Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri

Asylly däp boýunça her ýyl özüne mahsus şygar bilen atlandyrylýar. Birbada göräýmäge, munuň özi şol şygarlaryň astynda ruhy we zähmet joşgunyny döretmek, ýyllara aýratyn köpöwüşginli many-mazmun çaýmak üçin niýetlenen jemgyýetçilik taslamasy ýa-da strategik başlangyç ýaly bolup dur. Emma ýyllara öz şygarlaryna görä içgin nazar aýlanyňda, başdaky pikiriň has-da giňeýär. Ýylyň şygarynyň şol ýylda nähili işlere agram bermelidigini kesgitleýän we salgy berýän özboluşly ugurdygyna göz ýetirýärsiň. 

                                                                   

Ýurtda ähli pudaklar boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi belli zat. Ýöne şygarlar boýunça her ýyl geçirilýän işlere aýratyn uly ähmiýet berilýär, olaryň gerimi we möçberi haýran galdyrýar. Bu, bir tarapdan, her ýyl durmuş-ykdysady ulgamyň belli bir ugruny has-da ilerletmäge we ösdürmäge mümkinçilik berse, ikinji tarapdan, ähli pudagyň ösüş depgininiň deňagramlylygyny saklamaga ýardam edýär. Bu, gürrüňsiz suratda, iňňän paýhasly çözgütdir. Munuň oňyn netijeleri ýyl-ýyldan has aýdyň bildirýär. 

                                                                   

2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Ýokarda aýdylan pikirlerden çen tutsak, bu ýyl sözüň göni we doly manysynda ýaşlaryň ýyly bolaýmaly. Bu hut şeýle-de boldy. Täze ýylyň bosagadan ätlänine köp wagt bolmadyk hem bolsa, eýýäm ýaşlar barada edilýän aladanyň barha artýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Olaryň ýurdumyzyň söwda-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ynsanperwer durmuşynda eýeleýän orny pugtalanýar we artýar. Ýaşlar kanunçylygy kämilleşdirilýär we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär. 

                                                                   

Ünsüňizi 26-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň saýlawlaryna çekesim gelýär. Saýlawçylarda, ilkinji nobatda bolsa, daşary ýurtly synçylarda saýlawlaryň guramaçylykly, giň demokratik esaslarda geçirilmegi hem ýakymly täsir galdyrdy welin, olary esasy guwandyran zat dalaşgärleriň köpüsiniň ýaşlardygydyr. Saýlawlara ses bermäge gatnaşan Gahryman Arkadagymyz hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berende, dalaşgärleriň, esasan, ýaşlardan ybaratdygyny aýtdy. Munuň özi döwletiň, halkyň ýurt ykbaly bilen dahylly işleri öz ýaş raýatlaryna şübhesiz ynanýandygyny görkezdi. Eger halkymyz öz ýaşlaryna ynanýan bolsa, diýmek, olar şol ynama mynasypdyrlar. 

                                                                   

Ýaşlara berilýän üns, ýaşlar barada edilýän alada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has giň gerimli häsiýete eýe bolýar. Şonuň bilen bir hatarda hem döwletimiziň häzirki we geljekki belent maksatlaryny hemişe ýaşlar bilen berk baglanyşdyrýandygyny nygtamak gerek. Biz muny köp mysallaryň üsti bilen subut edip bilerdik. Ýöne olary birin-birin sanap oturmazdan, diňe şu iň soňky döwlet ähmiýetli wakanyň üstünde durmak isledik. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen Aşgabadyň golaýynda, ajaýyp dag eteginde Arkadag şäheriniň gurulýandygyndan hemmeler habarlydyr. «Akylly şäher» konsepsiýasy boýunça gurulýan bu häzirki zaman şäheri ýaşaýyş üçin döredilýän iň ýokary amatlyklary, öňdebaryjy durmuş şertleri bilen diňe bizi däl, daşary ýurtlulary hem haýran galdyrýar. Bu şäheri kim gurýar? Ýaşlar! Özi hem türkmen ýaşlary! Türkmenistanlylaryň soňky ýyllarda kemala gelen täze nesli! Milli Liderimiz Arkadag şäherine degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça 25-nji martda geçirilen bilelikdäki mejlisde bu hakykaty uly buýsanç we guwanç bilen tassyklady. Bu şäher uly taslama. Ol ýurdumyzda, hatda tutuş sebitde amala aşyrylýan iň iri innowasion şähergurluşyk taslamasy. Şol mejlisde häzir şäherde dürli maksatly desgalaryň 336-synyň gurluşygynyň tamamlanyp barylýandygy aýdyldy. Öňde şäheriň ikinji tapgyry bar. Onuň gurluşygy hem gujurly, zehinli, sowatly ýaş hünärmenlere ynanyldy. Munuň özi nämeden habar berýär? Ýaňy hem aýdyşymyz ýaly, öňde goýlan maksatlara ýetmekde ýaşlara uly orun berilýändiginden, ýaşlar meselesini üstünlikli çözmekde anyk we netijeli çäreleriň görülýändiginden habar berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde aýdan şu göwün galkyndyryjy sözleri diňe ýaşlaryň däl, eýsem, tutuş halkymyzyň ýüregine jüňk bolandyr. Ine, şol jümle: «Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri hökmünde ykrar edilmegi guwançly ýagdaýdyr». Bu, hakykatdan hem, hut şeýle bolmalydy. Birinji sebäbini ýaňy aýdypdyk: bu ýaşlaryň gurluşyga gatnaşygy bilen bagly. Ikinjiden, Arkadag şäheriniň dolandyryş we beýleki edaralarynyň ýolbaşçy wezipelerine, esasan, ýaşlar bellenildi. Üçünjiden, şäherde işlejek hünärmenler, ýaşajak ilat, esasan, ýaşlardan ybarat bolar. Şeýlelikde, bu şäherde häzirki we geljekki nesilleriň jebis bitewüligi, ýurdumyzyň okgunly we abadan gülläp ösüşi öz beýanyny tapar. 

                                                                                                           

Oraz ABDYÝEW.

                       

«Türkmenistan»