Arkadaga alkyş bolsun!

Öňňin hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Kaka etrabynda täze iri dokma toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde ulanylmaga berlen iri senagat desgasy ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda egsilmez şatlyk duýgusyny döretdi. Şonuň bilen baglylykda, ýörite habarçymyz ajaýyp waka mynasybetli ildeşlerimiz bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:

— Hormatly Prezidentimiziň dokma senagaty pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa ägirt uly maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi ugrundaky tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ýeňil senagatynyň önümçilik kuwwaty barha ýokary depginlerde ösýär. Häzirki döwürde pudaga degişli onlarça kärhana hereket edip, olarda dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şu şatlykly günlerinde häzirki zaman dokma toplumynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, pudagyň önümçilik düzümleriniň pugtalanmagyna itergi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan iri dokma toplumy bölümleriň birnäçesini öz içine almak bilen, olarda dünýä meşhur önüm öndürijileriň iň kämil tehnologiýalary oturdylypdyr. Bu bolsa, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary görnüşli nah ýüplügini, egin-eşiklik matalary hem-de taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimizi has-da kuwwatlandyrjak şeýle iri desgalary yzygiderli gurdurmagy bilen, ýurdumyzyň senagat pudagy belent derejelere çykýar, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Nobatdaky desganyň bu babatda ähmiýetiniň uly boljakdygyny uly buýsanç bilen bellemelidiris. Onda öndüriljek ýokary hilli önümler “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgy bilen dünýä bazaryna çykarylar. Şol önümlere islegiň ýokary boljakdygyna ynanýarys.

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrjak şeýle dokma toplumlaryny gurdurýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, döwletli tutumlary has-da rowaçlansyn!

* * *

Tahyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy:

— Hormatly Prezidentimiz etrabymyza gelip, iri dokma toplumyny toý ruhunda açyp berdi. Bu desga döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp baýramçylyk sowgadydyr. Muňa şatlygymyzyň we begenjimiziň çägi ýokdur. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň sowgat eden iri dokma toplumynda dünýäde uly islege eýe boljak ýokary hilli dokma önümleriniň önümçiligine girişildi, ol ýerde ýaşlarymyzyň 1300-si üçin iş orunlary döredi. Bu zatlar döwrümiziň bagtyýarlygyndan alamatdyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri beýik ösüşleriň we özgerişleriň zamanydyr. Watanymyzda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli işler, döwletli tutumlar şeýle diýmäge esas berýär. Soňky sanlyja ýylyň dowamynda diňe biziň etrabymyzyň özünde ençeme desgalar guruldy. Olaryň arasynda Duşak şäherçesinde gurlan etrap hassahanasynyň dogrum bölüminiň binasyny, keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen lukmançylyk toplumyny, Artyk obasyndaky Saglyk öýüni, Garahan obasyndaky Saglyk öýüni, “Türkmenistan” daýhan birleşigindäki suw arassalaýjy desgany, şeýle-de etrabyň çägindäki birnäçe döwrebap ýyladyşhana toplumyny agzamak ýakymlydyr.

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizilen iri dokma toplumy şol döwrebap desgalaryň üstüni ýetirdi. Täze toplumda inçe süýümli pagtanyň ýylda 5 müň tonnasynyň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli dokma önümleriniň öndüriljekdigi has-da guwançlydyr. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38550