Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Täze ýyl baýramy mynasybetli 2021-nji ýylyň 25-nji dekabryndan 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwary aralygynda harytlaryň dürli görnüşlerine 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan bahalardan satylmagyny göz öňünde tutýan «Sahawatly söwda» çäresi guraldy. Bu çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli söwda-dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda harytlaryň dürli görnüşleri arzanladylan bahalardan alyjylara hödürlenýär. Ýurdumyzyň çar ýanyndaky söwda nokatlarynda gyzgalaňly baýramçylyk söwdasyna gatnaşýan ildeşlerimiziň birnäçesi öz ýürek buýsançlaryny biziň habarçylarymyz bilen paýlaşdylar.
Merdandurdy GYLYJOW,
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, talyp:
— Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzdaky bazarlarda we söwda dükanlarynda 25-nji dekabrdan geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwlary ýaýbaňlandyrylyp, paýtagtymyzdaky «Berkarar», «Aşgabat», «Bagtyýarlyk», «Gülzemin», «Paýtagt» hem-de beýleki söwda we dynç alyş merkezlerindäki dükanlarda «Sahawatly söwda» çäresi guralýar. Bu çäräniň çäklerinde çagalar hemem uly adamlar üçin egin-eşikler, çaga oýnawaçlary, mekdep harytlary we garyşyk harytlar arzanladylan bahalardan alyjylara hödürlenýär. Bazarlarymyzda we söwda nokatlarymyzda bolan önümleriň köp bölegi türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen alma, armyt, şetdaly, garaly, üzüm ýaly miweler, gawun, garpyz, pomidor, hyýar, ýeralma, kelem, käşir, şugundyr ýaly gök-bakja önümleri alyjylara elýeterli bahadan hödürlenýär. Türkmen telekeçileriniň öndürýän towuk, goýun, sygyr etleri we et önümleri, şeýle hem balyk, tüwi, un, ýag, şeker ýaly harytlary hem ilat arasynda uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynyň ösüşine goşant goşmak ugrunda bilim alýan ýaşlar hökmünde azyk harytlarynyň bolçulygy bizi hem diýseň guwandyrýar.
***
Rüstemberdi HOJABERDIÝEW,
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy, mekdep mugallymy:
— Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkanabat şäherinde hem baýramçylyk söwdalary giňden ýaýbaňlandyrylyp, şäherimiziň «Hazar» söwda merkezinde harytlarynyň bolçulygy üpjün edilýär. Bu ýerde azyk we senagat harytlary, egin-eşikler we beýleki önümleriň arzanladylan bahalardan alyjylara hödürlenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. «Sahawatly söwda» diýlip atlandyrylan bu çäräniň ýurdumyzyň ähli ýerlerindäki bazarlarda ýaýbaňlandyrylmagy ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da artdyrdy. Pursatdan peýdalanyp, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy ugrunda bimöçber tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarys.
***
Geldimyrat ANNAMYRADOW,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy, pensioner:
— Täze ýyl baýramy hemmeleriň, aýratynam, çagalaryň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramy. Arkadag Prezidentimiziň halkymyzyň baýramçylygy mynasyp garşylamagy üçin «Sahawatly söwda» çäresiniň guralmagyny tabşyrmagy ildeşlerimize ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Bizem ýekşenbe güni agtyklarym bilen gözel paýtagtymyzyň baýramçylyk bezeglerini synlamaga we olara sowgatlary almaga geldik. Görşüňiz ýaly, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde hem baýramçylyk mynasybetli çagalar we uly adamlar üçin egin-eşikler arzanladylan bahalardan hödürlenýär. Bizem şu ýerde milli öndürijilerimiz tarapyndan öndürilen ýokary hilli dokma önümlerini satyn aldyk. Bulardan başga-da, bu ýerde çagalar üçin niýetlenen ekologiýa taýdan arassa we ýumşak oýnawaçlar Täze ýylyň nyşany barsyň şekilinde ýasalypdyr. Olar agtyjaklaryma diýseň ýarady.
***
Gülnabat KADYROWA, Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, türgen:
— Täze ýylyň bosaga gelmegi bilen bazarlarymyzdaky haryt bolçulygy, gyzgalaňly söwda, ynsanlaryň ýüzündäki şatlyk alamatlary... ýüreklerimizi joşa getiýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde bu günler Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezinde hem, harytlar arzanladylan bahalardan hödürlenýär. Baýramçylygyň öňüsyrasynda bizem türgen ýoldaşlarymyz bilen ýakynlarymyza baýramçylyk sowgatlaryny we Täze ýyl saçaklarymyzy bezemek üçin azyk önümlerini almak üçin bu söwda merkezine geldik. Söwdamyzyň oňandygyna begenýäris. Täze — 2022-nji ýyl hem bagtyýar zamanamyzyň beýleki ýyllary ýaly maksatlaryň myrat tapýan, arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly bolsun!
***
Agamyrat JUMAÝEW,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy,
TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň bölüm müdiri:
— Watanymyzy ösüş-özgerişler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň her bir başlangyjy halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki günlerde Watanymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde hem «Sahawatly söwda» çäresi ýaýbaňlandyrylyp, harytlar arzanladylan bahalardan ilata hödürlenýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni baýdak edinen halk bähbitli syýasatynyň rowaçlyga beslenýändiginiň nyşanydyr. Bu gün welaýatymyzyň ýaşaýjylary halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna müň keren alkyş aýdýarlar.
***
Täzegül JUMADURDYÝEWA,
Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
Mary welaýat komitetiniň başlygy:
— Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky bazarlarda hem-de söwda merkezlerinde ýokary hilli azykdyr senagat önümleriniň köp dürli görnüşleri elýeterli bahalardan alyjylara hödürlenýär. Şolaryň hatarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilen azyk harytlary, dürli görnüşli süýjüliklerdir sowgatlyklar, miwe içgileri we beýlekiler uly orun eýeleýär. Mary şäherindäki «Ýüpek ýoly» söwda we dynç alyş merkezinde hem şeýle söwdanyň guralmagy ildeşlerimizi begendirýär. Bagtly pursatlarda dillerde we ýüreklerde hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözleri ýaňlanýar.