...Wagtyň salymy ýok diýleni. Ondan bäri dört ýyla basalykly wagt geçdi. Eýýäm bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň birinji tapgyry amala aşyryldy. Ahal welaýatynda döwrebap şäher kemala geldi. Mejlisiň karary bilen, welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesi berildi we ol «Arkadag şäheri» diýlip atlandyryldy.
Anyk aýdylanda, 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken taryhy Karary esasynda Gökdepe etrabynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna badalga berildi. Şondan bir aý gowrak wagt geçenden soň — 10-njy aprelde Milli Liderimiziň gatnaşmagynda täze şäheriň düýbi tutuldy. Häzir bu ýerde innowasion şähergurluşyk tehnologiýalarydyr ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlary, milli hem-de iň ösen dünýä tejribesi ulanylyp, täsin şäher gurşawyny kemala getirmegiň ikinji tapgyry dowam etdirilýär.
Arkadag şäheri tutuşlygyna «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp bina edilen desgalardan ybarat bolmak bilen, ekologik talaplar esasynda gurulýar. Bu ýerde «smart-siti» döwrebap şähergurluşyk ýörelgesine laýyklykda, ekologik taýdan arassa elektrobuslardyr elektromobiller hereket eder. Olaryň hereketine sanly ulgam arkaly gözegçilik ediler; «akylly» yşyklandyryş ulgamy, Gün we ýel batareýalary, häzirki zaman sanly hyzmatlar, «akylly» zir-zibil gaplary ornaşdyrylar. Şäheriň ýaşaýjylary «akylly» şäher we «akylly» öý hyzmatlary, ýagny smartfonyň üsti bilen internet arkaly ýaşaýyş öýlerini uzak aralykdan dolandyryp bilerler. Bu ýerde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik dörediler. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy gurnalyp işe girizildi. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly» şäher bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze şäheriň gurluşygyny şu geçen ýyllarda hemişelik üns merkezinde saklamak bilen, ol ýere yzygiderli baryp, işleriň gidişi bilen tanyşdy. Guralan iş saparlarynyň ýygjamlygyna üns berseň, täze şähere Milli Liderimiziň näderejede ähmiýet berýändigine göz ýetirmek bolýar. Bir söz bilen aýdylanda, täze şäheriň taslamasy Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan, wagtdan ozýan döredijilikli pikirleriniň miwesidir.
Şu ýerde täze şäherde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna ýurdumyzyň görnükli şahsyýetleriniň adynyň dakylandygyny ýatlamak maksadalaýykdyr. Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylyp, «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy», mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylyp, «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi», lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylyp, «Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi», Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki», welaýat kitaphanasyna türkmen halkynyň akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-Azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylyp, «Döwletmämmet Azady adyndaky Ahal welaýat kitaphanasy», drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy we «Ahal welaýatynyň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry», täze şäheriň ýörite sungat mekdebiniň «Sahy Jepbarow adyndaky Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi» diýlip atlandyrylmagy, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy ýurdumyzda görnükli şahsyýetlere, il-halky, Watan üçin beýik hyzmatlary bitiren ynsanlara goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr.
Mahlasy, bu ýerde çagalar baglary, orta mekdepler, başlangyç we orta hünär, sungat mekdepleri, saglyk öýleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, hassahanalar, Ruhyýet köşgi, medeniýet öýi, drama teatry, kitaphana, sirk, muzeý, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, beýleki hyzmat edaralary, halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, ylmy-önümçilik merkezi, metjit we medrese, dolandyryş, işewürlik, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary, bir söz bilen aýdylanda, ählitaraplaýyn ykjam şäher kemala gelýär. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalar. Merkezi seýilgähde Wi-Fi zolagy dörediler. Edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy ornaşdyryldy, e.gov.tm döwlet hyzmatlary saýty welaýat merkeziniň portalyny açýar.
Geçen ýylyň 24-nji dekabrynda Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi. Onuň çäklerinde iki gatly ýaşaýyş jaý toplumy, seýilgäh, häzirki zaman kommunikasiýalar ulgamyna degişli döwrebap serişdeler zolaklary, ýol hereketiniň statistik hasabatyny elektron ulgam arkaly tabşyrmagyň programma üpjünçiligini amala aşyrýan elektron resminama dolanyşyk ulgamynyň merkezleri bina ediler.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde azyk howpsuzlygyny, degişli ekologik ýagdaýy üpjün etmek bilen bir hatarda täze iş orunlarynyň döremegini, telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegini üpjün etjek ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, aýratyn-da, gaýtadan işleýän önümçilikler dörediler. Täze şäheriň gurluşygyna Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gurluşykçylary işjeň gatnaşýarlar. Şeýle-de şu ýylyň 20-nji ýanwarynda Arkadag şäherinde Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň gurluşygyna badalga berildi. Baş metjidiň umumy meýdany 34,5 gektara deň bolup, birbada 15 müňden gowrak adama namaza durmaga mümkinçilik berer. Sadaka jaýy 1500 adama niýetlenendir. Metjidiň ýanynda okuw medresesi-de gurlar.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ornaşdyrylýan sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
* * *
Internet çeşmeleriniň ýazmagyna görä, häzir dünýäde şähergurluşygyň bäşinji tolkuny dowam edýär. Bu ählumumy şäherleşmäniň deňsiz-taýsyz tizligi hem-de derejesi bilen baglydyr. Netijede, şäherlerde Zeminiň ilatynyň ýarysyndan gowragy ýaşaýar. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli dünýäniň bütin ilatynda şäherleriň paýy 75 göterimi düzer.
Täze şäherleri gurmak pikiri döwlet Baştutanlaryny, işewürleri, alymlary we döwlete dahylly däl guramalary öz daşyna jemleýär, hut şu günlerde bütin dünýäde şeýle döwrebap, ykjam, ekologik talaplar göz öňünde tutulan şäherleriň köp sanlysy gurulýar, olaryň taslamalaryny düzmeklige şu asyryň başynda girişildi hem-de ýüzýyllygyň ortalaryna çenli gurup tamamlamak maksat edinilýär. Olaryň köpüsine eýýäm ilkinji ýaşaýjylar göçüp bardy.
Ýeri gelende aýtsak, şeýle şäherleriň hatarynda ady tutulýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki “Masdar City” taslamasy bilen tanyşmak bize hem miýesser edipdi. Ýörite taslama esasynda gurulýan bu şäher tutuşlygyna Gün energiýasydyr beýleki dikeldilýän çeşmeler arkaly energiýa bilen üpjün edilmeli, ekologik taýdan arassa bolmaly. Şäherde senagat galyndylarydyr zibilleri täzeden işleýän ulgam hereket etmeli. Masdar-siti ýurduň paýtagtynyň günorta-gündogar böleginde, Abu-Dabiniň halkara howa menziliniň golaýynda gurulýar.
Görnüşi ýaly, häzirki zaman şäherleri innowasion pikirleridir tehnologiýalary synagdan geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Olar tarp ýerden gurulýar hem-de adamlaryň durmuşyny gowulandyrmaga, daşky gurşawa zeper ýetirmezden we öň ýanaşykda bar bolan şäherleriň durmuşyna päsgelçilik döretmezden, dürli üpjünçilik meselelerini çözmäge mümkinçilik berýär. Bu «akylly» şäherler az serişde harçlaýarlar.
Şäherler üçin ýörgünli bolan ulaglaryň gatnawyny mysal alalyň! 1998-nji ýylda «ekologik urbanizm» diýen adalgany ilkinji bolup ulanan häzirki zaman binagäri Migel Ruanonyň «Ekologik şähergurluşyk» diýen kitabynda ýazmagyna görä, awtoulaglar şäherlerde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyna päsgel berýärler. Hususy awtoulagdan peýdalanmak şäherlerde gymmat düşýär, olar köçelerde dyknyşyklary döredýärler, howany hapalaýarlar. Netijede, saglyk bilen bagly meseleler ýüze çykýar, galyberse-de, iş wagtynyň belli bir böleginiň ulag dyknyşyklaryna sarp edilýändigi üçin, awtoulaglar ykdysady taýdan hem bähbitsizdir. Şunuň bilen baglylykda, täze döredilýän şäherlerde daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ekologik taýdan arassa ulaglary, mysal üçin, elektrik ulaglarydyr jemgyýetçilik elektrobuslaryny peýdalanmak ýerliklidir.
Ýewropaly şahyr Marsel Marýeniň: “Adamlar görmek üçin ynanmalydyrlar” diýen sözi bar. Mundan sanly ýyl öň hem ýurdumyzda ýokary çaltlykda şeýle döwrebap şäheriň guruljakdygy aýdylsa, köpimize ynanmak kyn düşerdi. Bu gün Arkadag şäheri köpleriň dilinde. Ony görmek isleýänleriň sany-da köp. Onsoň «Görmek üçin ynanmak gerek» diýen jümläniň manysy-da şu ýerde özboluşly terzde açylýar duruberýär: bu gün dünýäde şeýle şäherleri gurmak üçin köp ýyllar sarp edilýärkä, Türkmenistanda ol sanlyja ýylyň dowamynda gurulýar.
Hemra HUDAÝGULYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar
- Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
9 sagat öň
- Türkmenistanda Dominikan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
9 sagat öň
- Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy bilen duşuşdy
9 sagat öň
- Milli Lider
9 sagat öň
- Ýaşlara ynam — geljege ynam
9 sagat öň
- «Toýuň meýlisinde gülen ýagşydyr»
9 sagat öň
- Sekizýabyň simfoniýasy
9 sagat öň
- Sambo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi
9 sagat öň
- Türkmenistanyň Prezidenti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň arasyndaky duşuşyk
1 gün öň
- Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
1 gün öň
- Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
1 gün öň
- Resmi habar
1 gün öň
- Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
1 gün öň
- Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
1 gün öň
- Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar
1 gün öň
- Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
1 gün öň
- Bitarap Türkmenistan — parahatçylyk dörediji merkez
1 gün öň
- Watançylyk, söze ygrarlylyk, wepalylyk
1 gün öň
- Habarlar halkara giňişlikde
1 gün öň