Aşgabat — Abu-Dabi, 4-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar, şeýle hem BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili ugratdy.
Diplomat bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek däplerinde ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar ýurtlaryň her biriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna we milli bähbitlerine doly laýyk gelýän hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalşylýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçen ýylyň fewral aýynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Şol saparyň barşynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
BAE-niň Türkmenistandaky wekili Gahryman Arkadagymyza şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň netijeli geçirilmeginde üstünlikleri arzuw edip, onuň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine täze, kuwwatly itergi berjekdigine, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň uçary Abu-Dabi şäherine tarap ugrady.
...Iki ýarym sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menziline gondy. Belent mertebeli myhmanyň gelmeginiň hormatyna haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini BAE-niň energetika ministri Suhail Al Mazrui we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň barşynda dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri hökmünde Birleşen Arap Emirlikleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine ýurdumyz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň köp babatda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belläp, şu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen duşuşyklaryň hem üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi. Bu duşuşyklar däp bolan hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga goşant goşar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işler boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy.
Mohamed Said Mohamed Al-Ariki Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, BAE-niň tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak babatda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly we ýokary depginde ösmegini üpjün etdi. Türkmen tarapy gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn iş tejribesine we innowasion işläp taýýarlamalara eýe bolan aýry-aýry kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ygtybarly, berk kanunçylyk binýadynyň we amatly maýa goýum ýagdaýynyň daşary ýurtly işewürleriň geljegi uly türkmen bazarynda üstünlikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýändigini belläp, Birleşen Arap Emirliklerine şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlaryň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, mawy ýangyjyň uly ýataklaryny özleşdirmek we öz energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegiň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan “ýaşyl” energetikany ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak babatda taslamalary ilerletmäge gönükdirilen yzygiderli çäreleri amala aşyrýar. Ulag-kommunikasiýa ulgamy hyzmatdaşlygyň beýleki bir geljegi uly ugry hasaplanýar. Türkmenistan bu ulgamy milli bähbitlerini hem-de çäk taýdan amatly ýerleşmegini nazara almak bilen, okgunly ösdürýär.
Mohamed Said Mohamed Al-Ariki duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Maslahatyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň üstaşyr ulag kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine garaldy. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän ýurdumyz ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, howa ýollaryny hem yzygiderli ösdürýär. Aşgabat — Dubaý — Aşgabat ugry boýunça gatnawlar ýola goýuldy. Ertir bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşy amala aşyrylar. Munuň özi döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlarynyň esasynda Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýum hyzmatdaşlygy barha baý many-mazmuna eýe bolýar. Dünýäniň dürli banklary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, BAE-niň iri banklary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Günüň ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň “Al Şati” köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.
BAE-niň Prezidenti belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk bildirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş saparyny aýratyn mähirli duýgular bilen ýatlaýandygy bellenildi.
Hormatly Arkadagymyz bu gezekki saparyň biziň halklarymyzyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.
Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly hem-de ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. Umumy pikire görä, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitet hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary depginli ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen-emirlikler ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary hem kesgitlenilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ulgamlarynyň hatarynda energetika, ulag-kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlar bar.
Gahryman Arkadagymyz geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze, anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. Ylym, medeniýet, sport ugurlary boýunça döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow we BAE-niň Prezidenti mähirli hoşlaşyp, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.