Abadançylygyň gözbaşy

Daşky gurşawy goramak meselesi ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna ilatyň elektrik energiýasyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy wajyp ähmiýete eýedir. Alternatiw energetikanyň mümkinçiliklerini doly peýdalanyp, elektrik energiýasynyň öndürilmegi daşky gurşawa zyňylýan zyýanly gazlaryň mukdarynyň azalmagyna alyp barýar. Şonuň bilen birlikde, döwletimiziň elektrik energetika ulgamyny durnukly ösdürmegi üpjün etmek, munuň üçin ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň energiýa üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek zerurdyr. Şeýle-de, energiýanyň daşky gurşawa zyýansyz, gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak wajypdyr. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýasy» kabul edildi. Şolardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýurdumyz birnäçe abraýly halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy alyp barýar. Degişli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň mümkinçilikleriniň has-da giňeldilmegi, ýagny bu ugurda dünýä tejribesini özleşdirip, Diýarymyzyň her bir künjeginde «ýaşyl tehnologiýalary» ornaşdyrmak boýunça ylmy-barlaglaryň, innowasion tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylmagy we önümçilige ornaşdyrylmagy möhümdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň belent tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň, kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň we ýerine ýetirilýän ylmy-barlaglaryň, täze innowasiýalaryň, oýlap-tapyşlaryň, taslamalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň özeninde daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, şonuň netijesinde hem, ilatyň saglygyny dikeltmek, tebigy baýlyklary aýap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak, öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmek, ýurduň ykdysady binýadyny berkitmek ýaly derwaýys meseleleriň oňyn çözgüdi durandyr.

Mämmetgurban HOJALYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň tehniki işgäri.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38963