Ak şäherim — Aşgabat

Ýurdumyzy, Watanymyzy, halkymyzy söýmegiň nusgalyk mekdebini görkezýän milli Liderimiziň her bir başlangyjy ildeşlerimiziň kalbyny buýsanja besleýär. Hormatly Prezidentimiziň gözel paýtagtymyz — ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýuny uludan toýlamak baradaky başlangyjy bolsa, uludan kiçä hemmeleriň buýsanjyny goşalandyrdy.

Aşgabat, ozaly bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, her bir türkmeniň, her bir türkmenistanlynyň ýüreginiň örki bolup durýandygy üçin şeýle derejä mynasyp. Hut şonuň ýaly-da, ol Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiziň binagärlik-döredijilik paýhasynyň miwesi bolan ak mermere beslenen binalary bilen şeýle belent derejä mynasypdyr.

Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan binalarynyň ak mermere beslenenligi bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyz, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ak şäherimizde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara guramalarynyň belent münberlerinden yglan edýän halkara başlangyçlarynyň hem hut Aşgabat şäherinden gözbaş alýandygy biz üçin diýseň buýsançlydyr. Ak şäherimiz Aşgabat — Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň ylham çeşmesi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni, her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek barada Kararnamalary bu gün dünýä halklaryny dostluga, parahatçylykly başlangyçlar esasynda birleşmäge çagyrýar.

Biz gözel paýtagtymyz, ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly toýuny bellemek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny ýürekden goldap, halkymyzy ruhubelentlige, beýik ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimize jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris!

Söýli BARADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/22192