Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, halkara abraýynyň ýokarlanmagy hem-de merdana halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň şa gadamynyň düşen ýeri berekediň, rysgalyň, bolçulygyň çeşmesine öwrülýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň ýakynda, 23-nji awgustda Mary welaýatyna amala aşyran döwletli iş saparynyň barşynda ýene bir gezek göz ýetirdik.
Gahryman Arkadagymyzyň her gezekki iş sapary täze ajaýyp üstünlikleriň başyny başlaýar. Bu bolsa türkmen halkynyň bagtyýar geljegine bolan ynamyny, milli Liderine, Watanyna bolan söýgüsini hem buýsanjyny artdyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän iri «Galkynyş» gaz känine baryp, bu ýerde «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň gaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de tebigy gazyň çykarylyşyny we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, täze gaz guýularynyň 3-siniň gurluşyk işlerine badalga berdi. Gaz guýularyny önümçilige girizmek üçin Hytaý Halk Respublikasynyň «СNPС» Сhuanging Drilling Engineering Сompany Limited» kompaniýasy bilen işleri 30 aýyň dowamynda ýerine ýetirmek bellenildi. Bu gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmesiniň biri bolup hyzmat eder. Munuň özi ýurdumyzyň üstüne alýan borçnamalarynyň doly derejede ýerine ýetirilmegine örän jogapkärli çemeleşýändigini aňladyp, ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmündäki halkara abraýyny has-da belende göterýär.
Dünýäniň iri energetika döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Watanymyzyň baý uglewodorod serişdeleriniň netijeli ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hyzmat edýär. 2009-njy ýylyň dekabrynda taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ― Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Liderleriniň gatnaşmaklarynda işe girizilen gaz geçiriji ýylda 40 milliard kub metr türkmen gazyny ibermäge niýetlenendir.
Häzirki döwürde tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz döwletimiz Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek baradaky garaýşyny yzygiderli öňe sürüp gelýär. Bu baýlyklary halkymyzyň we dünýä halklarynyň bähbidine netijeli ulanmak üçin köp işler amala aşyrylýar.
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy bilen bu ugur boýunça indi ençeme wagt bäri Hytaý Halk Respublikasyna türkmen tebigy gazy eksport edilýär. Şu döwrüň dowamynda bu gaz geçiriji arkaly Hytaýa milliardlarça kub metrden hem gowrak tebigy gaz iberildi.
Dünýäde iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanmaga berilmegi eksport gaz geçirijileriniň çig mal binýadyny berkitmek babatda örän möhüm ädim boldy.
Bu ýerde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň milliardlarça kub metrine barabar bolan gaýtadan işleýän toplumlaryň üçüsi işe girizildi. Olaryň gurluşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary gatnaşdylar. Umumy meýdany dört müň inedördül kilometrden hem köp bolan «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş gorunda häzirki wagtda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biri bir gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna goşant goşjak täze gaz guýularynyň gurluşygy gysga wagtyň dowamynda tamamlanyp, tebigy gazyň köp mukdarda çykaryljakdygyna we daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň artdyrylmagyna mümkinçilik döretjekdigine, şunuň bilen baglylykda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna täsirini ýetirjekdigine ynanýarys.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iş saparynyň dowamynda sebitde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin niýetlenen binanyň gurluşygyna badalga berip, «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertine gatnaşdy.
Şeýle hem milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň onusyny sowgat berdi.
Mundan başga-da, welaýatymyzyň il sylagly ýaşulularynyň ak pata bermegi bilen Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ojar Aziýa» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan ýedi gatly, 188 öýli ýaşaýyş jaý toplumynyň hem-de Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly önümhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna amala aşyran iş sapary sebitiň ýaşaýjylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Iş saparynyň barşynda açylyp, ulanylmaga berlen hem-de gurluşyk işleriniň düýbi tutulan desgalar bolsa döwletimiziň kuwwatly ösüşiniň we «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň dabaralanmasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň eşretli ýaşaýşy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Halkymyzyň röwşen geljegi üçin tutýan belent tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Seýitmyrat ATAMURADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.