Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze desgalarynyň gurluşyklarynda işleriň barşy bilen tanyşdy
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek meselelerini hemişe berk gözegçilikde saklaýandygyny aýratyn bellemelidiris. Şoňa görä, 18-nji ýanwarda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Çandybil şaýolunyň ugrunda bina edilýän, gurluşygy «Bouygues Batiment International» fransuz kompaniýasyna ynanylan Maslahatlar merkeziniň, kaşaň «Arkadag» myhmanhanasynyň hem-de Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşy bilen tanyşdy. Bu desgalary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar.
Millilik we ýokary hil utgaşmalydyr
Hormatly Prezidentimiziň gelen ilkinji desgasy halkara forumlary geçirmek meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi boldy. Täze gurulýan binada ýokary derejede mejlisleri we duşuşyklary geçirmek, şeýle hem hormatly myhmanlary kabul etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutular.
Gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Maslahatlar merkeziniň daşky keşbini gözden geçirip, milli Liderimiz desgada alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de Maslahatlar merkeziniň daşky, içerki gurluşynyň çyzgylaryny görkezdi. Taslamalar bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz gurluşykda ulanylýan timarlaýyş, gurluşyk serişdeleriniň häsiýetnamalaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy. Şol serişdeler daşky keşbi, mäkämligi we dowamlylygy bilen tapawutlanmalydyr. Hormatly Prezidentimiz geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny, dünýäniň şähergurluşygynyň ölçeglerine we milli binagärligiň däplerine kybap gelmeginiň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Ata-babalarymyzyň myhmansöýerlik däpleri dowamat-dowam
Soňra milli Liderimiz gurluşygy dowam edýän kaşaň «Arkadag» myhmanhanasyna baryp gördi. Desgada işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz ähli ölçegler boýunça — gurluşygyň hilinden başlap, timarlaýyş işlerine çenli gurulýan toplumyň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz döwrebap binanyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Binanyň içki we daşky bezelişi, myhmanhana otaglarynyň gurluşynyň işlenip taýýarlanylyşy aýratyn, milli öwüşgine eýe bolmalydyr. Munuň özi myhmanhananyň hyzmatlaryndan peýdalanjak daşary ýurtly myhmanlara türkmen halkynyň özboluşly däpleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döreder. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, myhmanhana toplumynda oňaýly ýaşamak we dynç almak üçin döredilýän şertler Gündogaryň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine doly kybap gelmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi, täze desganyň gurluşygynyň ýokary hil derejesine eýe boljakdygyna ynam bildirdi.
Köpetdagyň etegi: ajaýyp görnüş — şanly wakalar
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem Hökümet münberiniň gurluşygy bilen tanyşdy. Köpetdagyň eteginde gurulýan münberden günsaýyn gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi açylýar. Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, 2 müň orunlyk myhmanlar üçin münberi öz içine alýar. Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler, giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabara geçiriler.
Gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer Hökümet münberinde alnyp barylýan gurluşyk — abadanlaşdyryş işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Hökümet münberinde Watan goragçylarynyň dabaraly ýörişini ýokary derejede guramak maksady bilen, bu ýerde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz harby ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görlende Hökümet münberiniň öňündäki meýdançadan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň guramaçylykly geçmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýer şu ýyl şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk, hususan-da, degişli medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz bu ýerde dabaraly ýörişler bilen bir hatarda, giň gerimli medeni-köpçülikleýin çäreleri guramak üçin ähli şertleri döretmegi göz öňünde tutmalydygyny belledi, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň netijelerini jemläp, milli Liderimiz täze gurulýan desgalaryň şäheriň şu bölegindäki ajaýyp binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar hem-de gözel tebigat bilen utgaşmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
"Nesil".