Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň tugrasynda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we bedewiň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň we bu ugur boýunça taýýarlanylýan taslamalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk derejesine jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki işleriň we bu ýerde amatly ekologik ýagdaýy saklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de onuň çäklerindäki ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew akademiýada alnyp barylýan işler, talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ugrunda döredilen şertler we ýaşlaryň atçylyk ulgamyna degişli milli ýörelgeleri özleşdirişleri barada hasabat berdi. Şeýle hem rektor hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýyl açylyp ulanmaga berlen Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ilkinji gezek geçirilmeginiň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we munuň üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralarda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly däpleriniň, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde dowamata beslenýändigi öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow assosiasiýanyň düzümlerinde alnyp barylýan işler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän giň möçberli taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, şeýlelik bilen, olaryň baş sanynyň has-da artandygyny uly buýsanç bilen habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze doglan taýy synlap, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy. Şeýle hem Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýçanagyň adyna eýe bolmagyny, gadamynyň batly bolmagyny arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde ajaýyp taýçanagyň dünýä inmeginiň, onuň eýýäm kellesini dik tutup bilmeginiň we reňk taýdan gözellige gelmeginiň buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri “At — myrat” diýlişi ýaly, häzirki döwürde pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we atşynaslara yhlasly zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Arkadagymyzyň çözgüdini makullap, täze doglan taýyň şöhratly, baýrakly bolmagyny arzuw etdiler we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen nakyly döreden pederlerimiziň ganatly bedewlere bolan gatnaşygyny kämillik derejesine ýetirendiklerini belläp, bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmelidigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň mugallymlarynyň talyplar bilen geçirýän okuw işleriniň döwrebap ýagdaýda ýola goýulmalydygyny, şunda mugallymlaryň hünär taýdan kämilligi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle-de akademiýanyň professor-mugallymlarynyň milli atşynaslyk däplerini ylmy taýdan öwrenmekleri we ösdürmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir.

Akademiýanyň talyplary okuwdan boş wagtlaryny bedewleriň arasynda geçirmelidirler, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri, häzirki zamanyň tejribesini utgaşykly alyp barmaklary ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Akademiýanyň rektory gymmatly maslahatlarydyr goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza ähli mugallymlaryň we talyplaryň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň dünýä atlarynyň arasynda iň owadanlarynyň we çeýeleriniň biri hökmünde ykrar edilen, arassa ganlylygy bilen meşhur bolan milli gymmatlyga — ahalteke bedewlerine buýsanýandygyny belläp, behişdi bedewleriň şanyna guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň täze belentliklere göterilendigi nazara alnanda, bu ugurdan bilim alýan ýaşlaryň ahalteke bedewleriniň taryhyny, olaryň häzirki döwürdäki ýagdaýyny we milli atşynaslygyň ösüşiniň geljekki ugurlaryny içgin özleşdirmekleri babatda zerur tagallalar edilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şol bir wagtyň özünde ahalteke bedewleriniň kuwwatyny, ýyndamlygyny, çydamlylygyny görkezýän at çapyşyklary barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen at çapyşyklarynyň häzirki zaman usullarynyň we dünýä tejribesiniň netijeli özleşdirilmeginiň ähmiýetlidigini belledi.

Şol pursatda täze doglan we hormatly Arkadagymyzyň Şahyr diýip at beren hem-de boýnuna alaja dakylan taýçanak bökjekläp, dürli oýunlar edýär. Bu görnüşler ynsan gylykly taýçanagyň türkmen döwletinde bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara buýsanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taýyň özleri hakda edilýän alada düşünip, oňa şadyýan oýunlarynyň üsti bilen bildirýän özboluşly hoşallygydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedew seýislemegiň asylly ýörelgeleri nesilden-nesle geçip, häzirki döwre ýetirilipdir. Munuň özi ussat seýisleriň gözelligiň, kämilligiň hakyky nusgasyny döredip bilendikleriniň aýdyň güwäsidir. Häzirki döwürde behişdi bedewleriň özboluşly beden gurluşyny saklamak, arassa ganly atlaryň baş sanyny artdyrmak işleri döwrebap derejede dowam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bedew bilen ynsan gatnaşygy barada aýdyp, atyň üýtgeşik gudratynyň bardygyny, onuň ynsan saglygyna ýaramly täsir edýändigini belledi. Çünki bedew, onuň beden gurluşy adamyň ruhuny belende göterýär. Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň kemala getiren behişdi bedewleriniň döwrebap derejede saklanmagy, olaryň ösdürilmegi, milli atşynaslaryň täze, has kämil nesliniň kemala gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik meselelerini öwrenmegi we bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)