Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Nurmuhammet Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýew garşyladylar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça öňe sürülýän täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynda şäher ilatynyň ýokary derejeli ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendigini aýdyp, Aşgabadyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depgininiň hem-de köpugurly kuwwatynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunda ýol-ulag düzüminiň işine möhüm ähmiýet berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda durmuş-medeni maksatly desgalaryň hem-de ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň gurluşygynda binagärligiň milli däpleriniň we bu ulgamda öňdebaryjy tejribäniň, bezeg ýörelgeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Degişli desgalaryň şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Hormatly Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, ulag ýollarynyň, aýratyn-da, köp zolakly şäher köprüleriniň binagärlik keşbine, olaryň bezeg aýratynlyklaryna hem-de desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň baş şäherini hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini, şol sanda amatly ekologik gurşawyň döredilmelidigini belledi. Bu babatda iň gowy tejribä, ylmyň gazananlaryna we gadymdan gelýän milli däplere daýanmak zerurdyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we dag gerişlerinde gurlan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerine geldi. Häzirki döwürde bu ýerde döwrebaplaşdyryş işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Paýtagtymyzda we sebitlerde iň täze enjamlar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap sport toplumlary, stadionlar, şypahana ulgamynyň binalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri guruldy, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyryldy. Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Saglyk ýoly paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrüldi. Munuň özi ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha meşhurlyga eýe bolýandygynyň, oňa eýerýänleriň sanynyň gün-günden artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Şunda Gahryman Arkadagymyz şahsy görelde görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmekde uly işleri bitirendigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinde işlän döwürlerinde “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna uly goşant goşdy, “Sagdyn bedende — sagdyn ruh” şygary astynda bu ugra degişli giň möçberli özgertmeler amala aşyryldy, şeýle hem Köpetdagyň belent gerişlerinden Saglyk ýoly çekildi.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde taryhy maglumatlaryň, degişli golýazmalaryň toplanyp, “Ruhnama” kitabynyň döredilendigini hem nygtamak zerur. Munuň özi şol wagtlarda saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet we sport ugurlarynyň döwrebap derejede ösdürilmegi, olaryň degişli maglumat binýadynyň döredilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilendiginiň aýdyň beýanydyr.
Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy” atly ajaýyp kitabynda halkyň saglygy, aýratyn-da, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň sagdyn bedenli bolmaklary bilen baglanyşykly meseleler öz beýanyny tapdy. Kitapda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň ähmiýetine gönükdirilen lukmançylyk maslahatlarynyň bardygyny bellemeli.
Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ekologik ulgam bilen örän berk baglanyşyklydygyny nygtamak zerur. Häzirki döwürde dünýäde adamlaryň abadançylygynyň hem-de ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde ekologik meselelere uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu wajyp wezipeleri çözmäge anyk goşant goşup, uzak geljek üçin niýetlenen, ylmy taýdan esaslandyrylan tebigaty goraýyş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirýär. Şunda alym Arkadagymyzyň şahsy goşandyny bellemek gerek.
Hereket etmek, gezelenç etmek hem-de boş wagtyňy peýdaly, işjeň geçirmek üçin döredilýän şertler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň ruhuny belende göterýär. Bu bolsa adamlaryň işjeňliginiň, olaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýän möhüm şertleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary halkymyzyň uly goldawyna hem-de halkara derejede giň ykrara eýe boldy.
Hormatly Arkadagymyz bu ýerden gün-günden gözelleşýän paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini synlady. Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň seleňläp görünmegi ähli gündogar halklarynyň söýgüli şahyry hökmünde ykrar edilen meşhur şahsyýetiň keşbinde özboluşly gudratyň jemlenendigini görkezýär.
Gyş paslynyň soňky aýynyň jana şypaly arassa, salkyn howasy, Köpetdagyň belent gerişleri, onuň etegindäki tebigatyň ajaýyp ýerleri ynsan ruhuny göterýär we güýç-kuwwatyny artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz ajaýyp giňişligi, dag gerişlerini synlap durşuna, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň ýylyň ähli paslynda nur saçyp durmalydygyny belledi. Munuň özi watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, halka, Watana wepaly gulluk etmegiň beýik nusgasyny döreden şahyryň heýkeliniň asylly başlangyçlardan, yhlas-tagallalardan binýat bolandygynyň aýdyň beýanydyr. Şunda dürli öwüşginlerden döreýän ajaýyp şekiller türkmen halkynyň pähim-paýhas ummanynyň ähmiýetini açyp görkezmelidir.
Soňra Gahryman Arkadagymyz ýoluny dowam edip, Arçabil şaýolunyň ugrunda saklandy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde ýerleşýän köp gatnawly we gurluşygy babatda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän köpriniň bezeg aýratynlyklary, onuň gurluşygynda ulanylan serişdeleriň hil derejesi, bu künjegiň yşyklandyryş ulgamy bilen tanyşdy. Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, şähergurluşyk maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, binalaryň we desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, olaryň bezegi möhüm ugurlaryň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, gurulýan ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň, köprüleriň özboluşly bezeg aýratynlyklarynyň döredilmeginde, häzirki zaman dizaýn sungatynyň talaplaryna laýyk gelmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň, talyplarynyň teklipleriniň öwrenilmelidiginiň möhümdigini belledi we Aşgabat şäheriniň häkimine bu meseleleriň oňyn çözülmegi ugrunda degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny aýtdy.
Desgalaryň ýerleşýän ýerleri nazara alnyp, olaryň bezeg işlerinde Diýarymyzyň çäginde bar bolan tebigy baýlyklaryň, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli medeniýetine degişli gymmatlyklaryň öz beýanyny tapmagy wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, köprüleriň ýerleşýän ýeriniň özboluşly aýratynlyklaryna we şol töweregiň binagärlik keşbine kybap gelýän şekiller bilen bezelmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine — Arkadag şäherine bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösüş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berjek giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.
Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki wagtda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, ilki bilen, bu ýerde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleri synlady.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan durmuşda ýaşamagyna, ýaş nesilleriň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi esasynda, maşgalany goldamak, enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek, olara bilim bermek babatda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Arkadagymyz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem-de Ahal welaýatynyň Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe üns merkezinde saklaýar. Şunuň bilen baglylykda, halkymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine, şäherleri ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işlerde öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagyna, ýol-ulag düzüminiň işiniň kämilleşdirilmegine, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň, Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowyň, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň hem-de Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki wagtda gurluşyk desgalarynda alnyp barylýan işler, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň ösüşlerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly geçirilýän çäreler barada maglumat berdiler.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe ýüzlenip, şähergurluşyk işine häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradowa degişli ugur boýunça tejribe alyşmak, işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagynda möhüm ähmiýeti bolan başlangyçlary taýýarlamak babatda anyk tabşyryklar berildi. Şunda halk bilen ysnyşykly hereket etmegiň, halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolup, degişli wagyz-nesihat işleriniň geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz işleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň sazlaşykly ösüşiň baş şertini emele getirýändigini belledi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça metbugat wekili wezipesiniň “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory A.Jepbarowyň üstüne ýüklenýändigini aýdyp, oňa bu işleri alyp barmak babatda birnäçe maslahatlary berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň internet saýtynyň döredilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz onda Halk Maslahaty, onuň alyp barýan işleri we bu ugurdaky täzelikler baradaky maglumatlaryň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewe bu ugurdaky işleri döwrebap guramagy we utgaşykly alyp barmagy tabşyrdy.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň häkimlerine ýüzlenip, bu iki şäheriň özboluşly aýratynlyklarynyň bolmagynyň kanunalaýykdygyny, şäher ösüşinde özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, şäherleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine, olarda amatly ýaşaýyş, döredijilik we dynç alyş şertleriniň döredilmegine zerur üns berilmelidir.
Gahryman Arkadagymyz maslahatyň dowamynda ýurdumyzda kabul edilen şähergurluşyk maksatnamalaryndan hem-de «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkara ölçeglere kybap gelýän, iň täze tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen dürli maksatly binalaryň gurluşygyna, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen desgalara möhüm üns berilýändigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda her ýylda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan çagalar baglary, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Gurluşyk işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalaryň we iň gowy tejribäniň işjeň ulanylmagy, bina edilýän dürli maksatly desgalaryň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň köpugurly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär. Raýatlaryň abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni bäri ençeme haýyrly işler ýerine ýetirildi. Bu işleriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda üstünlikli dowam etdirilýändigini bellemek ýakymly.
Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde üpjün edilýän mümkinçilikler häzirki zamanyň ösen talaplaryna, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna laýyk gelmelidir. Bu ýerde çagalaryň dynç almaklary bilen bir hatarda, olaryň höwes edýän hünärleriniň endiklerini ele almagyna ýardam berýän ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy.
Maslahatyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna welaýatyň çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň enjamlaşdyrylyşy, onuň bölümleriniň ýerleşdirilişi barada maglumat berýän çyzgylary we taslamalary görkezdi.
Merkez gurlanda hem-de timarlaýyş işleri geçirilende ýokary hilli serişdeler ulanylmalydyr. Şol serişdeler ýurdumyzyň howa şertlerini, ekologik talaplary nazara almak bilen, olaryň berkligi we amatlylygy göz öňünde tutulyp seçilip alynmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalary synlap, olar durmuşa geçirilende, ýokary hiliň üpjün edilmelidigine aýratyn ünsi çekdi. Merkeziň desgalarynyň keşbinde, içki bezeginde milli binagärligiň ajaýyp däpleri bilen sazlaşyklylykda onuň häzirki zaman üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr.
Hormatly Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze merkeziniň gurluşygy üçin bölünip berlen ýerleriň, şol sanda olaryň ekologik ýagdaýynyň, seýsmiki durnuklylygynyň hem-de beýleki degişli görkezijileriň alymlar tarapyndan içgin öwrenilendigini aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.