Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalarynyň günsaýyn rowaçlanýandygyna häzirki günlerde ak bazarlarda we dükanlarda giň gerim alýan baýramçylyk söwdalary anyk şaýatlyk edýär. Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän bazarlarda, dükanlarda baýramçylyk söwdalary diýseň gyzyşdy, azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň köp dürli görnüşleri ilata elýeterli bahadan hödürlenýär. Munuň şeýledigine welaýat merkezindäki «Ak bugdaý» bazarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Welaýat Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Änew alyjylar jemgyýetine degişli bolan bu bazar häzir has-da gelim-gidimli. Bazara gelýän alyjylara bereket bolçulygyny alamatlandyrýan, tekjelere bezeg berýän ýokary hilli önümlerdir harytlaryň islän görnüşini satyn almaga giň mümkinçilik bar. Ylaýta-da, medeniýetli hyzmat we nyrhlaryň elýeterliligi alyjylary örän begendirýär. Bazara söwda etmäge gelen bagtyýar ildeşlerimiz bilen özara gürrüňdeşlikde hem bu hakykata göz ýetirdik.
— Bazardaky bereket diýseň begendirýär. Gök-bakja önümleri, ir-iýmişler, etdir süýt önümleri, datly şerbetler, garaz, baýramçylyk saçagyny bezemek üçin bu ýerde ähli zat bar. Özi hem olar örän elýeterli bahadan. Nesip bolsa, maşgala agzalarymyz, agtykdyr çowluklarymyz bilen Täze ýyly garşylarys — diýip, etrabyň Gämi obasynyň ýaşaýjysy Nurýagdy Mommadow aýdýar.
Änew şäheriniň ýaşaýjysy Güljahan Nuryýewa ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
— Geçen anna güni döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde degişli ýolbaşçylara ak bazarlarda we dükanlarda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanlatmak barada görkezme berdi. Hökümetiň şol mejlisine «Watan» habarlar gepleşiginde tomaşa edenimizde, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjymyz has-da artdy. Bu gün berekede beslenen ak bazara aýlananymda daýhanlarymyzyň ýetişdiren gök, bakja önümleriniň, telekeçilerimiz tarapyndan öndürilen dürli harytlaryň elýeterli bahadan alyjylara hödürlenýändigi baýramçylyk şatlygymyzy has-da artdyrdy. Her dürli baýramçylyk arçalarydyr olaryň bezegine niýetlenen harytlar hem ünsümizi çekdi.
Hakykatdan-da, ak bazarlarymyzyň berekedi bu gün has-da artdy. Olarda ildeşlerimize hödürlenýän «Nur», «Bars», «Duýgy», «Kenek», «Tomus» ýaly haryt nyşanly azyk önümleriniň, şol sanda şokoladlaryň, keksleriň, tortlaryň, çörek we çörek, gaplama önümleriň Ak bugdaý etrabynyň özünde, ýerli telekeçiler tarapyndan öndürilýändigi has-da guwandyrýar.
«Ak bugdaý» bazarynda, şeýle-de sebitiň beýleki bazarlarynda şu günler baýramçylyk söwdalarynyň guramaçylykly ýola goýulmagynda welaýat Alyjylar jemgyýetleriň birleşiginiň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek.
Aýdo ŞEKEROW.