Aşgabatdan Türkmenabada çenli

iri taslama üstünlikli amala aşyrylýar

Hormatly Prezidentimiziň 18-nji ýanwarda Ahal welaýaty boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna ak pata bermegi, 17-nji fewralda bolsa ýoluň bu böleginde asfaltyň ilkinji gatynyň düşelmegine badalga bermegi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu wakalar Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän şertlerinde bu ýoluň gurluşygyna aýratyn üns berilýändigini aňladýar.

Bilşimiz ýaly, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Ýoluň 203 kilometre barabar bu böleginiň gurluşygyny «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümine girýän hususy kärhanadyr hojalyk jemgyýetleriniň gurluşykçy hünärmenleri ýerine ýetirdiler. Bu iri taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan kärhanalaryň biri-de «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetidir. Häzirki günlerde agzalan hojalyk jemgyýetiniň işine ezber gurluşykçy hünärmenleri ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýarlar.

 — Ýol-ulag düzümine degişli iri taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygymyza diýseň begenýäris. Hojalyk jemgyýetimiz ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ilkinji böleginde özüne ynanylan işleri ýokary hil derejesinde ýerine ýetirdi. Şonda gurluşyk-inženerçilik talaplaryna aýratyn ähmiýet berildi, ýoluň ugrunda degişli desgalar ýokary talaplara laýyklykda guruldy hem-de enjamlar ornaşdyryldy. Bu bolsa halkara derejeli ýollary gurmak boýunça tejribämizi baýlaşdyrmaga mümkinçilik berdi hem-de ýoluň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna uly ruhubelentlikde girişmäge ýardam etdi. Hormatly Prezidentimiziň bu ýere gelip, iş şertlerimiz bilen tanyşmagy we ýoluň bu böleginde asfalt düşemek işine badalga bermegi asylly we sogaply işe has-da hyjuwly ýapyşmaga itergi berdi — diýip, «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Meretmuhammet Çaryýew aýdýar. 

Ýoluň halkara ülňülere laýyk gelýän hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we onuň ugrundaky desgalaryň bellenen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň esasy talap bolup durýandygyna oňat düşünýän gurluşykçy hünärmenler wagtyň her bir pursadyndan netijeli peýdalanýarlar. Işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy olara gündelik göz öňünde tutulan iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge şert döredýär.

Gurluşyk işleriniň ýaýbaňlandyrylan ýerinde bolanymyzda, hojalyk jemgyýetiniň hünärmeni Akmyrat Döwletow alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Hünärmeniň aýtmagyna görä, häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti boýunça işçileriň müňüsi, dürli kysymly awtoulaglaryň 500-e golaýy bu işe gatnaşýar. Toprak, geotekstil düşeklerini ýazmak, çagyl-çäge garyndysyny düşemek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işlerde inženerçilik talaplaryna uly üns gönükdirilip, öňi bilen, çägeden düşek ýazylýar. Soňra 1-nji, 2-nji gat daş düşeginiň hersiniň galyňlygynyň 30 santimetr, 3-nji hem-de 4-nji gatlaryň hersiniň galyňlygynyň 20 santimetr bolmagy gazanylýar. Häzirki günlerde ýoluň gürrüňi edilýän hojalyk jemgyýetine degişli böleginiň 40 kilometrine çäge düşemek işleri tamamlanyp, onda degişli işler alnyp barylýar. Ýoluň daş-çagyl düşegi doly taýýar edilen ýerinde hormatly Prezidentimiziň badalga bermeginde asfalt düşemek işine girişildi. Ýeri gelende, daş-çagyl düşegi taýýar bolan ýerde 1-nji gatyna 10 santimetr, 2-nji gatyna 7 santimetr, 3-nji gatyna 5 santimetr galyňlykda, jemi 3 gat asfalt düşelýändigini bellemek gerek.

Häzirki wagtda ýoluň 222-nji, 223-nji, 225-nji, 227-nji, 230-njy kilometrlerinde taslama çözgütlerine laýyklykda, göz öňünde tutulan dürli ölçegdäki demir-beton ötükleri gurnamak, demir dokamak we betonlama işlerine uly ähmiýet berilýär.

Ýoluň gürrüňi edilýän hojalyk jemgyýetine degişli aralygyndaky böleginde ýolüsti köprüler, aýlawly köpri, beýleki birnäçe çylşyrymly desgalar, şeýle-de ýol ugrundaky töleg terminallary, ulag serişdelerine hyzmat ediş nokatlary, ýangyç bekedi gurlar.

Ýoluň gurluşygynda ulanylýan çäge-çagyl garyndysynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesindäki Kän müdirliginden getirilmegi ýol üçin sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna we işiň bökdençsiz alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň sowgat eden asfalt zawodlarynyň ikisi bolsa hojalyk jemgyýetiniň işgärlerine ýoluň gurluşygynda gerek möçberdäki asfalty ýokary hil derejesinde taýýarlamaga ýardam edýär. Ýol gurluşyk işleriniň gowşamaýan depginde alnyp barylýandygy gurluşykçy hünärmenleriň özlerine ynanylan işleri bellenilen wagtda tamamlajakdyklaryna bolan ynamy artdyrýar.

Aýdo ŞEKEROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren awtor.