Abu-Dabi — Dubaý — Aşgabat, 5-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iki günlük iş sapary tamamlandy.
Mälim bolşy ýaly, düýn dostlukly döwletiň paýtagtynda Gahryman Arkadagymyzyň BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplaryň birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleri beýan edildi.
Türkmenistanyň we BAE-niň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda nusgalyk döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga çalyşmagy netijesinde gazanylan aýry-aýry ylalaşyklar şu saparyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň esasyny düzdi.
...Irden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Abu-Dabiniň Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen bolan söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýola goýlan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin açylýan mümkinçiliklere ýokary baha berdi. Iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de milli bähbitlerini nazara almak bilen, nebitgaz, söwda-ykdysady we ulag-kommunikasiýa ulgamlary ýaly möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga mundan beýläk-de uly üns berler.
BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki belent mertebeli myhmana Emirlikleriň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleriň üstünlikli geçmegini, şeýle hem berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary Abu-Dabiden Birleşen Arap Emirlikleriniň iri ykdysady, medeni we syýahatçylyk merkezi bolan Dubaý şäherine tarap ugrady. Dubaýyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini resmi adamlar garşyladylar.
Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde hormatly Arkadagymyz “Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer bilen duşuşdy.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny düýn BAE-niň Prezidenti bilen duşuşygynyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady. Bu duşuşyk türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň taryhyna täze, aýdyň sahypany ýazar.
Pursatdan peýdalanyp, işewür Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip hem-de dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Birleşen Arap Emirlikleriniň ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. Türkmenistan BAE bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa amala aşyran iş sapary munuň aýdyň güwäsidir.
Gahryman Arkadagymyz BMG-niň Bütindünýä howa sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu iri halkara forumyň münberinden beýan edilen ähli başlangyçlaryň tutuş dünýäde bagtyýarlygyň we abadançylygyň bähbidine halkara dialogy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Ählumumy metan borçnamasyna goşulan Türkmenistanyň bu ugurdaky maksada gönükdirilen işi dowam etdirmegiň zerurdygyna düşünýändigi bellenildi. Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe degişli milli maksatnamalar, şol sanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa kabul edildi. Bu resminamalaryň esasynda metan zyňyndylarynyň ýaramaz täsirlerini peseltmäge we aradan aýyrmaga gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa we serişde tygşytlaýjy döwrebap tehnologiýalary nebitgaz, ulag, elektroenergetika ulgamlaryna, obasenagat toplumyna, gurluşyk senagatyna tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrmak we ulanmak barada barýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen baglanyşykly beýan eden başlangyçlarynyň ählisi eýýäm şu ýyldan başlap yzygiderli durmuşa geçiriler.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu serişdeleri gözlemek, özleşdirmek we çykarmak bilen meşgullanýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Şolaryň hatarynda özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen “Dragon Oil” kompaniýasy hem bar.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň ägirt uly tejribesini, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalary nazara almak bilen, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit, gazhimiýa önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelerdir. Bu maksatlar Türkmenistanyň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Şol syýasat bolsa ýurdumyzyň baýlygyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilendir.
XXI asyryň ägirt uly taslamasy — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy munuň aýdyň beýanydyr. Bu gaz geçiriji tutuş Aziýa sebitiniň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmeginiň III tapgyrynyň hasabyna bu halkara gaz geçirijiniň mawy ýangyç bilen üpjün edilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, BAE-däki hyzmatdaşlar we maýadarlar türkmen tebigy gazyny sebitiň ýurtlaryna, beýleki döwletlere ibermek üçin niýetlenen gaz geçiriji infrastrukturanyň gurluşygy bilen baglanyşykly täze energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, baş edarasy BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän “Dragon Oil” kompaniýasy Türkmenistanda 2000-nji ýyldan bäri önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşygyň esasynda işleýär. Onuň işiniň esasy ugry Hazar deňzinde, “Çeleken” şertnamalaýyn çäkde uglewodorod serişdelerini çykarmak bilen baglanyşyklydyr. Geçen ýyllaryň dowamynda bu kompaniýa, hususan-da, “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklarynda gözleg işlerini ýerine ýetirmäge we olary özleşdirmäge ägirt uly maýa serişdelerini goýdy. Ýaňy-ýakynda “Dragon Oil” Aşgabat şäherinde özüniň täze edarasyny açdy. Munuň özi ýola goýlan uzak möhletli, strategik hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky güwäsidir.
“Dragon Oil” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Saýed Al Taýer berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.
Gahryman Arkadagymyz we işewür hoşlaşanlarynda birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bar bolan özara gyzyklanmanyň nebitgaz ulgamynda mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla bilen duşuşygy boldy.
Dünýädäki iri awiakompaniýalaryň biriniň ýokary wezipeli wekili hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurdumyzyň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şol hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda özara bähbitleriň esasynda üstünlikli ösdürilýär.
Hamad Obaýdallanyň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleriniň köpüsi Türkmenistan bilen ysnyşykly gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Gahryman Arkadagymyz köpugurly, netijeli döwletara gatnaşyklary ähli esasy ulgamlarda ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, daşary ýurtlaryň uly abraýa eýe bolan esasy kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, çäk taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyz diňe bir ýerüsti däl, eýsem, howa ulaglarynyň ugurlaryny hem yzygiderli ösdürýär. 2010-njy ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýada BAE bilen yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýan ilkinji ýurt boldy. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň we “Dubai Aviation Corporation” (Flydubai) kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi netijesinde, häzirki wagtda Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar yzygiderli amala aşyrylýar. Şu gün bolsa Abu-Dabä ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylyp başlanýar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder.
“Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Türkmenistanda awiasiýa pudagynyň soňky ýyllarda döredilen döwrebap infrastrukturasyna we tehniki gulluklarynyň sazlaşykly işine ýokary baha berdi hem-de kompaniýanyň okgunly ösýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyny tassyklady. Hususan-da, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmak teklip edildi.
Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen bolan duşuşygynda raýat awiasiýasy ulgamynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesiniň hem ara alnyp maslahatlaşylandygy bellärliklidir.
Nygtalyşy ýaly, dünýäniň esasy ýolagçy gatnadyjylarynyň we ýük daşaýjylarynyň biri hökmünde “Flydubai” kompaniýasynyň tejribesini hem-de mümkinçiliklerini nazara almak bilen, diňe bir ýokary hünärli awiasiýa işgärlerini taýýarlamak ulgamynda däl, eýsem, tehniki taýdan goldaw bermek we hyzmat etmek, iň täze innowasion enjamlar bilen üpjün etmek ulgamynda-da özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň täjirçilik direktory Hamad Obaýdalla hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler hem-de soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň hem-de “Dubai Aviation Corporation” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki iş saparynyň ýokary netijeli geçendigine beýleki gol çekilen möhüm resminamalar hem şaýatlyk edýär.
Şol resminamalaryň hatarynda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama (şu özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň “Galkynyş” gaz käniniň III tapgyryny özleşdirmek üçin strategik hyzmatdaşlary çekmek meýlinden we olaryň tebigy gazy sebitiň ýurtlaryna we beýleki döwletlere ibermek üçin gaz geçiriji infrastrukturany gurmaga degişli energetika taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiliginden ybaratdyr); “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama (şu hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň maksady taraplaryň metanyň atmosfera zyňyndylaryny azaltmak ulgamynda özara bähbitli ylmy-tehniki we ykdysady hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini öwrenmek meýlinden ybaratdyr); Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “First Abu Dhabi Bank” bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny tamamlap, Dubaý şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar ugratdylar.
Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar we BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili garşyladylar. Diplomat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy saparyň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň çäklerinde gazanylan ähli ylalaşyklaryň iki ýurduň, olaryň doganlyk halklarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy hem-de dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda amala aşyran şu gezekki iş saparynyň Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky möhüm ähmiýetini belläp, geçirilen duşuşyklaryň barşynda birnäçe ugurlardaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk teklipleriň beýan edilendigini we degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny aýtdy. Gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berer.