Aşgabat — geljegiň şäheri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzda ýokary depginli ykdysady ösüşler gazanylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap ykdysady-innowasion düzümi emele getirmek babatynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ylmy esasly innowasion senagat, jemgyýetiň gülläp ösüşiniň binýady bolan bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly (elektron) ykdysadyýete geçmek boýunça anyk meseleleri durmuşa ornaşdyrmak barada beren tabşyryklary, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipeler üstünlikli berjaý edilýär. Häzirki zaman dünýäni sanly tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ol biziň durmuşymyzyň ähli ugurlarynyň ösüşlerine uly ýardam edýär. Täze tehnologiýalar öýde, işde, bilimde, saglygy goraýyşda, umuman, ähli ugurlarda işjeň ulanylýar.

Şähergurluşyk-binagärlik keşbi barha kämil görnüşe gelýän mähriban paýtagtymyz bu gün bagtyýar halkymyzyň göz-guwanjyna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň buýsanjyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Aşgabatda ençeme medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup ulanylmaga berildi.

Paýtagtymyz Aşgabat Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere eýe bolup, jahanyň iň owadan şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gün-günden özgerýän paýtagtymyz ajap eýýamda bagtyýar halkymyzyň bagtyýar durmuşyna nur çaýýar. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory mähriban ýurt Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilik ylhamyndan hem-de egsilmez zehininden kemal tapan ak şäherimiz özüniň gaýtalanmajak binagärligi, gözelligi, owadanlygy, bagy-bossanlyga bürelendigi bilen ildeşlerimiziň, daşary ýurtly myhmanlaryň müňlerçesiniň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat üýtgeşik binagärlik gurluşy, ak mermere beslenen köpsanly täsin desgalary bilen haýrana goýýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan we badalga berlen şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasyna laýyklykda geçen ýylyň 10-njy noýabrynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berlen ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň şunuň ýaly awtomatlaşdyrylan ulgamy yşyklandyryşy, ýyladyşy, howany çalyşmagy we sowatmagy, howpsuzlyga gözegçiligi we olary dolandyrmagy özünde jemleýär.

Ykjam telefonlaryň we ses buýrugynyň üsti bilen uzak aralykdan dolandyrylýan gorag ulgamy jaýlaryň howpsuzlygynyň toplumlaýyn çözgüdi boldy. Ol gapylaryň we penjireleriň internet ýa-da barmak yzlary boýunça awtomatiki ýapylyşyny we açylyşyny üpjün edýär. Abzallar oturdylan penjireler ýel ýa-da ýagyş bar wagtynda, howa şertlerine görä özbaşdak ýapylýar.

«Akylly öý» ulgamy şeýle hem elektrik energiýasynyň, gazyň, suwuň sarp ediliş möçberi barada maglumatlary almaga, uzak aralykdan öýdäki howanyň derejesini kadalaşdyrmaga we beýleki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda dünýäniň ençeme ýurtlary «Akylly şäherleri» («Intellektual-sanly şäherleri») döretmeklige aýratyn ähmiýet berýärler.

Aşgabat şäheri sanly ulgamy ösdürmekde giň mümkinçiliklere eýedir. Dünýä tejribesiniň täze gazananlaryny özüne siňdirýän gözel we nurana paýtagtymyz Aşgabadyň ýakyn geljekde intellektual-sanly şäherleriň hataryna goşuljakdygy şübhesizdir.

Babamyrat TAGANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/17709