Ählumumy energetika howpsuzlygy ugrunda

Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgama depginli goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasaty hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orny eýeleýändir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Gaz geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmak zerur bolup durýar» diýen sözleri häzirki wagtda pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň başyny çekýär. Çünki energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry. 

                                                                   

Energiýa islendik ýurduň ykdysadyýetiniň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň işine we ösüşine uly täsir edýär. Şoňa görä-de, nygtap aýtsak, energetikany kadaly ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak ýurt üçin hem, halkara derejede sebitleýin we halkara hyzmatdaşlykda hem möhüm ugurdyr. 

                                                                   

Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazardan döwletimiz energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini nazarlaýan başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, netijede döwletli başlangyçlar giňden goldaw hem tapýar. Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu iri halkara guramanyň başlygy diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara derejede ýokary abraýynyň subutnamasy we döwletimiziň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan nobatdaky oňlanylmasy boldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin onuň meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeler möhümdir. Bu babatda ulgamlaýyn hem-de düýpli guramaçylyk şertlerini döretmegiň usullaryny we özara gatnaşyklaryň syýasy ülňülerini işläp düzmek döwrüň talabydyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýörite düzümi — BMG-niň Energetika geňeşini, şeýle hem energetika howpsuzlygynyň meseleleri boýunça BMG-niň ýanynda bilermenler toparyny döretmegi teklip etdi. 

                                                                   

Türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmak döwrüň talabydyr. Bu babatda TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagynyň sebitiň ykdysady ösüşine itergi berjekdigi ikuçsuzdyr. Bu gaz geçirijiniň sebitde durmuş we ynsanperwer meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bolsa buýsandyryjy hakykatdyr. 

                                                                   

Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyz nebitgaz pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berýär. Şeýle hem nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak ugrunda soňky ýyllarda köp tagallalar edilýär, kuwwatly nebithimiýa we gazhimiýa pudaklary döreýär. Muňa mysal hökmünde Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýa toplumyny, Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan ýokary hilli benzin öndürýän zawodlar toplumyny we köpsanly beýleki iri maýa goýum taslamalaryny görkezmek bolar. 

                                                                   

Nesip bolsa, sanlyja ýyldan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda köpugurly energetika düzümini döretmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar milli, sebit we halkara energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, Ýewraziýa giňişliginde ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat eder. 

                                                                   

Pudagyň üstünligi hormatly Prezidentimiziň paýhasy netijesinde döwletimiziň bu ulgamda täze we netijeli çözgütleri tapmakda işjeň orny eýelemegi hem-de gyzyklanmasy bilen hemişe tapawutlanýan energetika diplomatiýasynyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň, goldanylýandygynyň ajaýyp mysalydyr. Bu üstünlikler, ýeňişler, ösüşler özüniň baý tebigy serişdelerini sebitde we dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermek üçin peýdalanýan Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň döredýän gudratydyr. 

                                                                                                           

Tirkişmyrat DURDYÝEW,

                       

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.