Amatly we ýokary hilli

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy, ýokary hilli önümleri gözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bu gün şeýle önümler hut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby alyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary. Häzirki wagtda «Muhammet-Balkan», «Röwşen», «Gerçek» ýaly meşhur aýakgap öndüriji hususy taraplarymyzyň hataryna gündogar sebitde «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhana-da goşuldy. Kerki etrabynda döredijilik saparynda bolanymyzda, Astanababa şäherçesinde ýerleşýän bu kärhanada aýak çekdik. Ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, kärhananyň iş dolandyryjysy Çary Öwlýäkulow bilen söhbetdeş bolduk.

— Çary, ilki bilen, «Armaweriň!» diýýäris. Tüweleme, önümçilige şaýat bolup, işleriň barha ilerleýändigine göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, bu kärhana ýurdumyzda iň ýaş aýakgap öndüriji bolmagynda galýar.

— Dogry aýdýarsyňyz. Ozal çaklaňja mukdarda aýakgap önümçiligi bilen meşgullanýardyk. Derisini, beýleki böleklerini satyn alyp, olary biçip, tikip, ýelimläp, öz aýakgaplarymyzy öndürerdik. Soň ýolbaşçymyz Arslan Möwlamow bilen bu işi ulaltmak, hususy kärhana derejesine çenli ýetirmek kararyna geldik. Bu işde bize türkmenabatly Şükürylla Bahryýew hem uly ýardam berdi. Şükürylla aganyň bu işde ýeterlik tejribesi bar eken. Şonuň el we dil kömeginden peýdalanyp, şu aýakgap kärhanasynyň binýady tutuldy. Şu görýän binaňyzy kärendä alyp we degişli enjamlary Ýewropanyň, Aziýanyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan getirip, 2020-nji ýylyň aprel aýynda, has takygy, 6-njy aprelde işe girişdik. Häzir günde 50 jübüt aýakgaby öndürmäge mümkinçiligimiz bar.

— Öndürilen aýakgaplar nähili ýerlenilýär?

— Häzirki wagtda Türkmenabat, Mary, Kerki, Magdanly şäherlerinde, Köýtendag, Hojambaz etraplarynda dükanlarymyz bar. Olaryň sanyny has köpeltmegi maksat edinýäris. Şeýle dükanlarymyzyň birini şu ýylyň mart aýynda paýtagtymyzda açmagy meýilleşdirýäris.

— Çig mal bilen üpjünçiligiňiz barada hem gürrüň beräýseňiz!

— Aýakgap önümçiligi üçin niýetlenen derileri «Ak suw deri» hojalyk jemgyýetinden alýarys. Mälim bolşy ýaly, «MB» haryt nyşanly aýakgaplar hem şu kärhana tarapyndan üpjün edilen derilerden taýýarlanylýar. Önümçilik üçin beýleki çig mallary — petegi, oltaňy, ýelimdir ýüplügi we beýlekileri bolsa maryly telekeçi Dörtguly Haýdarowdan alýarys.

— Aýakgap önümçiliginde köp görnüşlilige we bezege üns bermeli bolýar. Munuň üçin işine ussat dizaýnerler hem zerur.

— Häzirki wagtda kärhanamyzda erkek kişilere, zenanlara we çagalara niýetlenen aýakgaplaryň 220-den gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň tas ählisiniň diýen ýaly dizaýny kärhananyň ýolbaşçysy Arslan Möwlamowyň hut özüne degişlidir. Sargytlaryň aglabasy dükanlardan gelýär. Olar müşderileriň islegini kärhana ýetirýärler. Gündelik önümçilik şol sargytlaryň mukdaryna bagly. Müşderileriň islegi hem dürli-dürli. Şol islegler kemsiz öwrenilýär.

— Işleriň tertibi bilen hem gysgaça tanyşdyraýsaňyz!

— Önümçilik sargyt edilen dizaýna görä, biçimçimiziň işinden başlanýar. Onuň mobil telefonunda ähli görnüşleriň kodlary we biçüw aýratynlyklary bar. Ol täze tikiljek aýakgaby şol koda we sargydyň ölçegine görä biçýär. Ilçilikde 46-njy, 47-nji ölçegli köwüşleri geýýän adamlar hem tapylaýýar. Bu ölçegleri bolsa dükanlardan tapmak kyn. Ýöne «Ýelken» haryt nyşanly dükanlara gelip, şol ölçegleri sargyt edip, tikdirip bolýar.

Biçilen gön önümçiligiň indiki tapgyrlaryna geçirilýär. Ikinji tapgyrda olar gyrkylýar we ýylmanylýar. Ondan soň olary tikmek we ýelimlemek işlerine geçilýär. Aýakgaplar birnäçe gezek ýelimlenýär we tikilýär. Ýaponiýada öndürilýän «Juki» tikin enjamlarynda işleýän tikinçiler 2-den 6 gata çenli bolan ýüpek ýüplükleri ulanýarlar. Döwrebap enjam işleri tiz we ýokary hilli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçilikde ýelimiň hem iň ýokary hillileri ulanylýar. Eger käbir aýakgaplar diňe tikilýän ýa-da ýelmenilýän bolsa, bu kärhanada şolaryň ikisinden hem peýdalanylýar.

Ýokarky gatda aýakgabyň içligine, petegine çenli taýýar edilýän bolsa, aşaky gatda önüm belli bir ölçege getirilip, iň aşaky rezin bölegi — oltaňy berkidilýär.

— Bu işleri näçeräk hünärmeniň zähmeti bilen alyp barýarsyňyz?

— Önümçilikde 13 işgärimiz bar. Kärhanada olara döwrebap iş şertleriniň ählisi döredildi. Häzirki günlerde işgärlerimiz, esasan, gyşky aýakgaplary öndürmek bilen meşgullanýarlar. Olaryň aglabasy bolsa ädikler we gysga gonçly ädiklerdir.

— Çary, geçen ýylky önümçiligiň mukdary bilen tanyşmak hem gyzykly.

— 2021-nji ýylda erkek kişilere niýetlenilen aýakgaplaryň sany 2,5 müňden hem geçdi. Barha artýan sargytlara görä, öndürilýän önüm hem köpelýär.

— Kärhana geçen ýyl TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen sergä hem gatnaşypdy.

— Hawa, şol sergide «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplara gyzyklanma diýseň uly boldy. Hususan-da, sergä gatnaşyjylar kärhanamyzyň önümleriniň ýeňildigini, aýak üçin juda ýaramlydygyny we taýýarlanylyşynyň aglaba böleginiň el işleri bilen bagly bolandygy üçin hiliniň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar.

— Çary, beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Mundan beýläk hem kärhananyň işlerine üstünlik arzuw edýäris.

— Sag boluň!

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.