Halkymyzyň iň söýgüli baýramlarynyň biri — Täze ýyla uly sowgat bolan «Sahawatly söwda» çäresi ýurdumyzyň iri söwda merkezleridir bazarlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. 25-nji dekabrda başlanyp, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli dowam etjek arzanladyşlarda çagalar, erkekler we zenanlar üçin egin-eşikler, çaga oýunjaklary, mekdep harytlary we garyşyk önümler elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär.
Paýtagtymyzyň Täze ýyl öwüşginlerine, şatlyk-şowhuna beslenen ýerleriniň biri-de Tähran köçesiniň ugrundaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezidir. Täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy tamamlanyp barýan ýylyň esasy wakasy, şanly toýlarymyza mynasyp sowgat boldy. Açylanyna entek köp wagt geçmedik hem bolsa, bu merkez paýtagtlylaryň hem-de onuň myhmanlarynyň söýgüsini gazandy. Şu günler onuň her gatynda owadan bezelen arçalarda, Aýazbabanyň daşyna jemlenen çagalarda, ertekileriň gahrymanlarynda nazaryň eglenýär.
«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezine girmänkäň, eýýäm uly ekranlardaky 10 — 50 göterim arzanladyşlar hakynda bildirişlere gözüň düşýär. Onuň içinde hem «Sahawatly söwdanyň» çägindäki arzanladyşlar alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär. 4 gatdan ybarat söwda we dynç alyş merkezinde 250-ä golaý dükan, gipermarket bolup, olardaky harytlardyr önümleriň iki bahasy — öňki hem-de arzanladylan bahalary görkezilen.
Söwda we dynç alyş merkeziniň köpugurlylygy has-da özüne çekijidir. Bu ýere gelýänler bedenterbiýe we medeni-sagaldyş toplumynyň, kafedir fud-kortlaryň, gözellik salonlarydyr dellekhanalaryň, kinoteatrlaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň we beýlekileriň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Şu ýylyň 20-nji dekabryndan öňden bar bolan 8-nji gatnaw ugruna goşmaça 108-nji «Teke bazar — «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi» täze awtobus ugrunyň açylmagy bu ýere gelýänler üçin has-da amatlydyr.
Düýn «Sahawatly söwdanyň» barşy bilen tanyşmak üçin paýtagtymyzyň iň uly marketleriniň biri hasaplanýan «Aşgabat» gipermarketinde bolanymyzda hyzmatlaryň döwrebap guralandygyna göz ýetirdik.
— Bu ýerde önümleriň örän köp dürli görnüşleri hödürlenýär, güllerdir kitaplardan, egin-eşiklerden başlap, azyk önümlerine, öý, hojalyk üçin harytlara çenli saýlamaga uly mümkinçilik bar. Gipermarketde 20 töweregi dürli meşhur brendleriň kiçi dükanlary hem ýerleşýär.
Alyjylar, esasan, gök-bakja, konditer we beýleki azyk önümlerine, Täze ýyl sowgatlyklaryna uly isleg bildirýärler. Baýramçylyk mynasybetli suwlaryň dürli görnüşleriniň, çaýlaryň bahalary hem ep-esli arzanladyldy.
Gipermarketde alyjylara ýokary hilli hyzmat edilýär. Önümler görnüşine görä, aýry-aýry bölümlerde bildirilýän talaplara laýyklykda ýerleşdirilen. Jemi 4 nokatda hasaphanalarymyzyň 15-si işleýär.
Müşderilerimizi höweslendiriş çäreleri hem geçirilýär. 150 manatlyk söwda edenlere «Daýhan sarpasy» haryt nyşanly towuklar arzan bahadan hödürlenýär. Bu towuklar, şeýle-de «Kämil» haryt nyşanly süýt we süýt önümleri, gaplanan nohut, mekge, kömelek, kesilen miweler öz kärhanalarymyzda öndürilýär.
Geljek ýylda «Daýhan sarpasy» haryt nyşany bilen towuk etinden şöhlatlaryň 30-dan gowrak görnüşini öndürmegi göz öňünde tutýarys. Ýakynda onlaýn söwdany ýola goýmagy-da meýilleşdirýäris — diýip, «Aşgabat» gipermarketiniň hünärmeni Mergen Rahmanow gürrüň berdi.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.