Abadançylygyň ýoly bilen

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem jemgyýetçilik, döredijilik işgärleri, alymlar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň 18-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada aýdyp, ähli il-ulsumyzy ýene bir gezek tüýs ýürekden begendirdi. Täze kitap Gahryman Arkadagymyzyň goşgulary bilen başlanyp, çykyşlaryny, interwýularyny özünde jemleýär. Bu bolsa gymmatly eseriň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, milli Liderimiziň bu eserinde daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym ýaly ugurlardaky garaýyşlar bilen birlikde, ýurdumyzy geljekde gülledip ösdürmek boýunça gymmatly teklipler hem öňe sürülýär. Bularyň ählisiniň, ilki bilen, kitabyň adynda öz aýdyň beýanyny tapandygyny bellemek gerek. Halkymyz «abadançylyk» sözüne aýratyn sarpa goýýar. Adamlar bir-birine dileg edende hem: «Öýüňiz abadan bolsun!» diýýär. Ýurt derejesindäki abadançylyk bolsa belent maksatlara ýetmegiň özenidir. Bu günki gün ýurdumyzyň gülläp ösüşlerini her bir ulgamda görmek bolýar. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň ýakynda Garagumda sport awtoulagynda geçen ýoly hem ýene bir gezek görkezdi. Bu ýerde özboluşly sazlaşygy görmek bolýar, munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň nusgasyny görkezmek bilen birlikde, özüniň ýokary ekologik derejesini saklaýan Garaguma milli Liderimiziň nobatdaky syýahaty boldy. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ekologiýa meselesine, şol sanda Garagumda geçirilýän işleri tebigat bilen sazlaşykly amala aşyrmaga aýratyn üns berýär. Däbe öwrülen şeýle gezelençleriň dowamynda hormatly Prezidentimiz Garagumuň sahy-sahawatly topragynyň täsin taraplaryna ünsi çekýär. Şeýle täsinlikler bu ýerde isledigiňçe bar. Gahryman Arkadagymyz tebigatymyza, milli gymmatlyklarymyza, medeni mirasymyza aýratyn sarpa goýýar.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, abadançylyk, ilkinji nobatda, öz öýüňden başlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi her ojaga, her öýe, her birimize egsilmez bagt paýlaýar. Munuň şeýledigini halkymyza gurlup berilýän döwrebap, daş-töweregi abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlaryndan, bakja-baglardan, ak mekdeplerden hem görmek bolýar. Golaýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde halkymyzyň durmuşyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzy gülledip ösdürmek bilen bagly «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» tassyklanmagy hem döwletimiziň abadançylygynyň, halkymyzyň eşretli ýaşaýşynyň geljekki röwşen gadamlarynyň aýdyň beýanyny özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynda daşary syýasat meselelerine uly ähmiýet berilýär. Hut şunuň bilen baglanyşykly aýdanymyzda hem ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Golaýda milli Liderimiziň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagy munuň şeýlediginiň nobatdaky güwäsidir. Çykyş edenler hormatly Prezidentimizi şeýle sylagyň gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem Diýarymyz batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Ähli ösüşlerimiziň ýurdumyzy abadançylygyň röwşen gadamlary bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ady bilen berk baglanyşyklydygyny çykyş edenler buýsanç bilen bellediler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Aýjemal OMAROWA.

«Türkmenistan».