Geljek, 2022-nji ýylyň şygary ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Bu çärä Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, önümçilik pudaklarynyň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýyla at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär hem-de her ýylyň ýurdumyz we halkymyz üçin ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar.
Şu mynasybetli merkeziň eýwanynda amaly-haşam sungatynyň eserlerinden, muzeý gymmatlyklaryndan we häzirki zaman sungat eserlerinden ybarat sergi guraldy. Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde goýlan gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sungat ussatlarynyň joşgun bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlarydyr tanslary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçip barýan ýylda milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek babatda guwandyryjy işler amala aşyryldy.
Koronawirus pandemiýasy we köp ýurtlaryň çäklendirmeleri girizen şertlerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berildi. Dürli senagat pudaklarynda ösüşiň täze ugurlaryny kesgitleýän bilelikdäki maýa goýum taslamalary işlenip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň dowamynda işe girizilip, dünýä ölçeglerine kybap gelýän, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze önümçilik toplumlary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagynda möhüm orun eýelär. Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, gazanylan üstünlikler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklary bilen, dünýäde bolup geçýän özgertmeler nazara alnyp, kabul edilen maksatnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini belende götermek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Täze ýyly nurana arzuwlar, belent maksatlar, zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny nygtadylar. Diýarymyzyň etraplarynda döwrüň ruhuna kybap gelýän ýylyň şygary boýunça halkymyzyň teklipleriniň öwrenilendigi bellenildi. Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat, etrap we şäher birleşmeleriniň hem-de bölümleriniň işgärleriniňdir agzalarynyň gatnaşmaklarynda maslahatlaryň geçirilendigi aýdyldy. Şolaryň barşynda täze — 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemek boýunça öňe sürlen teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Häzirki döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda ähli ugurlarda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Berkarar Watanymyzda ýetilýän sepgitler, ýaýbaňlandyrylan özgertmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly, öňdengörüjilikli syýasat bilen berk baglanyşyklydyr.
Maslahatda öňe sürlen teklipler boýunça pikir alyşmalar guraldy. Şeýlelikde, halkymyzyň täze ýyly Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky arzuw-islegleri nazarda tutuldy. Uly rowaçlyklara beslenip gelýän täze — 2022-nji ýylyň şygarynyň merdana halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy A.Durdyýewa çykyş edip, Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň, Aşgabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň, welaýatlaryň, etrap birleşmeleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Zenanlar birleşiginiň işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatlarda paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň bagtyýar ilatynyň, dürli pudaklarda döredijilikli zähmet çekýän hünärmenleriň täze ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmagy teklip edendiklerini aýtdy. Bu şygar bagtly zamanany esaslandyryp, halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bolan beýik hormat-sarpanyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Maslahatda çykyş edenler öňe sürlen teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny aýdyp, milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda asyrlara barabar beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly syýasaty netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde “2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galýandygynyň, milli Liderimiziň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Ol ýurdumyz we halkymyz üçin uly ähmiýeti bolan şanly wakalaryň, beýik zähmet ýeňişleriniň, ajaýyp üstünlikleriň ýyly boldy. Şeýlelikde, 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky teklip maslahata gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiz beýleki ýurtlar, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny giňeldýär we pugtalandyrýar. Türkmenistan örän möhüm halkara meseleleri çözmäge gönükdirilen netijeli teklipler bilen çykyş edýär. Şolar boýunça iri maslahatlar hem-de forumlar guralýar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň Aşgabatda täze gurlup, ulanylmaga berlen işewürlik merkezli “Garagum” otelinde geçiriljekdigi aýratyn bellenildi.
Türkmenistanyň möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen netijeli teklipleriniň abraýly halkara guramalar tarapyndan biragyzdan goldanylmagy Diýarymyzyň we Arkadag Prezidentimiziň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýär.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş ugrunyň, ozalkysy ýaly, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendigi nygtaldy. Çykyş edenler täze ýylyň şygary baradaky teklibi goldap, türkmen halkynyň mertebesini belende göteren, ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýynyň artmagy ugrunda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa alkyş sözlerini aýtdylar.
Bu gün ýurdumyzyň ilaty milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar we öňde durýan beýik maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär. Munuň özi watandaşlarymyzyň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
Maslahatda merdana pederlerimiziň şöhratly taryhyny dikeltmek, halkymyzyň döreden nusgalyk ýagşy dessurlaryny dünýäde giňden wagyz etmek we asylly ýörelgeleri geljek nesillere ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetlidigi bellenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli ilatynyň beýik maksatlaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda edýän tagallasynyň bimöçberdigi nygtaldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzy ösüşiň täze derejesine çykaran, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. Olar milli Liderimizi 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygaryna mynasyp zähmet çekjekdiklerine we ählumumy maksatlaryň amala aşyrylmagy, durnukly ösüşiň berkarar edilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48141