Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi we ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda nygtalyşy ýaly, şu ýylyň alty aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeleriň oňyn netijesini berýändiginiň güwäsidir.
Häzirki döwrüň ruhuna laýyk özgertmeleridir anyk maksatlary nazarlaýan Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy beýleki döwlet maksatnamalary bilen bilelikde üstünlikli ýerine ýetirilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda amal edilen işleriň netijesinde makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüş depgininiň üpjün edilýändigi doly subut edýär. Has takygy, hasabat döwründe ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygy 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy 8 göterim ýokarlandy.
Maýa goýumlar ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary ösüş görkezijilerini gazanmaga mümkinçilik berýän gurallaryň biridir. Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda ýetilen belent sepgitlerde hem maýa goýumlaryň örän möhüm orny bardyr. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi.
Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna serişdeleriň gönükdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we etraplarynda meýdany 1 million 400 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şähergurluşyk ulgamynda örän baý tejribe toplan ýurdumyzda bütin dünýä nusgalyk işler bitirilýär. Şähergurluşygynyň dünýä tejribesiniň we milli nusgasynyň sazlaşygyndan emele gelen, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän Arkadag şäheri açyldy. Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisde döwlet Baştutanymyz ösen maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy esasynda täze şäheriň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle-de ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan bary-ýogy dört ýyldan gowrak wagtda şular ýaly şäheriň döredilmeginiň ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygynyň aýdyň nyşanydygyny nygtady.
Bulardan başga-da, 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Bu ugurda dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryňdyr binalaryň gurluşygy batly depginler bilen dowam etdirilýär. Munuň özi agzalan maksatnama laýyklykda ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak we durmuş çygrynda amatly mümkinçilikleri döretmek babatda gazanylýan üstünlikleriň nyşanydyr.
Häzirki günde milli ykdysadyýetimiziň köpugurly ösdürilmegi dürli pudaklarda özüniň miwesini berýär. Uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna baý ýurdumyzda energiýa serişdelerini dünýä bazaryna diwersifikasiýa ýoly bilen eksport etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmegiň, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmagyň hem-de elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalary we ileri tutulýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kuwwatly durmuş syýasaty ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Bu barada mejlisde Arkadagly Serdarymyz aýratyn bellemek bilen, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda degişli Permana gol çekdi. Degişli ugurda şu ýylyň alty aýynda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirilip, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy.
Öz nobatynda, bularyň ählisi ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda bimöçber işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň, milli ykdysady ösüşi gazanmakda anyk maksatlara tarap ynamly ädimler ädilýändiginiň güwäsidir.
Jumamyrat GUTLYÝEW,
«Nesil» gazetiniň ykdysady synçysy.