Asylly maksatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklarda gazanylýan oňyn netijeler eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Ýer ýüzünde ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýan ýurdumyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem bu ugurda guwandyryjy netijeler gazanyldy. Muňa ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.  

                                                                   

Mejlisde bellenilişi ýaly, on bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2  göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleri öndürmegiň möçberi 11 göterim artdy. Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,6 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 35,7 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 119,9  göterim, çykdajy bölegi bolsa, 98,1  göterim ýerine ýetirildi. Ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim ýokarlandy. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,1  göterim artdy. Hasabatyň dowamynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda geçirilen çäreler barada hem maglumat berildi.  

                                                                   

Makroykdysady görkezijilerden mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň taryhyna ösüşli, üstünlikli ýyllaryň ýene-de biri altyn harplar bilen ýazylýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän şeýle beýik işleriň ählisiniň gözbaşynda bolsa halkymyzyň asuda durmuşda bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek ýaly asylly maksatlaryň durandygy her bir türkmenistanlyny guwandyrýar, buýsandyrýar. 

                                                                                                           

Şöhrat BÄŞIMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.