Ajaýyp binalary gurup adygan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň 90 göteriminiň ýaşlardygy onuň utuşly taraplarynyň biridir. Çünki ýaşlaryň bar ýerinde güýç bar, gaýrat bar. Olar ýadamagy-ýaltanmagy bilmeýärler. Öwrenmegiň, bilmegiň, gurmagyň, döretmegiň, täze, innowasion usullarda zähmet çekmegiň höwesindäki ýaşlar täzeçe pikirlenip, täze teklipler bilen çykyş edýärler. Saýlap alan hünärine, işine höwesli ýaş össürimleriň häzirki zaman tehnologiýalaryna erk etmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagy üçin ähli şertler bar. Gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmagy maksat edinen kärhanadaky ýaşlar şol mümkinçiliklerden giňden peýdalanýarlar. 

                                                                   

Tejribeli telekeçi Berdimyrat Garlyýewiň ýolbaşçylygyndaky gurluşyk kärhanasy paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda medeni-durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysyny gurup, ulanmaga berdi. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisi, orta mekdepleriň üçüsi, çagalar bagy, medeniýet öýi, köpugurly hassahanalaryň ikisi, sport desgalary toplumy, Halkara karantin merkezi we çagalar dynç alyş seýilgähi hut şu kärhananyň işgärleriniň yhlasly zähmetiniň miweleri. Binagärlik keşbi bilen owazasy dünýä dolan Arkadag şäherinde bu hususy kärhana tarapyndan gurlan desgalar ýokarky sanawyň üstüni ýetirdi. Tejribeli telekeçilere täze şäheriň birinji tapgyrynda dürli maksatly binalaryň ikisiniň we döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň altysynyň gurluşygy ynanyldy. Öz işine ussat hünärmenler Ruslan Seýidowyň, Nurmuhammet Ataýewiň, Durdymyrat Hudaýberdiýewiň, Döwrangeldi Rozyýewiň ýolbaşçylygynda «akylly» şäherde amal edilen düýpli gurluşyklarda işçileriň 2450-ä golaýy agzybir zähmet çekdi. Şeýlelikde, gurluşyk işleri öz wagtynda we ýokary hilli berjaý edilip, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasy, şäher prokuraturasynyň edara binasy ulanmaga berildi. Şäherde kärhananyň gurluşykçylary tarapyndan bina edilen 9 gatly, 54 öýli, 7 gatly, 28 öýli, 5 gatly, 30 öýli ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar döredilendir. «Akylly» öý hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýän ýaşaýyş jaýlaryna «Peýdaly iş» hojalyk jemgyýetiniň hem-de Türkiýe döwletiniň meşhur kompaniýalarynyň häzirki zaman mebelleri ornaşdyryldy.  

                                                                   

— Işçi-hünärmenleriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin gurluşyk serişdeleri, tehnikalar, amatly şertlerdir ýeňillikleriň döredilmegi ilkinji zerurlyklardyr — diýip, «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Berdimyrat Garlyýew gürrüň berýär: — Mümkinçiliklerden peýdalanyp, gurluşyk işleri üçin magdan däl gurluşyk materiallaryny, ýagny çägedir owradylan çagly, çagyl-çäge garyndylaryny Kaka, Gökdepe, Galaýmor kän müdirliklerinden, sementi Lebap, Bäherden sement zawodlaryndan özara baglaşylan şertnama esasynda satyn alýarys. Gurluşyk tehnikalarynyň 60-sy işledilýär. Agdaryjy, suw çekiji tehnikalar, göteriji, diňli kranlar, zynjyrly, ýük ýükleýji ekskawatorlar, beton garyjy enjamlar toplumy we başga-da onlarça tehnikalar gurluşyk işleriniň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär. Işçi-hünärmenler pasyllara görä ýörite egin-eşikler, aýakgaplar, ýatak jaýlary, iýmit bilen yzygiderli üpjün edilýär. Gurluşyklaryň her birinde tehniki howpsuzlyk düzgünleri berk berjaý edilip, şahsy gorag serişdeleriniň peýdalanylyşyna gözegçilik ýola goýuldy.  

                                                                   

Häzirki wagtda alyp barýan gurluşyk desgalarymyz barada aýdanymyzda, Ahal welaýatynyň Bäherden, Mary welaýatynyň Ýolöten, Lebap welaýatynyň Farap etraplaryndaky 960 orunlyk, Seýdi şäherindäki 500 orunlyk, Daşoguz şäherindäki 600 orunlyk orta mekdepleri, şeýle-de Daşoguz şäherindäki 240 orunlyk çagalar bagyny mysal getirip bileris. Aşgabat şäheriniň Parahat — 7 ýaşaýyş jaý toplumyndaky 9 gatly, 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 8-siniň, 9 gatly, 36 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 9-synyň gurluşygy hem bize degişli. Ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga şeýle giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys.  

                                                                   

Hawa, döwrümize gelşik-ýaraşyk berýän belent binalary gurup, il arasynda giňden adygan «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň döredijilikli gözlegleri geljekde-de olaryň tutumly işleriniň sanawynyň artjakdygyna uly ynam döredýär.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».