Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşlerde uly üstünlikler gazanylýar. Biotehnologiýa, nanotehnologiýa, elektronika, robot tehnologiýalary, emeli aň ýaly ylmyň täze ugurlary barha ösdürilýär. Şular bilen bir hatarda, sebit derejesini ösdürmek we giňeltmek maksady bilen «akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy durmuşa ornaşdyrylýar. Biz muny geljegi uly bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda aýdyň görýäris.
Täze «akylly» ýöriteleşdirmek konsepsiýasy 2009-njy ýylda «Ösüş üçin bilim» bilermenler topary tarapyndan Ýewropa döwletlerinde girizilip başlandy. Bu konsepsiýa sebitde iş orunlaryny döretmek we ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak bilen baglanyşyklydyr. Konsepsiýanyň esasy maksady sebitde bäsdeşlige ukyply ykdysady ugurlary ýüze çykarmak bolup durýar. Bu konsepsiýa dünýäniň birnäçe ösen we ösüp barýan döwletlerinde durmuşa geçirilýär we ýokary netijeler gazanylýar.
«Akylly» ýöriteleşdirmegiň üç we dört halkaly subýektlerden ybarat mazmuny bar. Ilkibaşda diňe üç halkaly ýagdaýda strategiýa düzülenden soň, gözegçiligiň netijesine baglylykda dört halkaly ýagdaýa geçilýär. Üç halkaly bolanda ýokary okuw mekdepleri, telekeçiler we senagatçylar hem-de hökümet ýa-da ýerli häkimiýet edaralary degişli bolup durýar. Ýokary okuw mekdepleriniň esasy ýerine ýetirýän wezipesi bilimiň nazaryýet bilen amalyýet taraplaryny birikdirmek we şonuň ähmiýeti bilen içgin gyzyklanmak, gyzyklanmalardan emele gelen netijelere esaslanyp, ýurduň içinde adam kapitalyny ösdürmek bilen bagly işleri alyp barýar. Adam kapitaly islendik ugurda «start-up» işini alyp barmaga ukyply bolup durýar. Telekeçiler we senagatçylar hem ýurduň içindäki adam kapitalyny netijeli ýagdaýda ulanýar we olaryň öňe çykaran «start-uplaryny» durmuşa geçirilmegine kömek edýär. Ýagny ikitaraplaýyn «gazan-gazan» pikirine eýerilýär. Ýeri gelende bellesek, «gazan-gazan» pikiri ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşygyň iki tarapyň hem peýdasyna işlemegidir.
Bu konsepsiýanyň sebitiň ösüş strategiýasyny düzmekdäki işlere laýyk gelmegi babatda aýtsak, her bir şäherçe, şäher we etrap derejede seljerme işleri geçirilip, her bir sebit üçin aýratyn strategiýalar düzülýär. Bu seljermeler taslamanyň agzalary tarapyndan alty tapgyrda alnyp barylýar. Birinji tapgyr innowasiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek üçin sebitiň mümkinçiliklerini öwrenmek. Bu tapgyrda belli bir sebitiň çäginde ýerleşýän tebigy baýlyklary, zähmet gorlaryny seljeriş işlerini geçirmekden ybaratdyr. Ikinji tapgyr ýygnanan maglumatlary seljermek we zerur faktorlaryny ýüze çykarmakdyr. Üçünji tapgyr sebitiň geljegi barada umumy netijäni emele getirmekdir. Biz toplan maglumatlarymyza görä, sebitimiziň geljekki netijeliligini anyklap bileris. Dördünji tapgyr ylalaşykly syýasy gurluşy döretmek bolup durýar. Bäşinji tapgyr strategik çäreleri amala aşyrmak we olary gözegçilikde saklamakdyr. Altynjy tapgyr bolsa strategiýalary bahalandyrmakdyr.
Aslynda, her bir sebit üçin aýratynlykda strategiýa düzülmeginiň sebäbi bar. Bu şeýle düşündirilýär — dürli sebitleriň biri-birine meňzeş bolmadyk geografik ýerleşişi, ilatyň ýaşaýyş pikiri, demografik aýratynlygy taýdan özboluşly taraplary bar. Munda «akylly» ýöriteleşdirmegiň umumy bir strategiýa bilen dolandyrylmaýandygyny ylmy esasda bilmek bolýar. Aýratynlykda her welaýatyň kiçi çäk bölünişikleriniň mysalynda, esasan, üç pudak (oba hojalygy, senagat we hyzmat pudaklary) boýunça seljeriş işleri geçirilen ýagdaýynda has maksadalaýyk bolmak bilen, täze bilimleriň we innowasiýalaryň esasynda «akylly», energiýa we material tygşytlaýjy, «ýaşyl» we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň esasynda durnukly iş bilen üpjünçiligiň derejesini ýokarlandyrmagyň, ykdysady, durmuş we dolandyryş çäkleriň bilelikdäki işiniň esasynda ykdysady ösüşi gazanmakda uly itergi bolar.
Ýurdumyz uzak ýyllar üçin durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmak boýunça täze wezipeler öňe sürülýär, olar häzirki zaman tehnikalaryny we öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga, innowasion önümçilik gurluşlaryny döretmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge esaslandyrylandyr.
Şu maksatlar üçinem milli maksatnamalar, meýilnamalar, ýurdy mundan beýläk-de ösdürmegiň konsepsiýalary durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň çar künjeginde täze nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň gurulmagy eziz Diýarymyzy ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işleriň rowaçlanýandygyny, ykdysadyýetimiziň kuwwatlanýandygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Arkadag şäheri hem täze döwrüň nusgalyk «akylly» şäheridir. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen desgalaryň hatarynda döwrebap bilim ojaklarynyň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň bolmagy, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesiller hakynda edilýän aladalaryň durmuş ýüzündäki aýdyň beýanydyr.
Göwher BERDIÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň mugallymy.