Agrar syýasat: möhüm özgertmeler, wajyp wezipeler

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisi hem, adatça bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze maksatlar, wezipeler we başlangyçlar bilen tapawutlandy. Bu gezek esasy özgertmeler oba hojalygy bilen bagly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň barşynda aýdyşy ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ony ösdürmek ykdysady binýady pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwür täze wezipeleri, önümçilik bolsa öňdebaryjy tejribeleri we iş usullaryny talap edýär.

Ekologik howpsuzlyk, bäsdeşlige ukyplylyk, eksport mümkinçilikleri — ine, häzirki wagtda ileri tutulýan islendik möhüm ykdysady ugurlaryň okgunly ösüşini üpjün edýän şertler. Ösüş senagat we önümçilik kuwwatlyklary arkaly gazanylýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada gelnen karar oýlanyşykly çözgütdir. Bu özgertme Milli Liderimiziň başyny başlan we täze taryhy döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde önüm öndürijilere mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýär.

Öňki oba hojalyk düzümi öz döwrüniň talabyny ödän hem bolsa, häzirki wagtda bu pudagy, şol sanda tutuş ykdysadyýeti strategik taýdan ösdürmek babatda täze wezipeler öňe çykýar. Şonuň üçin ýurduň ykdysady ösüşiniň meselelerine has giňişleýin çemeleşilýär. Pudaklaryň işine täzeden garalýar, düzedişler girizilýär, eger gerek bolsa, olar düýpli özgerdilýär, has-da kämilleşdirilýär. Munuň özi adaty, tebigy we kanunalaýyk ýagdaýdyr. Özgertmeler döwrüň täze şertlerine uýgunlaşmak hem-de dünýäniň joşgunly, möwçli akymynda öňegidişligi saklap galmak üçin amala aşyrylýar. Türkmenistan uzak hem aýdyň ýola düşdi. Öňde durýan maksatlar kesgitlenildi. Biz diňe şunda döräp biljek päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin öňünden ykjam taýýarlyk görmeli. Bilimizi berk guşamaly. Döwlet Baştutanymyzyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly gol çeken Permanyna geljekde durnukly we asuda «ýüzüşi» dowam etmek üçin bellenilen zerur çäreleriň biri hökmünde garamak bolar.

Türkmenistanyň senagat taýdan ösýän ýurt bolmak bilen bir hatarda, agrar ýurtdugyny hem unutmaly däldiris. Ýer türkmen üçin hemişe ýaran, ekleýji, howandar we dost bolup geldi. Ýer türkmen üçin mukaddeslikdir, ezizdir. Ene topraga wepadarlyk duýgusy arkama-arka nesil yzarlap, şu günlere gelip ýetdi. Toprak — halkyň durmuşynyň baky hemrasy, zähmetiniň manysy, ykbalyny çözüji. Ir döwürlerden bäri zähmetsöýer we merdana pederlerimiz Burkut baba, Haýdar baba, Babadaýhan ýaly pirleri özüne ruhy medetkär edinip, bereketli toprakdan iýjek ýylgallasyny ösdürip ýetişdiripdirler, ene topragy söýgüläp, nakyllaryňdyr paýhasly sözleriň uly toplumyny miras goýupdyrlar: «Sen ýeri har etmeseň, ýer seni hor etmez», «Daýhandan hereket, ýerden bereket», «Ýeri eý gör, eklär», «Ýer aldamazam, aldatmazam», «Azapsyz ýeriň ady ýok», «Çyn baýlyk — ýer», «Dünýä gelseň, ýere in, durup giden yzyň galsyn»... Bu nakyllarda nähili uly parasat hem many bar!

Daýhan diňe erkin hereket etmäge mümkinçilik alanda, erkin ýer eýesi bolanda, özüni ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýýar. Muny ýer we tehnika alyp, önjeýli işleýän häzirki daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri hem tassyklaýar. Ýere yhlasly ýapyşýan daýhanlaryň sany günsaýyn artýar. Olar ata-babalarymyzyň ajaýyp ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýär. Daýhan zähmetiniň we ekerançylygyň medeniýetiniň däpleri ählihalk däplerine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň halky bolelin durmuşda ýaşatmak, ekerançylaryň we maldarlaryň tutumlaryny ilerletmek, oba hojalygyny ýokary galdyrmak, ene topragyň rysgal-berekedini artdyrmak üçin öňe sürýän täze başlangyçlarynyň ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşindäki oba özgertmelerinde gazanylýan tejribä gymmatly goşant bolýandygy gürrüňsizdir. Bu gün Türkmenistan azyk we beýleki zerur harytlar bilen özüni üpjün etmäge ukyply döwletdir. Käbir oba hojalyk önümlerini eksport edýän döwletleriň hataryna-da goşuldyk.

Biz öz-özümizi ekläp bilýäris. 2023-nji ýylda tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy. Bu iňňän ýokary görkezijidir. Özgertmeler geçirilýär. Ýerler paýlanylýar. Gerekli mukdarda bugdaý öndürilýär. Elewatorlar, oba hojalyk kärhanalary gurulýar. Ýöne mümkinçiliklerimiz hernäçe uly bolsa-da, ony artdyrmagyň zerurdygyny hem ýatdan çykarmaýarys. Şonuň üçin oba hojalygynda täze özgertmeleriň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.

Pudakda toplanan tejribeler, hususan-da, toplumy daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekde hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan üstünliklerimiz ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem mynasyp goşant boldy. Munuň aňyrsynda, ozaly bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar. Bol hasyl öndürýän daýhanlaryň alyn deriniň miwesi, gaýratly zähmeti bar. Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat ýurdumyz bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijesidir. Ol bu möhüm ugurda öňde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin işjeň we açyk meýdança boldy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny goldamak, dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna toplumyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak barada döwlet tarapyndan amala aşyrylýan çäreler iňňän uludyr. Tehnikalar daýhanlaryň gyzyldan gymmatly wagtynyň hatda ýekeje minudyny-da ýitirmezligine uly ýardam edýär. Pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhany ykdysady taýdan höweslendirdi. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekilen Karara laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy 2 müň manat möçberinde, pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş nyrhy (hiline we ýygym möwsümine görä) 4 müň 550 manatdan 6 müň 700 manat aralygyndaky möçberlerde bellenildi. Satylýan gallanyň we pagtanyň töleginde-de bökdençlik ýok. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze çözgüdi oba adamlarynyň arasynda uly kanagatlanma döretdi. Daýhana mundan gowy goldaw bolup bilmez.

Başdaky esasy gürrüňimize dolanalyň! Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölüp, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakyndaky Perman 2023-nji ýylyň iýulynda kabul edilipdi. Indi üýtgedip guralan Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we ondan bölünip aýrylan hem-de täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýagny «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Olar obasenagat toplumy bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmäge borçly edildi. Bu meseleler ownuk däl. Birleşikleriň her biri ekerançylyk, bagbançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, azyk, agrotehnika ulgamlarynda aýry-aýrylykda netijeli döwlet dolandyryşyny üpjün etmek, şeýle hem döwrebap ykdysady, maliýe, salgyt we hukuk gurallaryny döretmek, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek boýunça işleri alyp bararlar hem-de berk gözegçilikde saklarlar. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagy we hiliniň gowulandyrylmagy şu wezipeleriň çalt çözülmegine bagly bolup durýar. Başgaça aýdanymyzda, islendik işiň başyna barlanda, oňa täzeçe, döredijilikli çemeleşmek gerek.

Her bir döwletiň oba özgertmeleriniň milli aýratynlyklary bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän oba özgertmeleri hem ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýär, milli ekerançylyk däplerimize daýanýar. Milli Liderimiziň bu özgertmeleriň barşynda geçiren iň wajyp çäreleriniň biri-de gadymy daýhançylyk däplerini dikeltmek, ýerden we suwdan peýdalanmagyň iň täze iş usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem daýhanlaryň ýeňil bolmadyk abyrsyz işinde olara maddy hem-de ruhy taýdan goldaw bermek boldy. Häzir daýhanyň ýere-de, ekine-de ideg edişi düýbünden başgaça. Olar her bir hatarda, her bir otagda, her bir suwarymda, her bir ýygymda öz maşgalasynyň, öz halkynyň rysgal-berekedini görýär. Türkmenistan boýunça däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmekde gazanylýan zähmet ýeňişleri, obalarda hususy haryt we önüm öndürijileriň döremegi, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmete yhlasynyň güýçlenmegi oýlanyşykly we uzakdangörüjilikli ykdysady syýasatyň, oba özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Adamzadyň tutuş taryhynyň dowamynda ýigrimiden gowrak iri oba hojalyk özgertmeleriniň bolup geçendigi aýdylýar. Olaryň her biri belli bir döwletiň içerki şertlerine laýyklykda ýüze çykan hem bolsa, özünde dürli öwüşginli aýratynlyklary jemleýändigi sebäpli, adamzadyň ösüşine goşant goşdy. Sebäbi ol özgertmeleriň tejribesi, derňewi islendik beýleki täzeligiň häsiýetini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Üýtgedilýän we özgerdilýän zatlaryň täsiri uly. Pikirimizi tassyklaýan jümle: «Oba hojalygyndaky özgertmeler ykbal çözüji özgertmelerdir». Muny Gahryman Arkadagymyz aýdypdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk strategiýasy bu jümle barada ýene-de bir gezek çuňňur oýlanmaga iterýär.

Oba hojalygyndaky we agrosenagatdaky özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda 2024-nji ýyl aýgytlaýjy ýyllaryň biri bolar. Özgertmeler agrotehnikany gowulandyrmak hem-de ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni milli daýhançylyk däpleri bilen utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylar. Oba adamlarynyň öz zähmetiniň netijesine gyzyklanma bildirmegi pudagy üstünlikli ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Häzir ekerançylar özleriniň ýeňil bolmadyk işine wagtynda mynasyp baha beriljekdigine ynanýarlar. Adamyň, onda-da ýer bilen günüň-gününe iş salyşýan adamyň gurluşy şeýle. Bu isleg kanagatlandyrylýar. Milli Liderimiz welaýatlara iş saparynyň barşynda daýhan hojalyklaryna aýlanyp görüp, oba adamlarynyň ýaşaýyş we durmuş şertleri, ýagdaýy bilen içgin tanyşýar, pikirlerini, haýyşlaryny diňleýär. Olary peýdaly maslahatlar bilen goldaýar.

Bu asylly däp hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşyny öz gözegçiliginde saklaýar. Welaýatlarda iş saparynda bolanda, galla oragynyň guralyşy bilen jikme-jik tanyşýar, daýhanlary mähirli sözler bilen ruhlandyrýar. Mahlasy, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba ýerlerine barmagy zähmetkeşleriň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrülýär. Daýhanlar hormatly Prezidentimiziň obany özgertmek baradaky oýlanyşykly döwlet syýasatyny ynam we yhlas bilen durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Özleri barada edilýän aladanyň hem-de döwrebap özgertmeleriň ygtybarly we netijeli taraplaryny görýärler. Özi-de ony hut öz iş tejribelerinde duýýarlar.

Oraz ABDYÝEW.

«Türkmenistan».