Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda ýurduň intellektual serişdelerini hem-de adam maýasyny netijeli peýdalanmak uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi uzak möhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda hem bu ugra aýratyn orun berilýär.
Uzak ýyllaryň dowamynda dünýä belli ykdysatçylary gyzyklandyryp gelýän iň möhüm meseleleriň biri-de ykdysady ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüniň nämede jemlenýändigini kesgitlemek bilen baglanyşyklydyr. Bu babatda zähmet bölünişigi, girdejiniň we maýanyň artmagy, maýa goýumlaryň özleşdirilmegi, esasy önümçilik serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, tehnikalaryň kämilleşdirilmegi ýaly köp sanly şertleriň ähmiýeti baradaky pikirler orta atylsa-da, uzak wagtyň dowamynda adam maýasynyň ähmiýetine ýeterlik üns çekilmändir. Dünýä tejribesi has ösen döwletleriň bir topary üçin durmuş-ykdysady ösüşiň umumy kanunalaýyklyklarynyň bardygyny görkezýär. Ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlary tapawutlandyrýan aýratynlyk önümçilik we sarp ediş gatnaşyklarynyň merkezinde adamyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu günki gün aýratyn alnan guramanyň ýa-da tutuş jemgyýetiň ösüş depginini we derejesini hut adam maýasy kesgitleýär diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şu nukdaýnazardan, esasy önümçilik serişdeleri ykdysady ösüşiň ikinji derejeli şertine öwrülýär. Ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegi, esasan, ilatyň umumy bilim derejesine we hünär taýýarlygynyň kämilligine bagly bolýar.
Bilim we tejribe adam maýasynyň göwrümini giňeldýär, saglygy goraýyş adamyň ukyp-başarnyklaryny netijeli peýdalanmagyň möhletini artdyrýar. Adam maýasynyň kemala gelmegi hem-ä şahsyň özünden, hemem tutuş jemgyýetden görnetin tagallalary talap edýär. Aýratyn alnan şahs üçin adam maýasyny ösdürmegiň ähmiýeti onuň hemişelik girdejisiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Ösen döwletleriň mysalynda adamyň bilim derejesi bilen bütin ömrüniň dowamynda gazanýan girdejisiniň arasynda gönümel baglanyşygyň bardygyny görmek bolýar. Emma milli ykdysadyýet derejesinde adam maýasyny ösdürmegiň peýdasyny kesgitlemek biraz çylşyrymlydyr. Çünki raýatlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň, saglyk ýagdaýyna täsir edýän durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynyň netijesini anyk kesgitlemek diňe uzak wagtdan mümkin bolýar.
Adam maýasynyň ähmiýeti ykdysady ösüşiň nusgalary baradaky garaýyşlarda hem orun alýar. Ykdysatçylaryň bir bölegi ýurduň umumy girdejisinde adam maýasynyň paýyny 30-dan 50 göterime çenli möçberde kesgitleýär. Şeýle hem alymlar adam maýasynyň toplanmagynyň esasy şertiniň iş tejribesinde kämilleşmek bilen baglanyşyklydygy baradaky pikiri öňe sürýär. Bu garaýşa laýyklykda, adam maýasy, esasan, önümçiligiň kesgitli bir ugrunda zähmet çekilen wagtynda ýokarlanýar. Önüm näçe köp öndürilse, hünärmenleriň we işçileriň tejribesi şonça artýar. Şunuň bilen birlikde, şol ugurda açyşlardyr oýlap tapyşlar köpelýär. Şunda döwlet iş tejribesinde kämilleşen ussat hünärmenleriň hasabyna ozal bar bolan artykmaçlygyny has-da berkidýär. Bu hakykaty Hytaý, Hindistan ýaly haryt önümçiliginiň ösen ýurtlarynda tehniki öňegidişligiň we işçileriň hünär derejesiniň ýokarlanýandygy hem tassyklaýar. Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Singapur ýaly döwletleriň tebigy baýlyklarynyň çäklidigine garamazdan, ýokary hünär derejeli hem-de tertip-düzgünli işçi güýjüniň hasabyna ykdysady ösüşde uly öňegidişlik gazanandygy hem adam maýasynyň ähmiýetini görkezýär.
Ykdysadyýetde önümçiligiň artmagyna gönümel täsir etmekden başga-da, adam maýasynyň ösdürilmegi durmuş we medeni ulgamlarda oňyn netije gazanmaga kömek edýär. Ýokary bilimli, sowatly raýatlar ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna, haýyr-sahawat işlerine has işjeň gatnaşýar. Giň dünýägaraýyşly adamlar jemgyýetiň ruhy galkynyşyna goşant goşýar. Adamlaryň durmuş şertleriniň gowulanmagy we medeni derejesiniň ýokarlanmagy jemgyýetde abadançylygy we adalaty üpjün etmäge gönükdirilýän harajatlaryň tygşytlanylmagy arkaly ykdysadyýete oňyn täsirini ýetirýär.
Ylmy we tehnologik bilimleriň ykdysady ösüşde möhüm orun eýeleýändigi bu gün bilermenleriň ählisi tarapyndan ykrar edilýär. Alymlaryň we inženerleriň bilim-başarnyklary täze bilimleriň, innowasiýalaryň döremegine ýardam edýär. Ýokary hünär derejeli işçiler bolsa täzeçillikleriň durmuşa ornaşdyrylmagyna, tejribede peýdalanylmagyna mümkinçilik berýär. Bilimleriň we tehnologiýalaryň ösüşinden tutuş jemgyýet peýdalanyp bilýär. Hut şoňa görä-de, häzirki döwürde ösüp barýan ýurtlarda döwlet býujetiniň 15-den 30 göterimine çenli ylym-bilim ulgamyna gönükdirilýär. Şol bir wagtyň özünde-de, bilimleriň diňe tejribä ornaşdyrylan ýagdaýynda peýda berýändigini hem ýatdan çykarmaly däl. Şoňa görä-de, adam maýasynyň durmuşa geçirilmegi üçin netijeli we sazlaşykly zähmet bazarynyň döredilmegi zerurdyr. Diýmek, bilimleri we başarnyklary önümçilikde ýa-da hyzmatlar ulgamynda durmuşa geçirmäge mümkinçilik bolan ýagdaýynda adam maýasy döwlete we jemgyýete peýda getirýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam maýasyny ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» adam maýasy ykdysadyýetiň esasy düzüm bölekleriniň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şunuň bilen baglylykda, adam maýasyny ösdürmek, onuň intellektual derejesini ýokarlandyrmak esasy strategik wezipelere degişli edilýär. Şol wezipeleri berjaý etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýurduň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalanmagyna ýardam berýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň kämil ulgamyny döretmek, adam maýasynyň hil häsiýetlerini ýokarlandyrmak, milli ykdysadyýetiň hemme pudaklaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň bilim hem ruhy taýdan kämilleşmegine ýardam bermek esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Şeýle-de ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, bu ugurlara düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän ykdysady özgertmeler döwletimiziň we jemgyýetimiziň okgunly ösmegine giň ýol açýar.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.