Alym Arkadagymyzyň okuw sapagy — geljege çelgi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli talyplar we okuwçylar bilen geçiren duşuşygyndaky çykyşy ylmy-amaly taýdan örän täsirli boldy.

Umumadamzat ähmiýetli taglymatlary öz içine alýan, çuň many-mazmunly bu çykyş hemmämizi joşgunly zähmete ruhlandyrdy. Bu nusgawy sapak öňdebaryjy tejribäniň mekdebi boldy, tejribe bolsa ösüşiň çeşmesidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap özgertmeler amala aşyrylyp, bilim ulgamy toplumlaýyn we ylmy-innowasion esasda ösdürilýär. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine ygrarly, işjeň raýatlar bolup kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Giň gerimli bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan hukuk we guramaçylyk binýadynyň, maddy-tehniki, intellektual üpjünçiligiň, umuman, ähli şertleriň döredilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň miweleridir.

Mugallym öz işjeňligi, göreldesi, döwrebap pedagogik usullardan ýerlikli peýdalanyşy bilen ýaşlary hünär ussatlygyna, sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklandyrmagy başarsa, talyp, okuwçy işjeň ýagdaýda okuw derslerini özleşdirýär, jemgyýetçilik işlerine höwes bilen gatnaşýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar bilen geçirilen sapakda aýdan öwüt-nesihatlary nusgalyk göreldedir.

Milli Liderimiziň geçiren umumy sapagy okuw bilen önümçiligiň, nazaryýetde alnan bilimler bilen tejribäniň arabaglanyşygyny pugtalandyrmak nukdaýnazaryndan hem görelde alarlykdyr.

Bu sapakda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, bilim standartlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şeýle-de bu umumy sapagyň «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda» ileri tutulýan, bilim bermegiň täzeçil ylmy usulyýetini ýokary derejede ulanmak bilen geçirilendigini bellemelidiris.

Hormatly Prezidentimiz geçiren umumy sapagyny pähim-parasada ýugrulan kitaplarynyň, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelen däp-dessurlarynyň, halkyň çeper döredijilik mirasynyň, taryhda öçmejek yz galdyran danalaryň, ylym-bilimiň ussatlarynyň döredijiliginiň ähmiýeti bilen baglanyşdyrdy. Bu agzalan jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň häzirki zaman bilim ulgamynyň mazmunynda mynasyp orny bardyr.

Ýurdumyzyň taryhy, durmuş-ykdysady ösüşi, bu günki türkmen jemgyýetinde ileri tutulýan gymmatlyklar, ýaş nesliň borçlary hem-de wezipeleri baradaky umumy sapagyndan soňra, özara söhbetdeşlikde kärdeşlerimiziň biri Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň döwletiň goşa ganatydygy baradaky alym Arkadagymyzyň garaýşyny buýsanç bilen zybana getirip, «şeýle syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik ähmiýetli gymmatlyklaryň ähmiýetini sada dilde halka ýetirip bolýandygyna» haýran galandygyny nygtady. Bu gymmatly garaýyş milli Liderimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda aýdyň beýan edilýär.

Garaşsyzlygyň döwlet gurluşyny, hukuk ulgamyny kämilleşdirmäge, türkmen jemgyýetini işjeňleşdirmäge, durnukly durmuş-ykdysady ösüşleri gazanmaga esas bolandygy taryhy hakykatdyr. Onuň mysallary bu gün her bir raýatyň durmuşynda bar. Şeýle taryhy hakykaty ulgamlaşdyryp beýan etmek bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň çykyşynda Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň aýratyn bellenmäge mynasyp ugry bolan halkara gatnaşyklaryň ösüşinden anyk mysallar getirildi. Olar ýurdumyzyň sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigi, durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy ýaly ugurlar boýunça, döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgütlerine anyk goşant goşýandygynyň mysallarydyr. Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanylmagy gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran baky Bitaraplyk syýasatynyň miweleridir.

Döwletlilik düşünjesi, döwlet nyşanlarymyzyň ähmiýeti, olaryň milli we durmuş gymmatlygy, aň-bilim, terbiýeçilik ähmiýeti hormatly Prezidentimiziň çykyşynda aýdyň şöhlelendi. Döwlet Baştutanymyzyň: «Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir» diýip nygtamagynyň diňe bir ösüp gelýän ýaş nesil däl, eýsem, her birimiz üçin örän uly terbiýeçilik ähmiýeti bar.

Ýurdumyzda ylma, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge yzygiderli üns berilýär. Bu barada nygtamak bilen milli Liderimiz öz çykyşynda şeýle belledi: «Bilşimiz ýaly, taryhyň bütin dowamynda ata-babalarymyz ylymdan üzňe ýaşamandyr. Biziň ýaşlarymyz bu gün pederlerimiziň ylym dünýäsindäki beýik açyşlaryna buýsanmaga haklydyr. Şonuň bilen birlikde, olar adamzadyň ylymda hem-de tehnologiýada gazanan üstünliklerini barha düýpli özleşdirýärler. Dördünji senagat rewolýusiýasy eýýamynda ýaşlarymyz innowasion barlaglara işjeň gatnaşmalydyr, täze tehnologiýalary döretmelidir. Dünýäniň ählumumy tehnologik ösüşinden yza galmaly däldir. Siz täze ylmy işleriňiz, düýpli açyşlaryňyz bilen özüňizi öňdebaryjy nesiller hökmünde dünýä tanatmalysyňyz!».

Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar baradaky yzygiderli amala aşyrýan işleriniň netijesinde, häzirki döwürde bilim-ylym ulgamynyň işini dünýäde öňdebaryjy tejribelere laýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýdyň ýollar açyldy. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy edaralaryň döwrebap ulgamy kemala getirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň we ykdysady ylymlaryň doktory, professor, ussat mugallym, alym Arkadagymyzyň umumy sapagynda beýan eden garaýyşlary, ylmy kitaplardyr halk döredijiligine salgylanmalary geljekde düýpli ylmy seljermeleri, işleri geçirmäge mynasypdyr. Çünki şeýle ulgamlaýyn garaýyşlaryň ylmy hem-de okuw-terbiýeçilik ähmiýetini bir makalanyň çäginde beýan etmek mümkin däl.

Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.

Ýagmyr NURYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39540