Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynyň barşynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyny geçirmek maksady bilen, amerikan telekeçileriniň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen myhmany mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz nobatdaky işewürler gepleşikleriniň üstünlikli geçmegini hem-de özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmagy arzuw etdi.
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýändiklerini nygtap, geçen ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Işewürleriň arasynda söwda, maýa goýum we beýleki ugurlarda özara hereketleriň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berip, häzirki wagtda biz Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köp ýyllaryň dowamynda uly işleri alyp barýan «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň eýeleýän uly orny aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň çäklerinde işewürler geňeşiniň agzalary bolan, türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýän iri amerikan kompaniýalary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge çemeleşmeler beýan edildi. Myhmanyň belleýşi ýaly, açylýan mümkinçilikler, bilelikde üstünlikli işlemegiň köpýyllyk tejribesi hem-de ýurtda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýlary nazara alnyp, Türkmenistanda amala aşyrylýan täze taslamalara gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalaryň sany yzygiderli artýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory hökmünde alyp barýan netijeli işleri üçin Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saglyk, rowaçlyk, mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.