanylmagy bolsa Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň mizemez, berk hem durnukly binýada eýedigine doly şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanýan ähli üstünliklerimiz halkymyzyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etdi. Muny bolsa geçen döwürleriň, şeýle hem şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça berlen maglumatlardan hem görmek bolýar. Şu ýylyň dokuz aýynyň jemleri boýunça ýurdumyzda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,5 göterim ýokarlandy. Bu bolsa ýurdumyzyň bazarlarynda halkyň isleg bildirýän harytlarynyň bahalarynyň elýeterli bolup durýandygynyň, ilatyň girdejileriniň bolsa yzygiderli ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz nebitiň we gazyň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň binýadyny emele getirýän pudakdyr. Bu pudagy ösdürmek babatda gysga döwrüň içinde asyrlara barabar işler durmuşa geçirildi. Netijede, pudakdaky gazanylan üstünliklerimiz milli ykdysadyýetimiziň maliýe babatda binýadyny berkitmäge, uly möçberde maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge şertleri döretdi. Innowasiýalara we kämil tehnologiýalara esaslanýan we ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürýän ençeme senagat kärhanalaryny gurmaga, bazar gatnaşyklarynyň giň gerim bilen ösýän şertlerinde ilatyň durmuş taýdan goragyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürmek, toplumyň önümleriniň dünýä bazarlaryna eksport edilişini artdyrmak, esasan hem, tebigy gazyň dünýä bazarlaryna çykarylyşyny artdyrmaga mümkinçilik berýän turbageçirijileriň düzümlerini diwersifikasiýalaşdyrmak mümkinçilikleri örän uludyr. Häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda daşary ýurt maýalaryny çekmek, içerki mümkinçiliklerimizi netijeli ulanmak babatda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň batly depginlerde gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Gaz geçirijiniň taslamasynyň ägirt uly geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti bardyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen gazyny Günorta Aziýanyň iri döwletlerine uzak möhlet bilen ibermäge mümkinçilik döreder, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň durmuş-ykdysady ösüşine uly ýardam eder, şeýle hem tutuş sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ykdysady söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin kuwwatly esas bolar.
Ýurdumyz örän amatly ýerde, ýagny Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Ýurdumyzda sebitara we halkara ähmiýetli ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa diňe bir milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi üçin uly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň sebitleriniň we yklymlarynyň arasyndaky ykdysady-söwda gatnaşyklarynyň has giň gerim bilen ösmegine uly ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük daşamak kuwwatyny artdyrmak, ulag-logistika ulgamyny ösdürmek mümkinçilikleri çäksiz uludyr. Mümkinçilikleriň işjeň ulanylmagy tutuş sebitiň hem yklymyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine uly itergi berer.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde mähriban halkymyz eşretli, asuda hem abadan durmuşa eýe boldy, obadyr şäherlerimiz günsaýyn gözelleşip, ata Watanymyzyň at-abraýy Arşa göterildi. Bu ajaýyp üstünliklerimiziň sakasynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Gulgeldi GULGELDIÝEW,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.