Ählumumy abadançylyga goşant

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýangyç-energetika ulgamynyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Pudagyň işini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, önümçilige kämil tehnologiýalary ornaşdyrmaga we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga toplumlaýyn çemeleşilýär.

Türkmenistan özüniň energetika baýlyklaryny diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmak babatdaky ynsanperwer ýörelgelerini netijeli amala aşyrýar. Şu maksatlardan ugur alnyp, ýangyç-energetika toplumynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň kuwwatyny has-da artdyrmaga, elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge itergi berýär. Ýurdumyzyň energetika syýasaty içerki zerurlyklary bökdençsiz üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtly sarp edijilere elektrik energiýasyny ibermäge gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi möhüm taslamadyr. Şu ýylyň başynda ulanylmaga berlen Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgam ýurdumyzyň energetika kuwwatynyň artýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir. Täze energetika köprüsi türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna uzak möhletli iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi babatda bu ýerde işewür hyzmatdaşlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak üçin hem örän wajypdyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Malaý» gaz käninde kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr bolan täze gaz gysyjy desganyň açylmagy geljekde «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrar. Ol 100 kilometr aralykdan gazy ýokary basyş bilen sorup almaga we gysylandan soňra, ony ýene şonça kilometr uzaklyga iteklemäge ukyplydyr.

Ýokarda hem nygtaýşymyz ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesi, eksport bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine içerki islegleri kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, elektroenergetika we beýleki pudaklaryň okgunly ösýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Begenç GURBANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31476